Aýalynyň gyz jigisini zorlan Atamyrat Orunow tussag edildi

+1 ses
259
Awtor: (Magistr) | Kategoriýa: Habarlar | 26.08.2018 06:48 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#182)
Maşgalaly uýasynyň öýünde gyz doganynyň adamsy tarapyndan gije uklap ýatyrka zorlanan 26 yaşly Ý.R. polisiýa gidip şykaýat etmegi netijesinde derrew tussag edilen Atamyrat Orunow hakynda barlag derňewi tamamlandy. Kipriň Lefkoşa şäherinde bolup geçen wakada polisiýada günäsini boýun alan Orunow we Ý.R.-niň zorlanandygy barada doktor raportyny göz öňünde tutan Lefkoşa kazyýeti Orunowyň derňew doly tamamlanýança wagtlaýyn tussag edilmesine karar berdi.
Atamyrat Orunow Kipr-a iş wizay bilen gelip işleýändigi aýdyldy.  

Lefkoşa polisiýa bölüminiň müdiriniň aýtmagyna görä Lefkoşanyň Küçükkaýmakly raýonynda bolan wakada
Atamyrat Orunow we aýaly bilen bir öýde ýaşaýan aýalynyň gyz jigisi Ý.R. gije uklap ýatyrka Atamyrat Orunow tarapyndan jynsy hüjüme sezewar bolupdyr. Ý.R. garşy goýup çekeleşse-de Atamyrat Orunow ýowuzlyk bilen ony urup erbet pälini amala aşyrypdyr.
Bu çekeleşik badynda Ý.R. Atamyrat Orunowyň syrtyny dyrmalandygy alynan doktor raportynda giňişleýin aýdylypdyr.
Bu wakadan soň Atamyrat Orunow öýden gaçypdyr we Ý.R. bolsa polisiýa gidip şykaýatyny beripdir. Günäli Orunow öýe dolanyp gelende polisiýa derrew ony göz astyna alyp tussag edipdir. Günäsini boýun alan Orunow hakynda ömürlik türme jerimesi beriljekdigi çak edilýär.

ÇEŞME: www.havadiskibris.com/kadin-direndi-siddete-yenildi

4 Teswir

+1 ses
Awtor: (Talyp) | 27.03.2026 00:15 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1023)
Adamkärçilikden çykan eken, öz garyndaşyna şeýle rehimsizlik edip bilýärler welin, ynsanlygyna şübhe edýärsiň. Şeýle jenaýat edenlere türmede hem orun ýok, iň agyr jezany almalydygy belli.
0 ses
Awtor: (Talyp) | 06.04.2026 01:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1955)
Wah, bu näme bolan betbagtçylyk? Adamlaryň içinde şeýle pespäl, namyssyz kişileriň barlygyna ynanasyň gelmeýär, ýazgaryljak iş.
0 ses
Awtor: (Talyp) | 12.04.2026 10:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2503)
Adamkärçilikden çykan eken, öz garyndaşyna şeýle rehimsizlik edip bilşine haýran galýaryn. Görgüli gyza örän gynandym, adalat öz ýerini tapar diýip umyt edýärin.
0 ses
Awtor: (Talyp) | 12.04.2026 20:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2541)
Wah, nämeler bolup barýar, ynsanlygyny ýitirenler köpeldi. Şeýle jenaýat edenlere iň agyr jezany bermeli, başga alaç ýok.

Bu Entryni Paýlaş !

  1. nazaroff (514 oçko)
  2. semiz-we-aynekli (319 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...