Mekdeplerde “Soňky jaň” baýramy mynasybetli dabaralar geçirildi

0 ses
44
Awtor: (Talyp) | Kategoriýa: Habarlar | 28.05.2018 05:16 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#135)
Şu gün ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň uçurymlary üçin soňky jaň ýaňlandy we okuw ýylynyň tamamlanmagyna bagyşlanan dabaraly çäreler geçirildi.
Şu gün mekdebi tamamlap, özbaşdak durmuş ýoluna gadam goýýan ýetginjekleriň we gyzlaryň 85 müňden gowragy üçin has-da dabaraly hem-de tolgundyryjy boldy. Olar mekdep ýyllarynyň dowamynda dünýägaraýşyny giňeltmek, häzirki zaman ylmynyň gazananlaryny özleşdirmek üçin ygtybarly binýady emele getiren köptaraply bilim aldylar. Olaryň hatarynda sport bäsleşiklerinde we dürli dersler boýunça geçirilen olimpiadalarda ýeňiji bolanlar, döredijilik bäsleşiklerine, çeper höwesjeňleriň gözden geçirilişine gatnaşyp, öz mekdepleriniň abraýyny goran okuwçylar bar.
Şu ýylky uçurymlaryň köpüsi geljekki hünärini kesgitlemegi başardylar. Olaryň öňünde giň ýollar açyldy, ilkinji nobatda bolsa, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bolşy ýaly, daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde bilimlerini dowam etmäge bolan ägirt uly mümkinçilikler döredi.
“Soňky jaň” dabaralarynyň öňüsyrasynda paýtagtymyzda Çagalar we ýetginjekler köşgünde umumybilim berýän orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda üç tapgyrda geçirilen “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” döredijilik bäsleşiginiň jemleri jemlenildi. Mekdep okuwçylary dürli ugurlar, şol sanda şygryýet we labyzly goşgy okamak, şekillendiriş we amaly-haşam sungaty, el işleri, taryhy ýadygärlikleriň görnüşini dikeltmek boýunça öz zehinlerini görkezdiler. Ýaş zehinler öz döredijilik işleri üçin mowzuklary we ýörelgeleri döwlet Baştutanymyzyň gadymy kerwen ýoluna bagyşlan manyly eserinden susup aldylar.
“Soňky jaň” diňe bir mekdep baýramçylygy bolman, eýsem, ol täze tolgundyryjy tapgyrlar bolup, hemme zat şu pursatdan başlanýar. Özbaşdak durmuşyň öňüsyrasynda mekdebi tamamlaýan ýaşlaryň arzuwlary öz ýurduňa peýdaly nesiller bolmak, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň okgunly ösüşine mynasyp goşant goşmak hem-de onuň kuwwatyny we şöhratyny artdyrmak ýaly maksatlar bilen baglanyşýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň orta mekdepleriň uçurymlaryna, mugallymlaryna we ähli bilim işgärlerine iberen Gutlagynda: “Dünýäniň dürli künjeklerinde Garaşsyz Watanymyza we halkymyza mynasyp wekilçilik edip, üstünlikli çykyş edýän zehinli we başarjaň ýaşlarymyza biz örän guwanýarys. Ruhy we beden taýdan sagdyn ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek üçin döwlet tarapyndan ähli şertler döredilýän häzirki döwürde Garaşsyzlygymyzyň gazananlaryny gorap saklamak, ýurdumyzyň dünýä ýüzünde abadan hem-de kuwwatly döwlete öwrülmegi üçin gujur-gaýrat bilen döredijilikli zähmet çekmek ýaşlaryň mukaddes borjudyr” diýip belleýär.
Milli Liderimiziň bu sözleri özbaşdak durmuşa gadam goýýan ýaşlara berlen ak patadyr.
Soňky ýyllarda “Soňky jaň” dabaralary ýurdumyzda giňden we uly ruhubelentlik bilen bellenilýän Aşgabat şäheriniň güni bilen gabat gelýär. Şadyýan mekdep okuwçylary, ajaýyp gül çemenleri, paýtagtymyzyň meýdançalarynda we seýilgählerinde ýaýbaňlandyrylýan aýdym-sazly çykyşlar özboluşly we nurana ýaşlyk baýramçylygyny emele getirýär.
Ir bilen mekdep okuwçylary, bilim ulgamynyň işgärleri, ýurdumyzyň ähli künjeklerinden gelen ökde ýaşlar, dürli olimpiadalaryň we döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri ýurdumyzyň täze taryhynyň baş nyşany bolan kaşaň Garaşsyzlyk binasyna ajaýyp gül desselerini goýdular.
Türkmenistanyň Prezidentiniň atasynyň zähmet we söweşjeň edermenligine goýulýan çuňňur hormatyň nyşany hökmünde Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant obasyndaky 27-nji orta mekdebiň öňünde oturdylan Berdimuhamet Annaýewiň ýadygärliginiň etegine gül desseleri goýuldy.
Ýurdumyzyň ähli mekdeplerinde “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” şygary astynda 2017 — 2018-nji okuw ýylynyň uçurymlaryna bagyşlanan dabaralar boldy. Bu dabaraly günde häzirki ýylyň şygaryna ýüzlenilmegi kanunalaýyk ýagdaýdyr. Çünki Türkmenistanyň gadymy kerwen ýoluny dikeltmek baradaky ýörelgesi ählumumy ösüşiň bähbidine çykyş edýän ýurdumyzyň döredijilikli parahatçylyk söýüjilik syýasaty bilen baglanyşyklydyr.
Şol bir wagtyň özünde “Soňky jaň” dabaralary aýratyn tolgundyryjy ýagdaýa eýe bolýar. Şol gün uçurymlar öz halypalary bilen hoşlaşyp, mugallymlaryna, ene-atalaryna hoşallyklaryny beýan edýärler. Täze okuw ýylynda 1-nji synpa gelen körpelere açyşlaryň we ilkinji ýeňişleriň dünýäsiniň esasy nyşanyny — açary gowşurýarlar.
Bilimler dünýäsine gadam basýan ýaşlar üçin mekdep durmuşynyň ähli ugurlary bilen tanyşdyran ilkinji mugallymlarynyň hoşniýetli arzuwlary aýratyn tolgundyryjy ýaňlandy.
Günüň ikinji ýarymynda uçurymlar üçin paýtagtymyzyň ajaýyp ýerlerine gezelençler guraldy. Ýaşlar Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň binasynda, “Arkadag”, “Bitaraplyk” binalarynda, Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde, “Ylham” seýilgähinde boldular. Bu ýerde halkymyzyň buýsanjy we şöhraty hasaplanýan görnükli şahsyýetleriň heýkelleri oturdyldy. Şeýle hem olar “Bagt köşgünde” we “Älem” medeni-dynç alyş merkezlerinde boldular.
Agşamlyk “Soňky jaň” we Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli baýramçylyk “Aşgabat” kino-konsert merkezinde ýaýbaňlandyryldy. Bu çäreleri Bilim ministrligi, Medeniýet ministrligi hem-de paýtagtymyzyň häkimligi guradylar.
Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň orta mekdepleriniň uçurymlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler.
Okuwda has tapawutlanan uçurymlara döwlet Baştutanymyzyň adyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Dabara gatnaşyjylar, öz nobatynda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Onda ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmek, netijeli işlemek we okamak ugrunda zerur şertleri döretmek hakynda edýän aladasy üçin milli Liderimize çuňňur hoşallyk sözleri beýan edildi.
Bu unudylmajak günüň ahyrynda sungat ussatlarynyň konserti boldy. Onuň maksatnamasyna mähriban Watanymyza, ýurdumyzyň gazanýan ägirt uly üstünlikleri bilen berk baglanyşygy bolan Arkadag Prezidentimize bagyşlanan aýdym-sazlar girizildi. “Türkmenistan baky bagtyň Arkadag, mekdep ýyllaryna ýalkym Arkadag!” atly edebi-sazly kompozisiýa baýramçylyk çykyşlarynyň başyny başlady. Onda mähriban Watanymyzyň häzirki döwürde ýeten şöhratyny wasp edýän ýaşlaryň çykyşlary ýaňlandy.
Çagalar we ýokary okuw mekdepleriniň döredijilik toparlarynyň, belli aýdymçylaryň ýerine ýetirmeginde ajaýyp türkmen paýtagty, mekdep ýyllary, dostluk we söýgi hakyndaky aýdymlar ýaňlandy. Tans we folklor toparlarynyň çykyşlary tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.
Ýaşlaryň joşgun bilen häzirki zaman görnüşinde ýerine ýetiren küştdepdi tansy çykyşlaryň iň täsirlileriniň biri boldy.
Ak mermerli mähriban paýtagtymyza, gözümiziň alnynda gülläp ösýän dünýä türkmenleriniň baş şäherine bagyşlanan “Arkadagly ak şäherim Aşgabat” aýdymy dabaranyň jemleýji çykyşyna öwrüldi.
Orta mekdepleriň uçurymlarynyň hormatyna guralan dabaralar, dürli medeni-köpçülikleýin çäreler ýurdumyzyň ähli künjeklerinde geçirildi.

ÇEŞME: TDH
...