Saparmyrat Nyýazow Ataýewiç: 19.02.1940 - 21.12.2006

0 ses
173
Awtor: (Talyp) | Kategoriýa: Biýografiýa | 21.12.2017 07:08 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#104)
Saparmyrat Ataýewiç Nyýazow 1940-njy ýylyň 19-njy fewralynda Aşgabat etrabynyň Gypjak obasynda doguldy. Milleti türkmen. Kakasy Atamyrat II Jahan urşunda Kawkaz söweşleriniň birinde wepat bolýar. 35 ýaşly ejesi Gurbansoltan, doganlary 10 ýaşly Muhammetmyrat we 6 ýaşly Nyýazmyrat 1948-nji ýylyň Aşgabat ýer titremesinde şehit bolýarlar. Bu maşgaladan diňe 8 ýaşly Saparmyrat aman galýar. Ony garyndaşy Gurbanmyrat aga ýygnayar. Ona ene terbiýesini berýär.
Ol Aşgabatdaky 20-nji orta mekdebi tapawutlanyp tamamlaýar. Zähmet ýoluna 1959-njy ýylda başlady.
Ýokary bilimi 1963-1967-nji ýyllarda Leningrad Politehniki institutynda alýar.
Okuwyny tamamlap Büzmeyin GRES-inde inzener ussasy bolup işe başlaýar. 1970-nji ýyldan 1985-nji ýyla çenli partiýa we sowet organlarynda jogapkärli wezipelerde işledi.
1980-nji ýylda Aşgabat şäher komitetiniň birinji sekreatarylygyna saýlanýar.
1985-nji ýylda ol Türkmenistan Ministrler Sowetiniň Başlyklygyna bellendi, şol ýylyň dekabrynda bolsa Türkmenistan Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň plenumynda Türkmenistanyň Kommunistik Partiýasynyň Merkez Komitetiniň birinji sekretarlygyna saýlanyp Türkmenistanyň Hökümetiniň başyna geçyär.
1990-njy ýylyň 27-nji oktyabrynda ählihalk saýlawlary netijesinde ol Türkmenistan Sowet Sosiýalis respublikasynyň prezidentligine saýlandy. 1991-nji ýylyň maýynda Dünyä türkmenleriniň gumanitar birleşiginiň prezidentligine saýlanyldy.
1991-nji ýylyň 27-nji oktýabryndaky referendum bilen Türkmenistan Garaşsyzlygyny yglan edyär we Saparmyrat Nyýazow Garaşsyz Türkmenistanyň ilkinji prezidenti saýlanýar.
1992-nji ýylyň 2-nji martynda onuň ýolbaşçylygynda Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyn agzasy bolýar.
1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda onuň ýolbaşçylygynda Türkmenistan özüniň pul birligini (MANAT) çykarýar.
1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda onuň ýolbaşçylygynda Türkmenistan Bitarap döwlet hökmünde BMG tarapyndan ykrar edilyär.
Saparmyrat Nyýazow ykdysady we syýasy ylymlaryň doktory, professor, Türkmenistan Ylymlar Akademiyasynyň akademigidir. Halklaryň arasyndaky dostlugy we parahatçylygy pugtalandyrmakda bitiren hyzmatlary göz ňňünde tutulyp, S.A.Nyýazowa birnäçe abraýly halkara baýraklary berildi. Saparmyrat Nyýazow Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň birinji laureatydyr. Ol Türkmenistanyň iň ýokary tapawutlandyryş derejesi bolan Türkmenistanyň Gahrymany diýen hormatly adyň we “Altyn Aý” medalynyň üç gezek eýesidir (Türkmenistanyň Garaşsyzlygy, Türkmenistanyň Bitaraplygy we Türkmenistanyň bugdaý garaşsyzlygy üçin berildi).
1995-nji ýylyň ýanwarynda geçirilen ählihalk referendumynda türkmen halky nobatdaky saýlawlary geçirmezden Prezidentiň ygtyyarlyklaryny ikinji möhlete uzaltdy we oňa Türkmenleriň başy diýlen "Türkmenbaşy" adalgasy berildi.
1999-njy ýylyň dekabrynda bolan Halk Maslahatynyň, Milli Galkynyş hereketiniň we Ýaşulular maslahatynyň bilelikdäki Mejlisi Saparmyrat Türkmenbaşyny Türkmenistanyň ömürlik Prezidenti diýip yglan etdi.
Nyýazow 2006-njy ýylyň dekabr aýynyň 21-ne ýüregi durup tarpa taýyn aramyzdan gitmeli boldy. Ol Gypjakdaky Ruhy Metjitde jaýlanan, ýatan ýeri ýagty bolsun.
Ýazan kitaplarynyň sanawy: Ruhnama, Ruhnamanyň ikinji kitaby, Meniň ruhybelentlik baharym, Türkmenistan bagtym meniň, Türkmeniň bäş eýýamynyň ruhy, Mähribanlarym we Türkmen ilim aman bolsun.

Bu Entryni Paýlaş !

  1. Alexsandra (2 oçko)
  2. Aysa (1 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...