Polimex kompaniýanyň başlygy Türkmenistany terk etdi

0 ses
120
Awtor: (Talyp) | Kategoriýa: Habarlar | 27.02.2018 05:32 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#123)
Türkiýäniň “Polimex” gurluşyk kompaniýasy Aşgabat-Türkmenbaşy arasynda türkmen hökümeti bilen baglaşylan şertnama esasynda gurýan ýokary tizlikli we tölegli ýolunyň gurluşygynda alyp barýan işlerini bes etdi. Sebäbi Türkmen häkimiýetleri Türk kompaniýasynyň başlygy Erol Tabança bu ýoly kompaniýanyň öz maliýe hasabyna gurmagy we soňra täze ýoluň geljekde getirjek girdejileri bilen firmanyň eden harajtlaryny ýuwaş ýuwaşdan tölenmegini teklip etdiler.
Emma Polimex bu teklibi 3 sebäpten ötrin kabul etmedi. Birinjisi, edilen harajatlaryň gelejekdäki girdeýjiler bilen haçan doly yza ödejekdigi kesgitlemek kynş belki 5 yýl, belki 10 yýl, belki de hiç. Ikinjisi, Polimex we beýleki köp sanly gurluşyk firmalar türkmen tarapyndan bireýýäm eden işleri we tabşyran desgalary üçin hem özlerine düşýän pullaryny Türkmenistandaky ykdysady we dollar krizis sebäpli doly alyp bilmediler. Hususan-da olar Aşgabatda gurlan täze aeroport we Aziada-2017-ä gabatlap guran desgalary babatda doly hasaplaşyp bilmediler.
Erol Tabança maliýe kynçylyklary bilen baglylykda türkmen tarapy bilen hyzmatdaşlygy bes etmek we ýurdy terk etmek kararyna geldi.
Türk kompaniýasynyň başlygynyň hususy uçary dekabryň aýagynda Aşgabat aeroportunda saklandy. Türkmen häkimiýetleri, baglaşan şertnamalaryny ýerine ýetirmän, ýurtdan gaçyp gitmekde aýyplap, Tabançanyň uçup gitmeginiň öňüni almaga çalyşdylar. Tabançanyň janpenalary bilen türkmen tarapynyň wekilleriniň arasynda ýakalaşma çenli barlyp ýetildi. Diňe Aşgabadyň häkimi Şamuhammet Durdylyýewiň gatyşmagy we Tabançanyň ýakyn wagtda dolanyp gelip, ähli meseläni çözmegi wada bermegi dartgynlyklaryň gowşamagyna hem-de “Polimex” kompaniýasynyň başlygynyň Türkmenistandan çykyp bilmegine ýol açdy.
Beren wadalaryna garamazdan, Tabança yzyna gelmedi we Türkmenistan bilen arada dörän meseleleri çözmegi öz orunbasary Abdullah Gözenere tabşyrdy. Emma Gözener hem bu wezipäni ýerine ýetirmegi başarmady we, problemalary seljermegi Erol Tabançanyň dogany Guwene (Guwen Tabança) tabşyryp, ýanwarda ýurdy terk etdi. Güwen Tabança bolsa Türkmenistany fewralda terk etdi.
Sözi edilen bu awtobanyň gurluşygynyň başlanýandygy baradaky habarlar türkmen metbugatynda 2017-nji ýylyň oktýabr aýynyň başynda çap edildi.
Ýol gurluşygynyň işleri Aşgabat-Owadandepe uçatogynda, Gökdepeden uzak bolmadyk Garry käriz we Goç obalarynyň golaýynda başlandy. Bereketde (ozalky Gazanjyk) edara jaýynyň gurluşygyna başladylar. Soňky wagtlarda, hünärmenleriň pikirine görä, işler ýoluň iň kyn böleklerinde, Owadandepeden günbatara öwrülýän ýerinde alnyp baryldy. Bu ýerde ýoluň 60 kilometre golaýy gumuň içinden çekilmelidi.
Häzir ähli iş togtadyldy. Işçiler iş ýerlerini terk etdiler. Ýoluň iş alnyp barlan ýerleriniň her bölegine türkmen we türk taraplaryndan gurluşyk tehnikasyny we kömekçi jaýlary goramak üçin bir wekil galdyryldy.

Bu Entryni Paýlaş !

    Baýraklar
    • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
    • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
    • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
    ...