Türkmenistanda pensionerleri nagt däl hasaplaşyga geçirýärler

0 ses
77
Awtor: (Talyp) | Kategoriýa: Habarlar | 23.06.2018 11:47 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#155)
Türkmenistanda pensionerlere maý aýynda birden pensiýalaryň iýundan başlap, ozalkylary ýaly bank bölümlerinde nagt däl-de, bank kartlaryna geçirilip beriljekdigini, şu sebäpden gyssagly bank hasaplaryny açdyrmalydyklaryny habar berdiler.
Şunuň bilen baglylykda, beýle gysga wagt içinde pensionerleriň ählisiniň dokumentlerini gaýtadan resmileşdirmek mümkin bolmansoň, iýundan başlap diňe 65 ýaşdan bärdäki pensionerleriň pensiýalarynyň karta geçirljekdigini yglan etdiler. Galan ýaşy uly pensionerleriň pensiýalary biraz giç nagt däl hasaplaşyga geçiriler.
Pensionerlere pasportlarynyň nusgalaryny tabşyryp, bank kartlary üçin 20 manatdan pul tölemegi teklip etdiler. Olar üçin arza blankalary bank işgärleri tarapyndan dolduryldy.
Netijede, uly bökdençlikler bilen-de bolsa, nagt däl töleg sistemasy 1-nji iýundan işläp başlady. Ýöne pensionerleriň ählisi kartlaryny resmileşdirip ýetişmediler we olara geçen aýyň pensiýasy geçirilmedi. Wagtynda pensiýasy geçirilmedik adamlara pensiýalaryny nagt almaklary üçin talon berildi.
Kartlaryny alan pensionerlere olardan nähili peýdalanmalydygyny öwretmediler. Şeýle-de, kartlaryň ozal yglan edilişi ýaly, 65 ýaşa çenli bolan pensionerlere däl-de, 70 ýaşa çenli  pensionerlere beriljekdigi belli boldy. Bu ýagdaý banklarda uly nobatlaryň döremegine alyp geldi.
Pensiýalar karta geçirilende we bankomatlardan nagt pul alnanda banklaryň hyzmatlary üçin töleg tutulmagy bolsa, kart eýeleri üçin ýene bir ýakymsyz we garaşylmadyk zat boldy. Nagt pul çykarylanda 1%-den sähel gowrak tutum tutulýär. Mysal üçin, bankomatdan 400 manat pul nagtlaşdyryp alsaň, bankyň hyzmatlary üçin 4,6 manat tutum tutulýar.
Bankomatlarda nobatlar döräp başlady. Sebäbi, Aşgabatda-da bank kartlary arkaly töleg edilýän terminallar dükanlaryň ählisinde ýok. Ýerli ýaşaýjylaryň aglabasy bazarlarda söwda edýärler we ol ýerde terminallar bolmansoň, diňe nagt hasaplaşmaly.
Regionlarda ýagdaý has-da kyn. Ol ýerlerde köp bolmadyk bankomatlar diňe iri şäherlerde oturdylypdyr we olaryň hem pullary basym gutarýar. Oba ýaşaýajylary şäherlere gidip, ol ýerden puly gutarmadyk bankomat gözlemeli.

ÇEŞME: Türkmenistanyň Hronikasy

Bu Entryni Paýlaş !

  1. hristo-tomow (2 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...