Dollaryň “gara bazar” kursy resmi kursdan eýýäm üç esseden gowrak gymmatlady

+2 ses
221
Awtor: (Magistr) | Kategoriýa: Habarlar | 15.01.2018 03:23 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#113)
Aşgabatda ABŞ-nyň dollarynyň “gara bazar” kursy 11,0-11,3 manada çenli ýokarlandy.

Amerikan walýutasy soňky gezek 2017-nji ýylyň dekabrynda rekord derejede gymmatlady, şonda “gara bazarda” 1 ABŞ dollaryny 10,4 manada satyn alyp bolýardy. Dollaryň resmi kursy ozalkylary ýaly, $1 – 3,5 manat bolmagynda galýar.

Şunuň bilen baglylykda, “Türkmenistanyň Hronikasynyň” redaksiýasyna daşary ýurtlarda dowam edýän pul nagtlaşdyrmak kynçylyklary barada maglumatlar gelip gowuşýar. Belki-de şu faktyň özi hem dollaryň kursunyň ýokarlanmagyna sebäp bolandyr.

Gelýän maglumatlardan (hat awtoryň ýazyşy ýaly getirilýär):

“Täze ýyldan studentlere $1000 iberip boljagyny wada berdiler, emma fakt boýunça hiç zat we biz öz kartymyzdaky pullary hem kynlyk bilen çekýäris”.

“Näme üçin biz öz gazanan pullarymyzy çekip bilmeýäris, hökümet bolsa bu barada dymýar? Siz we siziň guramaňyz hökümet bilen bu barada hiç hili gürleşip bilmeýärmi? Olar näme üçin halky beýle köseýärler?”

“Tapgyr birnäçe gün bäri pul çekip bolmaýar, ýogsa bankda günde 50 dollardan çekip bolýar diýýärler. Eger puluňy bir gün alyp bolsa, indiki gezek diňe birnäçe günden alyp bolýar, galan wagtlar baglanýar. nagt däl pul meselesinde hem şol bir problema”.

“Iki hepdede 150$ nagt pul çekdim. Bankomatyň başynda her gün durdyk, emma şondan soň bolmady. 3 gezek $50-den pul çekdik. Magazinde diňe bir gezek 80 dollarlyk hasaplaşyk geçirip bildik”.

“Meniň pul geçirmek meseläm örän ýiti dur. Näme üçin men garyndaş däl adamlara pul geçirip bilmeýärin? Näme üçin şol bir meňzeş familiýa bolmaly? Mesele şunda, meniň enem keselledi, men onuň bejergisi üçin pul geçirip bilmeýärin (ol häzir reanimasiýada). Men onuň jorasyna pul geçirjek bolýaryn, emma enemiň jorasy maňa banka barandygyny, emma özüne hiç hili pul alyp bilmejegini aýdandyklaryny gürrüň berdi. Bu nähili eden-etdilik? Ahyrynda men aeroporta gidip, Aşgabada gidýän adamlardan eneme pul eltmeklerini soramaga mejbur boldum”.

ÇEŞME: TÜRTKMENİSTANYN HRONİKASY

8 Teswir

+1 ses
Awtor: (Talyp) | 19.03.2026 13:33 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#391)
Dollaryň “gara bazar” kursunyň resmi kursdan düýpli tapawutlanmagy we nagt pul çekmekde ýüze çykýan kynçylyklar Türkmenistandaky ykdysady ýagdaýyň häzirki pursatdaky iň çylşyrymly meselesi. Şu wagt +20 manat.
+1 ses
Awtor: (Talyp) | 19.03.2026 14:07 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#394)
Nazaroff, ýagdaý gynandyryjy, adamlar gaty kynçylyk çekýärler. Daşary ýurtda okap ýören talyplaryň ýagdaýy bizar etdi, bu ýagdaý haçan gowulaşarka?
+1 ses
Awtor: (Talyp) | 22.03.2026 08:45 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#658)
Nazaroff dogry aýdýarsyň, ýagdaý barha kynlaşýar. Daşary ýurtda okaýan talyplara we hassalara gaty kyn düşýär, bu ýagdaý haçan düzeler öýdýärsiňiz?
0 ses
Awtor: (Talyp) | 04.04.2026 08:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1795)
Bu ýagdaýa nireden çykalgany taparys, hiç düşünenok. Daşary ýurtda okaýanlar üçin hem ýagdaý örän kynlaşdy, ýöne hiç kim dymyp oturanokmyka diýýärin.
+2 ses
Awtor: (Magistr) | 05.04.2026 11:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1900)
nazaroff dogry aydyanyn, yagday gaty kynlasdy. Daşary yurtdaky talyplar we hossaralar üçin bu yagday hakyky betbagtcylyk boldy, bizem indi näme etjegimizi bilemizok.
0 ses
Awtor: (Talyp) | 08.04.2026 10:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2145)
Bu ýagdaýa hakykatdan hem gynanýaryn, sebäbi näçe kynçylyk çekýändigimizi özümiz bilýäris. Näme üçin halkymyzyň öz puluny almagy üçin şeýle kyn ýollar bilen gitmeli bolýarkak?
0 ses
Awtor: (Talyp) | 11.04.2026 17:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2435)
Ýagdaý gün saýyn kynlaşýar, adamlaryň ýagdaýyna içim ýanýar. Bizem bankomatlaryň başynda nobata durup, ýadadyk, niräri-beri gidişler hem çylşyrymly boldy.
0 ses
Awtor: (Talyp) | 14.04.2026 03:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2653)
Ýagdaý gün saýyn kynlaşýar, garyndaşlarymyz üçin näme etjegimizi bilemizok. Hakykatdan hem, bu ýagdaýa haçan çykalga tapylar ýa-da haçan oňyn üýtgeşiklik bolarka?

Bu Entryni Paýlaş !

  1. nazaroff (544 oçko)
  2. semiz-we-aynekli (321 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...