Hoş geldiň täze ýyl 2018 - hoş gal 2017

0 ses
179
Awtor: (Wasýok) | Kategoriýa: Habarlar | 01.01.2018 13:32 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#111)
TDH döwlet habar gullugynyň habar bermegine görä, Türkmenistanda Täze ýyl dabaraly konsertler we baýramçylyk çäreleri bilen garşy alyndy.
Dabaranyň merkezi Aşgabatdaky “Älem” meýdançasy boldy. Beýleki şäherleriň merkezi meýdançalarynda hem täze ýyl dabaralary geçirildi we baýramçylyga býujet edaralarynyň işgärleri, studentler we ýokary klas okuwçylary mejbury gatnaşdyryldy.
Paýtagda Täze ýyl arçasynyň başynda ministrler, emeldarlar, deputatlar we ilçihinalaryň işgärleri hem ýygnandylar.
TDH-nyň ýazmagyna görä, “Aşgabatdaky täze ýyl dabarasyna, teleköpriniň kömegi bilen, bir-biriniň yzyndan regionlar hem goşuldy. Şu gün welaýatlaryň adminstratiw merkezlerindäki meýdançalarda hem, estrada aýdymçylarynyň we döredijilik toparlarynyň, köp sanly tomaşaçylaryň gatnaşmagynda kaşaň baýramçylyk dabaralary ýaýbaňlandyryldy. Tomaşaçylaryň arasynda ýaşulular we ýaşlar, ak saçly eneler, oba ýaşaýjylary we çagalar hem bar.”
“Ähli watandaşlarymyzyň adyndan ýadawsyz tagallasy we Watanymyza gulluk etmegiň nusgalyk göreldesi, öz Lideriniň daşynda jemlenen halkymyzyň bagtyýarlygy ugrunda yzygiderli alada edýän hormatly Prezidentimize çuňňur hoşallyk bildirildi” – diýip, TDH ýazýar.
Täze ýyl agşamynda, ýarygijeden birnäçe minut öň ýynananlaryň öňünde telekranda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2017-nji ýylyň jemlerini jemleýän we “ägirt uly üstünlikler, ýurduň ilatynyň abadançylygy üçin edilen işler” baradaky gürrüňi eşitdirildi.

ÇEŞME: Türkmenistanyň Hronikasy

Bu Entryni Paýlaş !

  1. Alexsandra (2 oçko)
  2. Aysa (1 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...