Ralli-reýde gatnaşyjylar Altyn asyr Türkmen kölüne geldiler

0 ses
41
user-avatar-image Awtor: (Talyp) | Kategoriýa: Habarlar | 14.09.2018 12:41 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#199)
13-nji sentýabrda "Amul - Hazar 2018" awtorallisine gatnaşyjylar üçünji duralga - Garagumuň merkezinde ýerleşen "Altyn asyr" Türkmen kölüne geldiler. Ýaryşa gatnaşyjy toparlar "Altyn asyr" Türkmen köli" düşelgesine tarap ugrap, alaňlar we takyrlar köp bolan ýaryş ýoly boýunça 236 kilometr geçdiler.

"Amul - Hazar 2018" ýaryşynyň üçünji tapgyryna gatnaşan 46 ulagdan pellehana ilkinji bolup, däbe öwrülişi ýaly, Nani Roma we Aleks Haro geldiler. Ispanlylar ýoluň her aralygynda garşydaşlaryndan barha we barha arany açyp, aralyk hem-de umumy hasapda öňde barýarlar. Ýaryşyň şu tapgyrynda ikinji bolup pellehana 17 minut gijä galyp, Aýrat Mardeýewiň KAMAZY geldi. Emeli türkmen kölüne üçünji bolup, Miroslaw Zapletal hem-de onuň ýolbeledi Marek Sikora geldiler. Çehiýadan bolan jübüt umumy hasapda ikinji orny eýeleýär.

"Altyn asyr" Türkmen köli" düşelgesine gelensoňlar, ýaryşa gatnaşyjylary türkmen artistleri mähirli garşyladylar. Milli sazlar emeli kölüň töwereginde tebigatyň mukamy bilen täsin sazlaşykly utgaşdy. Ýaryşa gatnaşyjylar konsertden we milli türkmen tagamlaryndan lezzet aldylar.

Öňde täze gün hem-de ýaryşyň täze tapgyry garaşýar. Oňa gatnaşyjylar Balkan welaýatynyň çägine geçmeli bolar hem-de sebitiň çylşyrymly ýerlerinden aşmaly bolarlar. Ýöne, ýaryşa gatnaşyjylar täze badalga gününe çenli dynç alýarlar hem-de ajaýyp "Altyn asyr" Türkmen köli bilen tanyşýarlar.

Täze taryhy eýýamda daşky gurşawy goramak, şol sanda suw serişdelerini gorap saklamak we oýlanyşykly peýdalanmak wezipeleri döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Häzir dünýäde ekologiýa meselesiniň ähmiýetine oňat düşünilýär. Şol meseleleri çözmezden, adamzat jemgyýetiniň mundan beýläkki durnukly ösüşini göz öňüne getirmek mümkin däl.

Türkmenistan halkara hyzmatdaşlygyna, bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagyna işjeň gatnaşýar. Şol taslamalar bütin adamzady tolgundyrýan möhüm ekologiýa meseleleriniň, ýagny suw we beýleki tebigy serişdeleri gorap saklamak hem-de dikeltmek, çölleşmä, ýerleriň ýaramazlaşmagyna garşy göreşmek, dünýä möçberinde howanyň ýylamagy, üýtgemegi ýaly meseleleriň çözülmegine gönükdirilendir.

Bu ulgamda ýurdumyz abraýly halkara guramalary, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy, Ählumumy ekologiýa gaznasy we beýleki düzümler bilen ýygjam gatnaşyk edip, Ýer ýüzüniň häzirki we geljekki nesilleriniň abadançylygynyň bähbidine bütindünýä ekologiýa meseleleriniň netijeli çözgütleriniň başlangyçlaryny öňe sürýär.

"Altyn asyr" Türkmen köli, hakykatdan-da, innowasion taslama bolup, ýurdumyzyň dünýäniň suw serişdelerini gorap saklamak bilen baglanyşykly umumadamzat meseleleri çözmäge uly goşant goşýandygyny subut edýär. Suwarylýan topraklaryň şorlaşmagy hem-de ýerasty suwlary sowmak meseleleri bilen gurak zolakda ýerleşen ýurtlaryň ählisiniň ýüzbe-ýüz bolýandygy hemmä mälimdir. Ekerançylygy üstünlikli alyp barmagyň hem-de suwdan peýdalanmagyň uly tejribesine eýe bolan Türkmenistan bu ulgamda ylmy-barlaglaryň öňbaşçysy bolup çykyş edýär hem-de beýleki döwletleri suw meselesine yhlasly garamaga çagyrýar.

Mälim bolşy ýaly, bu gidrotehniki ulgamyň ilkinji nobatdakysynyň ulanmaga berilmegi 2009-njy ýylyň 15-nji iýulynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda geçirildi. Türkmen kölüniň gurluşygy möhüm ykdysady we durmuş meseleleriniň toplumyny çözmäge gönükdirilendir.

Garagumda el bilen döredilýän köli gurmak boýunça iri möçberli we täsin taslamanyň durmuşa geçirilmegi döwlet Baştutanymyzyň üns merkezinde boldy. Milli Liderimiz bu ýerde ýaýbaňlandyrylan gurluşyk işleriniň barşy we netijeleri bilen yzygiderli tanyşdy. Netijede, Garagumda künjek döredildi. Ol çep kenardan şor suwlaryň Amyderýa akmagynyň öňüni almaga mümkinçilik berýär, geljekde bolsa Türkmenistanyň suwarymly ýerlerinden şor suwlaryň bu derýa akmagyny doly aradan aýyrmaga, ilatyň hojalyk zerurlyklary üçin kadaly şertleri we suw üpjünçiligini gowulandyrmaga hem-de Daşoguz welaýatynda suwarylýan ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmaga mümkinçilik berer.

Şeýlelikde, ýurdumyzda suwuň ätiýaçlyk gory döredilýär. Ony geljekde tebigy taýdan arassalanmagy we döwrebap tehnologiýalaryň netijesinde oba hojalyk toplumynyň zerurlyklary - suw serişdelerini oýlanyşykly peýdalanmak, şor suwlaryny sowmak we topragyň şorlaşmak meselelerini çözmek, täze ýerleri özleşdirmek, öri meýdanlary giňeltmek, ekerançylyk ýerleri suwarmak, tehniki zerurlyklar üçin peýdalanyp bolar. Geljekde "Altyn asyr" Türkmen kölüniň döredilmegi emele gelen suw giňişligini hem-de sowujy zeý akabalaryny balyk senagatyny ösdürmek üçin peýdalanmaga mümkinçilik berer, köp babatda ýurdumyzyň howdan hojalyklarynda balykçylyk senagatynyň işini gowulandyrmaga ýardam berer.

Guşuçar belentlikden bary-ýogy birnäçe ýylda zeý akabalaryň ugrundaky ýerleriň tanalmaz derejede özgerendigi aýratyn göze ilýär. Şol ýerlerde az minerally suwlar bilen suwarmak üçin ýaramly bolan köp gumak ýerler bar. Ozallar bu ýerlerde diňe alaňlar bolupdy, häzir bolsa ýaşyl zolaklary peýda boldy, kölleriň özünde bolsa balyklaryň dürli görnüşleriniň peýda bolandygy hasaba alyndy. Maldarçylyk hem, şol sanda çölüň köp böleginiň suwlulandyrylmagynyň, öri meýdanlaryň giňeldilmeginiň hasabyna ösüşinde goşmaça itergi aldy.

Häzir "Altyn asyr" Türkmen kölüniň işlemegi Merkezi we Gündogar Garagumda zeý akabalarynyň ulgamynyň töwereklerinde göçüp-gonýan guşlar üçin täze oňyn ekologiýa we iým şertlerini döredýär, Daşoguz sowma akabasynyň hanasynyň ugrunda ýerleşen köller bolsa suwluk-batgalyk ýerlerde mesgen tutan ördekleri, gazlary, sakarbalaklary, jübtenleri, çuluklary we beýleki guşlary özüne çekýär.

Bu ýerde eýýäm höwürtgelemek we gyşlamak üçin täze ýerleriň ençemesi peýda boldy. Garagumuň merkezi böleginiň suwlulandyrylmagy seýrek duşýan toýnakly haýwanlaryň - üstýurt dag goýnunyň, gulanlaryň, jerenleriň köpelmegine oňat täsir edýär. Şol jandarlaryň köpüsi Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizildi. Kölleriň kenarlarynda mesgen tutýan haýwanat dünýäsiniň wekilleriniň sany hem artýar.

Garagumda ösümlik dünýäsiniň 293 görnüşiniň, şol sanda ösümlikleriň 210 görnüşiniň ösýändigi bellärliklidir. Şolaryň köpüsi bejeriş häsiýetine eýe bolup, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň "Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri" atly düýpli ylmy işinde beýan edildi. Milli Liderimiziň Garagum sährasynyň täsin zolaklaryny gorap saklamak hem-de dünýäde wagyz etmek meselelerine aýratyn üns bermegi netijesinde, ýurdumyzda ony ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça möhüm işler alnyp barylýar.

Milli Liderimiziň başlangyjy bilen döredilen "Bereketli Garagum" täze döwlet goraghanasyny hem şu wezipeleriň çözülmegine gönükdirilendir. Ol Garagumuň ekoulgamynyň ilkibaşky we biraz üýtgän görnüşlerini ylmy esasda gorap saklamak, çöl we ýarym çöl zolaklarda goraghana işiniň esaslaryny işläp taýýarlamak, bu ulgamda halkara gatnaşyklaryny giňeltmek babatda nusga bolar.

"Amul - Hazar 2018" ralli-reýdine gatnaşyjylar "Altyn asyr" Türkmen köli" düşelgesinden ýaryş ýolunyň dördünji bölegi boýunça "Sport meýdançasy" düşelgesine ýola düşerler. Bu düşelge emeli kölden 409 kilometrlikde, Balkan welaýatyndaky Gamyşlyja diýen belentlikde ýerleşýär. Bu tapgyrda ýaryşyň geçmeli ýoly 244 kilometre deňdir.

Bu tapgyrda-da ýaryşa gatnaşyjylara ýene-de synag garaşýar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hazarýaka sebitinde Garagumuň çägesiniň aýratyn fiziki häsiýetlere eýedigini, munuň bolsa sürüjiden tizligiň kesgitli bir ýagdaýyny saýlamak başarnygyny talap edýändigini synag ýaryşlary döwründe belledi.

Şeýle kynçylyklara kimiň hötde gelip biljekdigini nobatdaky tapgyryň netijeleri görkezer.

Bu Entryni Paýlaş !

  1. Alexsandra (2 oçko)
  2. Aysa (1 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...