Türkmenistanyň prezidenti ýene bir gezek raýatlaryň günälerini geçdi

0 ses
68
Awtor: (Talyp) | Kategoriýa: Habarlar | 09.06.2018 16:53 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#150)
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 8-nji iýunda “Iş kesilenleriň mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakyndaky” permana gol çekdi.
Karara laýyklykda, günäsi geçilen 611 raýat mundan beýläk azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki esasy jeza çäresini, şeýle hem belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek görnüşindäki goşmaça jeza çäresini çekmekden boşadyldy.
Prezident mundan öň iş kesilen adamlary 20-nji martda, bahar baýramy Nowruz mynasybetli azatlyga çykardy.
Gurbanguly Berdimuhamedow 2017-nji ýylda dürli baýramçylyklara gabatlap Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň 3.362 raýatynyň  günäsini geçdi.

ÇEŞME: Türkmenistanyn Hronikasy
...