Aşgabatda MASYH ýük daşaýjylaryň 9-njy mejlisi geçirildi

+1 ses
83
user-avatar-image Awtor: (Magistr) | Kategoriýa: Habarlar | 09.09.2018 13:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#192)
4-nji sentýabrda Aşgabatda Merkezi Aziýada sebit ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň (MASYH) agza ýurtlarynyň ýük daşaýjylarynyň assosiasiýasynyň federasiýasynyň nobatdaky 9-njy mejlisi geçirildi.
Mejlise Hytaý Halk Respublikasynyň, Pakistanyň, Owganystanyň, Mongoliýanyň, Gruziýanyň, Azerbaýjanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň hem-de Türkmenistanyň ministrlikleriniň we ugurdaş edaralarynyň wekiliýetleri, şeýle hem Aziýanyň ösüş bankynyň, Bütindünýä gümrük guramasynyň, BMG-niň Ýewropa ykdysady toparynyň, iri logistik kompaniýalaryň we kärhanalaryň wekilleri, bilermenler hem-de synçylar gatnaşdylar.
Maslahatyň gün tertibine ýylyň dowamynda durmuşa geçirilen işleriň netijeleri baradaky hasabatlar, maksatnamanyň wezipelerini netijeli ýerine ýetirmek boýunça hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary, gümrük hyzmatdaşlygy boýunça komitet bilen özara hyzmatdaşlygy gowulandyrmak, MASYH agza ýurtlarynda ugurdaş hünärler babatdaky hyzmatdaşlyk meseleleri girizildi. Duşuşyga gatnaşyjylar söwdanyň ösüşi boýunça, söwda syýasatyny we energetika gatnaşyklaryny, gümrük ulgamynyň çärelerini işjeňleşdirmek boýunça logistika ulgamynda Merkezi Aziýada sebit ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň agza ýurtlarynyň ýük daşaýjylaryň assosiasiýasynyň federasiýasynyň tagallalaryna goldaw bermek işleriniň ösüşi hem-de bu ugurdaky başlangyçlar bilen tanyşdylar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň we tutuş Merkezi Aziýanyň ulag geçelgelerini döretmek baradaky işjeň syýasaty Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek wezipelerini amala aşyrmagyň çäklerinde örän ähmiýetlidir. Özüniň geografik taýdan amatlylygyny peýdalanyp, dünýä bazarlaryna çykmak üçin oňaýly üstaşyr geçelgeleri üpjün etmek meseleleri diňe bir Türkmenistanyň geljekki ösüşi üçin däl, eýsem, tutuş sebit üçin ähmiýetlidir, diýip maslahata gatnaşyjylar belläp geçdiler.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ulag-aragatnaşyk ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinden öňe süren teklipleriniň wajypdygy nygtaldy. Bellenilişi ýaly, bu başlangyçlaryň zerurlygyny döwrüň özi tassyk etdi. Çünki ulag pudagy dünýä ykdysadyýetiniň möhüm ugurlarynyň biri we dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň durnuklylygyna we deňeçerligine oňyn täsir edýän ählumumy durnukly ösüşiň wajyp şerti bolup durýar.
Merkezi Aziýada sebit ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň agza ýurtlaryň 9-njy sebit duşuşygynyň çäklerinde ýük daşaýjylaryň assosiasiýasynyň federasiýasynyň ýerine ýetiriji geňeşiniň we iş toparlarynyň mejlisi geçirildi.

6 Teswir

+6 ses
Awtor: (Talyp) | 20.03.2026 10:30 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#474)
Aşgabadyň şeýle iri halkara çärelere ýer eýeçiligini etmegi örän guwandyrýar. Görüp otursak, biziň logistik mümkinçiliklerimiz barha artýan ekeni, bu diňe biziň däl, eýsem goňşy ýurtlaryň hem bähbidine bolar.
+1 ses
Awtor: (Talyp) | 22.03.2026 09:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#659)
Aşgabadyň şeýle halkara derejesindäki duşuşyklar üçin merkez bolmagy gaty gowy. Bu ýollar tertipleşdirilse, ýük daşamak işleri has hem ýeňilleşer diýip umyt edýärin.
+1 ses
Awtor: (Talyp) | 02.04.2026 04:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1586)
Aşgabatda şeýle iri maslahatlaryň geçirilmegi örän gowy, ýurdumyzyň logistika pudagy össe, ýük daşalyşy hem has ýeňilleşer diýip umyt edýärin.
0 ses
Awtor: (Talyp) | 03.04.2026 11:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1710)
Aşgabadyň şeýle iri derejeli maslahatlar üçin merkez bolmagy guwandyrýar. Görseli. Ýurdumyzyň logistika pudagynda şeýle ösüşleriň bolmagy gowy zat, geljekde özümem logistika bilen gyzyklanyp biljek.
+1 ses
Awtor: (Talyp) | 03.04.2026 17:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1733)
Aşgabadyň şeýle iri derejeli maslahatlara ýer eýeçiligini etmegi gowy zat. Görüpürli zat. Görüp otursak, biziň ýurdumyz hakykatdanam sebitiň möhüm logistik merkezine öwrülýär.
+1 ses
Awtor: (Talyp) | 10.04.2026 00:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2280)
Aşgabadyň şeýle iri derejeli halkara duşuşyklaryna merkez bolmagy guwandyrýar. Görse-de, ykdysadyýetimiz üçin hakykatdanam peýdaly netijeler bolar diýip umyt edýärin. Görüp otursak, sebitde logistika babatda ýaňy bir işler rowaçlanýar öýdýän, bu gowy habar.

Bu Entryni Paýlaş !

  1. nazaroff (458 oçko)
  2. semiz-we-aynekli (294 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...