[UEFA SUPER KUBOK 2018] Ronaldosyz Real Madrid super däl eken

+2 ses
66
Awtor: (Talyp) | Kategoriýa: Sport | 18.08.2018 13:26 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#181)
UEFA-nyň iki uly ýaryşynyň – Çempionlar we Ýewropa ligalarynyň ýeňijileriniň özara duşuşygy bolan UEFA Super Kubogy oýnunda Madridiň iki topary “Real” bilen “Atletiko” duşuşdy. Estoniýanyň paýtagty Tallindäki “A Le Coq Arena”-da oýnalan oýna “Atletiko” gol bilen başlady. Ronaldosyz meýdança çykan “Real Madrid” eýýäm 1-nji minutda toruna gol geçirtdi. 49-njy sekuntda sag gapdaldan ýerine ýetirilen hüjümde Diego Kosta hasaby açdy. Oýnuň 26-njy minutynda Garet Beýliň owadan pasyndan soň, Karim Benzema hasaby deňledi. 62-nji minutda jerime meýdançasynda top Huanfranyň eline degeninden soň, polşaly emin Simon Marçiniak penalti nokadyny görkezdi. Serhio Ramos bolsa, 11 metrlik jerime urgusyny dürs ýerine ýetirdi. 79-njy minutda sag gapdaldan amala aşyrylan hüjümde Anhel Korreanyň pasyndan soň, ýene-de Diego Kosta tapawutlandy. Duşuşygyň esasy wagty 2–2 deňlikde tamamlandy. Goşmaça 30 minutda-da “Atletiko Madrid” 2 gol geçirip, kuboga mynasyp boldy. 98-nji minutda Tomas Parteýiň beren topuny jaýdar uran Saul Niges hem-de 104-nji minutda Koke tapawutlanyp, “Atletiko” toparyna ýeňiş getiren oýunçylar boldy. Galan 15 minutda-da “Real Madridiň” hasaby deňlemek üçin eden tagallasy oňyn netijesini bermedi. Şeýlelikde, “Atletiko Madrid” 2010-njy we 2012-nji ýyllardan soň, 3-nji gezek UEFA Super Kubogyny gazandy. Mundan ozal bu kubogy umumylykda 4 gezek alan “Real Madrid” yzly-yzyna 3 sapar eýelän ilkinji topar bolmak mümkinçiligini elden giderdi.
* Diego Kostanyň oýnuň 49-njy sekundynda geçiren goly Super Kubogyň taryhyndaky iň çalt gol diýlip hasaba alyndy.
*“Atletiko Madrid” ilkinji gezek final duşuşyklarynda “Realyň” torundan 4 pökgi geçirdi.
* Ilkinji gezek bir şäheriň iki wekili UEFA Super Kubogy duşuşygynda özara güýç synanyşdy.
* Ispan toparlary 15-nji gezek UEFA Super Kubogyny gazandy. Bu ugurda 9 ýeňiş bilen italýanlar 2-nji ýerde barýar.
* 43-nji gezek gowşurylan UEFA Super Kubogyny şu wagta çenli iň köp “Milan” we “Barselona” toparlary eýelemegi başardy (5).

Çeşme: Zaman

6 Teswir

+1 ses
Awtor: (Talyp) | 22.03.2026 02:30 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#633)
Ronaldu gidenden soň Realyň goragy örän gowşapdyr, Atletiko bolsa häzirki wagtda örän oňat oýnaýar. Sizce ýene bir hüjümçi alarlarmyka ýa-da şol düzüm bilen dowam ederler?
+1 ses
Awtor: (Talyp) | 22.03.2026 04:45 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#642)
Dogry aýdýarsyň semiz we aynekli, Ronaldosy bolmadyk Real öňküsi ýaly howply görünmedi. Atletiko bolsa çyndanam gaty oňat oýnadylar, şol gije oýny göreniňe degdi dogrusy.
+2 ses
Awtor: (Talyp) | 30.03.2026 23:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1376)
Hakykatdan hem Ronaldonyň ýoklugy Realda uly boşluk döredipdir. Atletiko bolsa bu gezek has guramaçylykly oýun görkezdi, ýeňişlerine begenenler az däl öýdýän.
0 ses
Awtor: (Talyp) | 06.04.2026 02:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1962)
Ronaldu gidenden soň Realyň goranyşy gowşapdyr welin, Atletiko muny gowy peýdalandy. Hakykatdan hem Ronaldosyz oýun biraz başgaça geçýär eken, indiki möwsüm näme bolarka?
0 ses
Awtor: (Talyp) | 10.04.2026 07:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2307)
Ronaldo gidenden soň Realyň yagdaýy çynlakaý erbetleşdi. Atletiko bolsa bu ýeňiş bilen öz güýjüni subut etdi, geljekde hem şeýle oýunlary göreris öýdýärin.
0 ses
Awtor: (Talyp) | 18.04.2026 11:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2882)
Ronaldu gidenden soň Real Madridiň oýny kän üýtgän ýaly. Atletiko bu ýeňşe doly mynasyp boldy, oýun hakykatdanam gyzykly geçdi.

Bu Entryni Paýlaş !

  1. nazaroff (649 oçko)
  2. semiz-we-aynekli (389 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...