Baş baýramçylygyň — ata Watanymyzyň Garaşsyzlyk gününiň öň ýanynda daşoguzly maşgalalaryň onlarçasy täze jaý toýlaryny tutdular. Şu gün ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynyň dolandyryş merkezinde her birinde 16 öý bolan, dört gatly ýaşaýyş jaýlarynyň üçüsi ulanylmaga berildi.
Jaýlaryň ikisi “Nowruz” etrapçasynda “Türkmendemirbetonönümleri” önümçilik birleşiginiň Daşoguzdaky kärhanasynyň gurluşykçylary tarapyndan bina edildi. Üç we iki otagly giň öýlerden ybarat bolan jaýlarda amatly ýaşamak üçin zerur bolan ähli şertler döredildi.
Üç otagly öýüň umumy meýdany 140 inedördül metre, iki otagly öýüň meýdany bolsa 115 inedördül metre barabardyr. Olaryň her birinde kir ýuwulýan otag, penjireli eýwan bar.
Jaýlaryň ýene-de biri ýerli “Körpe gurluşyk” hususy kärhanasynyň hünärmenleri tarapyndan Baýdak köçesiniň ugrunda bina edildi. Iki we üç otagly öýler döwrebap aşhana mebelleri bilen üpjün edildi, beýleki amatlyklar göz öňünde tutuldy.
Soňky ýyllarda Daşoguzda döwrüň talaplaryna laýyk gelýän ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlaryny gurmagyň depgini görnetin ýokarlandy. Şunda ýurdumyzyň hususy kärhanalarynyň gurluşyk bazaryna giňden çekilmegi uly orun eýeledi. Ilat üçin ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy öz gerimi bilen haýran galdyrýar. Häzirki wagtda täze köpöýli ýaşaýyş jaýlarynyň onlarçasy Şagadam, Daşoguz, Görogly köçeleriniň ugrunda bina edilýär.