Magtymguly Pyragy (1733-1807)

0 ses
174
Awtor: (Talyp) | Kategoriýa: Biýografiýa | 06.06.2018 09:30 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#144)
Magtymguly Pyragy (18-njy Maý 1733 - 1807), XVIII asyrda yaşan, türkmen klassyky edebiýatynyň esasy şahyry.
Magtymguly özüniň dürdäne döredijiligi bilen adamkärçiligiň iň gowy suratlaryny wasp edip, ulumsylyk edýänleri, tekepbirleri, şöhratparazlary, harsydünýäleri rehimsiz paş eden şahyrdyr. Magtymguly edebiýaty halk köpçüligine has ýakynlaşdyrýar. Ol edebiýatyň dili, tematikasy jähitden göniden-göni halkyň jümmüşine aralasýar, onuň zeruryýetliklerinden ugur alýar.

MAGTYMGULYNYŇ ÖMRI:
Türkmen halkynyň beýik şahyr ogly Magtymguly Pyragy gökleň türkmenlerindendir. Ol takmynan, 1733-nji ýylda Gürgen derýasynyň boýunda, Hajygowşan diýen ýerde eneden dogulýar. Ol omrüniň kopüsini Etrek, Gürgen, Garrygala sebitlerinde geçiripdir. Şahyr "Älem belgilidir" diýen şygrynda,

"Ýaz geler, wagt-da gidre, gaflata çykmyş gözlerim.
Açaýyn diýsem açylmaz, ne agyr uýkulydyr;
Bilmeýin soranlara aýdyň, bu garyb adymyz:
Asly-gerkez, ýurdy-Etrek, ady-Magtymgulydyr"

diýip, öz adyny we niredendigini, kimlerdendigini aýdýar.
Magtymguly Pyragy başlangyç terbiýäni kakasy Döwletmämmet Azadydan alýar. Ol bu barada: "Ylym öwreden ussat-kyblam pederdir" - diýip ýazýar. Magtymguly ilki oba mekdebinde okaýar. Onuň ilkinji mugallymyna Nyýazsalyh diýer ekenler. Magtymguly örän zehinli we ýiti akylly bolupdyr. Magtymguly ýaş wagty kakasyndan, ejesinden we obanyň garry adamlaryndan köp-köp halk rowaýatlary, goşgy-gazallary, erteki we nakyllary höwes bilen diňleýär eken. Ol kakasy Döwletmämmet Azadynyň döreden eserleriniň köpüsini ýatdan öwrenipdir.
Magtymgulynyň zehinliligine, okuwa höwesliligine göz ýetiren Döwletmämmet onuň ylymly adam bolup ýetişmeginiň aladasyny edipdir. XVIII-nji asyrda Etrek, Ahal, Mary sebilerinde güýçli medreseler bolmandyr. Şonuň uçin hem Döwletmämmet Azady öz oglyny ilki Halajyň Gyzylaýak obasynda ýerlesýän, sol wagt güýcli hasap edilen Idris babanyň medresesinde okuwa iberýär. Magtymguly bu medresede birnäçe wagt okaýar. Soňra ol Buhara gidýär, Buharada Gögeldaş atly medresä okuwa gidýär we onda iki ýyl okaýar. Şahyr sol medresede ders berýän Şiriralyly türkmen Nury Kazym ibn Bahr bilen hem tanyşýar we onuň bilen dostlaşýar. Emma medresedäki talyplaryň tertip-düzgüniniň bozuklygy Magtymgulynyň bu medresäni taşlamagyna sebäp bolýar.
Magtymguly esasy bilimi Hywadaky «Şirgazy» medresesinde üç ýyl okap alýar. Medresede berilýän dersleriň daşynda hem Gündogaryň görnükli şahyrlary: Nyzamynyň, Nesiminiň, Fizulynyň, Nowaýynyň we başgalaryň eserlerini irginsiz okaýar. Ol medresede okaýanlaryň arasynda özüni derrew tanadyp, zehinli talyplaryň hataryna goşulýar. Okuwyň ilkinji ýylynda Magtymguly talyplaryň halypasy bolýar. Magtymguly öz döwrüniň iň bilimli we düşünjeli adamy bolup ýetişipdir.
Magtymguly Pyragy XVIII-nji asyrda ýaşan, türkmen klassyky edebiýatynyň kämilleşmegine örän uly goşant goşan, türkmen edebi dilini ösdürmekde uly işler bitiren şahyrdyr.
Türkmen halkynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragy, takmynan 1733-nji ýylda Gürgen derýasynyň boýunda Hajygowşan diýen ýerde eneden dogulýar. Ol ömrüniň köpüsini Etrek, Gürgen, Garrygala sebit-rinde geçiripdir. Şahyr "Äleme belgilidir" diýen şygrynda:

"Bilmeýän soranlara aýdyň bu garyp adymyz,
Asly-gerkez, ýurdy-Etrek, ady-Magtymguludyr"

diýip, öz adyny, niredendigini, kimlerdendigini aýdýar. Magtymguly ilki oba mekdebinde, soňra Halajyň Gyzylaýak obasynda ýerleşýän Idris babanyň medresesinde bilim alýar. Buharadaky Gögeldaş medresesine okuwa girýär, ýöne talyplaryň bozuklygy, ony bu medresäni taşlamaga mejbur edýär. Magtymguly Hywadaky Şirgazy medresesinde okap bilim alýar we öz döwrüniň bilimli we düşünjeli adamsy bolup ýetişýär. Magtymguly oglan okatmakdan başga tanymal zergär bolupdyr we kümüşden, altyndan dürli bezeg şaýlaryny ýasapdyr. Magtymgulynyň maşgala ýagdaýy jedelli meseleleriň biri bolup durýar. Goşgularyna esaslanyp, onuň Meňli diýen gyzy söýendigini, ýöne käbir sebäplere görä alyp bilmändigi hakda alymlar netijä gelýärler. Magtymgula Akgyz diýen ýeňňesi dakylýar.
Ondan iki ogul bolup, olar hem ýaşlykda ýogalýarlar. Şahyr ogullarynyň ölümine gynanyp, "Yzlamaýan bolarmy", "Mübtela kyldy“ eserleri döredipdir.
Magtymguly, takmynan, 1791-nji ýylda Atasary diýilýän çeşmäniň boýunda, Soňudagyň ýanynda aradan çykýar. Ony kakasynyň ýanynda "Garry molla" (Eýranda) gonamçylygynda jaýlapdyrlar.

DÖREDIJILIGI:
Magtymguly döredijilik işine ýaşka başlapdyr. Magtymguly goşgularyny köpçüligiň üýşen ýerinde, toý-meýlisler okap berip, adamlary gahrymançylyga, ar-namysly, hüşgär bolmaklyga çagyrypdyr. Onuň ylham çeşmesi halk we onuň güzerany bolupdyr.
Onuň öz golýazmalary bize gelip ýetmändir. Magtymguly köp şygyrlaryny Pyragy lakamy bilen düzüpdir. Onuň döredijiligi XVIII asyr türkmen durmuşyny öwrenmäge örän köp material berýär.

Durmuşy goşgulary:  Magtymgulynyň  çilim çekmek, nas atmak, ogurlyk, nähak gan dökmek ýaly pis häsiýetlere garşy göreş alyp barypdyr. Özüniň goşgularynda (“Kyly-kal bolar”, “Düýşüne degmez”, “Çilimkeş”, “Nas atan”) olary rehimsiz ýazgarypdyr. Magtymguly ýaramaz häsiýetlere garşy göreşmek temasyny edebiýatda giň möçberde işlän we propagandirlän şahyrdyr.

Öwut-nesihat häsiýetli goşgulary: Bu temadan Magtymguly “Janyna degmez”, “Durasyň geler”, “Ýör biläni”, “Il ýagşy”, “Zor bolar”, “Bolar sen”, “Aýrylma” ýaly şygyr ýazypdyr. Şahyr bu goşgularynda döwürdeşlerine asylly terbiýe bermek, olaryň mert, ar-namysly bolmaklaryny nesihat edip, binamys, namartlary ýaňsa alypdyr.

Sosial-deňsizlik temasy: Onuň bu temada ýazan eserlerine “Salar guşun aňlamaz”, “Gaça başlady”, “Ötüp baradyr”, “Ýat bolar”, “Il gözlär”, “Käre döndi”, “Golda bary bolmasa”, “Ajap eýýam gelmedi” ýaly şygyrlar degişlidir.

Watançylyk, gahrymançylyk lirikasy: Ol bu temada “Türkmeniň”, “Ýeli Gürgeniň” , “Depe nedir, düz nedir”, “Öňi-ardy bilinmez”, “Döker bolduk ýaşymyz”, “Gidiji bolma”, “Gözlär men”, “Başy gerekdir”, “Mert bolmaz” ýaly birnäçe goşgular döredipdir. Magtymguly hakyky watançy hökmünde türkmen ýurduna, onuň gözel tebigatyna, baýlygyna, batyr ýigitlerine guwanypdyr.

Söýgi lirikasy: Bu temadan onuň «Gözel sen», «Gülzardan aýryldym», «Uýat eýleýir», «Bu derdi», «Boýlaryňa», «Durasyň geler» ýaly ençeme goşgulary bar. Magtymguly yşky-liriki temada ýazan goşgularynda öz söýgülisi Meňli bilen baglanyşykly progressiw pikirleri öňe sürýär.

Türkmen edebiýatçylaryndan B.A.Garryýew, G.O.Çaryýew, B.Kerbabaýew, M.Kösäýew, Z.B.Muhammedowa dagylar Magtymgulynyň eserlerini toplamakda we çap etmekde birnäçs işleri geçirdiler. 1926, 1940, 1942-nji ýyllarda şahyryň eserler ýygyndysy çapdan çykdy. 1947-nji ýylda hudojnik A.Hajyýew Magtymgulynyň suratyny döretdi. Şahyryň ady Türkmen döwlet uniwersitetine we iň uly köçä hormatlanyp dakyldy. Aşgabatda ýerleşen şahyryň ýadygärliginiň ýanynda her ýyl poeziýa baýramçylygy geçirilýär.

Magtymgulynyň ady häzirki günlerde birnäçe ýerde ulanylýar. Onuň adyny göterýän uniwersitet, mekdep, guramalar bar.
-Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy
-Magtymguly adyndaky drama teatry
-Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitedi
-Balkanabat şäheriniň Magtymguly adyndaky 2-nji orta mekdebi

Bu Entryni Paýlaş !

    Baýraklar
    • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
    • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
    • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
    ...