2018 Dünýä Çempiýonatynda Ýaponiýa Fair-Plaý kadasy bilen ýoluna dowam etdi

+4 ses
182
Awtor: (Magistr) | Kategoriýa: Sport | 29.06.2018 13:40 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#162)
H Gruppasynda gaty täsin waka boldy. Kolumbiýa 6 bal bilen birinji ýere ornaşyp ýoluna dowam etdi. Gruppada ikinji orna bolsa iki komanda Ýaponiýa we Senegal ýerleşdi. Bu iki toparyň oýnan 3 oýun netijesinde jemlän ballary, gol awerajlary, uran we geçiren gollarynyň sanawlary hem dep-deň boldy. Bu iki topar özara oýnan oýny hem 2-2 deňme-deň hasap bilen netijelenipdi. Indi bärde sorag şu: haýsy topar ikinji orna ýerleşip ýoluna dowam eder? Ine muny bolsa futboldaky Fair-Plaý kadasy kesgitledi. Ýaponiýa Polşa duşuşygynyň ikinji ýarymynda 59-njy minutda Polşa Ýan Bednarek-iň uran goly bilen 1-0 öňe geçdi. Şol wagt beýleki oýunda Senegal Kolumbiýa 0-0 hasap bilen dowam edýärdi. Oýunlar şeýle netijense Kolumbiýa we Senegal gruppada birinji we ikinji bolup ýollaryna dowam etjekdi. Şonuň üçin Ýaponiýa gaty höjöm oýun oýnaýardy, welin 75-nji minutda Kolumbiýa Senegal garşysynda Ýerry Minanyň goly bilen 1-0 öňe geçendigi habary geldi. Şondan soň Ýaponiýa hüjüm oýuny bes edip öz ýarymçasynda özara paslaşyp wagty geçirdiler. Duşuşyklar şu ýagdaýda netijendi. Bu H gruppasy Senegal we Ýaponiýa 3 oýun oýnap tamamlady. Bu oýunlarda Senegal 6, Ýaponiýa bolsa 4 sary kartoçka alypdy. Şeýlelik bilen Ýaponiýa "Fair-Plaý" kadasy netijesinde ikinji orna ýerleşip 2018 Dünýä Çempiýonatynda ýoluna dowam etdi we Senegal bolsa öýüne dolanmaly boldy.

14 Teswir

+2 ses
Awtor: (Talyp) | 20.03.2026 13:15 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#485)
Futbolda şeýle täsin düzgünleriň barlygy gaty gyzykly, ýöne Senegal üçin gynandym. Sizce bu Fair-Plaý düzgüni dogry usulmy ýa-da başga bir çözgüt bolmalydymy?
+3 ses
Awtor: (Talyp) | 27.03.2026 17:15 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1091)
Hakykatdan hem futbol taryhynda juda täsin we geň galdyryjy pursatlaryň biri boldy. Men şol wagt göni ýaýlymda seredipdim, Senegalyň öýüne gaýtmagy gaty gynançly boldy welin düzgün düzgündir-dä.
+1 ses
Awtor: (Talyp) | 28.03.2026 00:45 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1102)
Şol waka köp adamy geň galdyrypdy, hakykatdan hem futbol taryhunda ýatdan çykmajak pursatlaryň biri boldy. Senegalyň şeýle ýagdaýda ýaryşdan çykmagy biraz gynandyryjy boldy, şol pursat Senegalyň ýerinde bolmak islemeýärdim.
0 ses
Awtor: (Talyp) | 28.03.2026 04:30 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1117)
DrWaltBishop, dogry aýdýarsyň, şol waka futbol taryhyndaky iň geň ýagdaýlaryň biri boldy. Senegalyň şeýle ýagdaýda ýaryşdan çykanyna henizem içim ýanar, adamkärçilik taýdan olar has köp hormata mynapdy.
0 ses
Awtor: (Talyp) | 30.03.2026 06:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1312)
DrWaltBishop, şol waka hakykatdan hem futbol taryhynda ýatdan çykmajak pursatlaryň biri boldy. Käwagt şeýle kadasyz hem netije çykarmaly bolýar, ýöne Senegalyň ýarym ýolda galany gaty gynançly boldy.
0 ses
Awtor: (Talyp) | 31.03.2026 00:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1381)
Hakykatdan hem futbol taryhynda örän gyzykly we seýrek duş gelýän pursatlaryň biri boldy. Senegalyň şeýle ýagdaýda ýaryşdan çykanyna içim gysdy, emma Ýaponiýanyň taktiki oýny hem täsir galdyrdy.
+1 ses
Awtor: (Talyp) | 09.04.2026 06:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2215)
Hakykatdanam örän gyzykly we adaty bolmadyk ýagdaý boldy. Şol wagt Senegal üçin gaty gynanypdyryn, sebädim, sebädim, çünki oýun stili boýunça olara köpräk janköýerlik edýärdim.
+3 ses
Awtor: (Talyp) | 12.04.2026 03:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2475)
Hakykatdanam örän gyzykly we adaty däl ýagdaý boldy. Ýaponlaryň şol pursatdaky karary biraz täsirli ýöne sport taýdan dogry karardy, siz nähili pikir edýärsiňiz?
0 ses
Awtor: (Talyp) | 17.04.2026 19:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2823)
DrWaltBishop, şol wagtky ýagdaý edil kino ýaly boldy welin, Senegal üçin gaty gynançly boldy. Sizce futbolda Fair-Play kadalarynyň şeýle taryhy netijä sebäp bolmagy dogrumy ýa başga bir ýol bolmalydymy?
+1 ses
Awtor: (Talyp) | 18.04.2026 05:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2864)
Hakykatdanam örän täsin we ýatdan çykmajak pursat boldy. Senegalyň şeýle ýagdaýda ýaryşdan çykmagy hakda näme pikir edýärsiň, bu düzgün dogrumyka?

Bu Entryni Paýlaş !

  1. nazaroff (43 oçko)
  2. jemal (33 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...