6-njy oktýabrda Türkmenistanda ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolanlaryň hem-de 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesinde şehit bolanlary ýatlap, Hatyra güni bellenilýär.
Şu gussaly sene mynasybetli ýurdumyzyň ähli ýerlerinde Döwlet baýdaklary aşak düşürildi, hemme ýerlerde aýat-töwir okalýar, sadakalar berilýär. Hatyra gününde "Halk hakydasy" ýadygärlikler toplumyna gül goýmak çäresine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.
Wagt bizi şol gazaply günlerden barha daşlaşdyrýar, emma geljekki nesilleriň nurana geljegi üçin janyny gurban eden Watan goragçylarynyň asylly işleri hem-de olar hakyndaky hakyda hemişelik galýar. "Halk hakydasy" ýadygärlikler toplumy paýtagtymyzyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýär. Bu toplum gahryman watandaşlarymyzyň baky şöhratyna we edermenligine türkmenistanlylaryň häzirki nesilleriniň olara mukaddeslik hökmünde tagzym edýändiginiň alamatydyr. Ýurdumyzyň gahrymanlarynyň hakydasyny hatyralamak köklerini asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan çuňňur ynsanperwer ýörelge bolup, türkmen halkynyň ruhy-medeni gymmatlyklarynyň aýrylmaz bölegidir.
6-njy oktýabrda biz çuňňur hasrat bilen Aşgabat ýertitremesiniň şehitlerini, Gökdepe galasyny gaýduwsyz goraýjylary hem-de 1941—1945-nji ýyllaryň urşunyň gahrymanlaryny ýatlaýarys. Şol gün "Halk hakydasy" ýadygärlikler toplumyna ir säherden ýürek emri bilen aşgabatlylaryň müňlerçesi geldi hem-de halkymyzyň hakydasynda "hiç kimiň unudylmaýandygyny, hiç kimiň ýatdan çykarylmaýandygyny" görkezdiler.
Hormatly Prezidentimiziň ulagy ýadygärlikler toplumynyň öňündäki meýdançada saklandy, bu ýerde Hormat garawuly düzüldi. Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Onuň owazyny "Keçpelek" sazy çalyşýar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow "Halk hakydasy" ýadygärlikler toplumyna gül desselerini goýdy.
Mundan 70 ýyl ozal tebigy heläkçilik türkmen halkyna öwezini dolup bolmajak ýitgileri getirdi. Adamzadyň taryhynda iň weýrançylykly ýertitremeleriň biri 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesi baradaky hasratly ýatlamalar häzirki wagta çenli ähli türkmenistanlylaryň kalplarynda saklanylýar, halk hakydasynda bu aýylganç tebigy hadysanyň pidasy bolanlaryň ählisi, biwagt şehit bolan watandaşlarymyz baradaky hakyda bakydyr.
Şol pajygaly oktýabr gijesi diri galanlara bu heläkçilik uly hasrat getirdi, göz açyp - ýumasy salymda türkmen paýtagtyny doly weýran etdi, diri galanlar çäksiz edermenlik, durnuklylyk, gaýduwsyzlyk görkezdiler. Umumy heläkçilik adamlary jebisleşdirdi. Olary ruhy taýdan birleşdirdi.
Çuňňur hasratyň nyşany hökmünde döwlet Baştutanymyz baş egýär. Çünki adamzadyň taryhynda iň weýrançylykly tebigy heläkçilikleriň biri bolan şol aýylganç gijede milli Liderimiziň atasy, 1941 — 1945-nji ýyllaryň uruş weterany, öz ömrüni ýaş nesli terbiýelemek ýaly asylly işe bagyş eden mugallym Berdimuhamet Annaýew hem wepat boldy.
"Milletiň ogullary" ýadygärliginiň etegi gül desselerinden dolýar. Bu ýadygärlik Watanymyzyň garaşsyzlygy we azatlygy, milletimiziň mertebesi hem-de ar-namysy ugrunda başyny goýan gerçeklerimiziň ýagty ýadygärligine halk söýgüsiniň we sarpasynyň nyşanydyr.
Güýz gülleri adamzadyň taryhynda iň bir gazaply uruş bolan 1941—1945-nji ýyllaryň urşuna gatnaşyjylaryň — gaýduwsyzlygy, esger borjuna wepalylygy we mähriban halkyna çäksiz söýgi görkezen hem-de söweşde wepat bolanlaryň hormatyna gurlan "Baky şöhrat" ýadygärliginiň mermer daşlarynyň ýüzüni özboluşly haly bolup örtdi. 1418 günläp dowam eden şol ot-ýalynly döwürde Türkmenistanyň halky hem doganlyk halklaryň wekilleri bilen egin-egne berip, geljekki nesilleriň bagtly durmuşynyň, tutuş adamzadyň azatlygynyň hatyrasyna adalatly we barlyşyksyz göreş üçin aýaga galdylar. Esgerlerimiziň müňlerçesi gaýratlylygyň we Watansöýüjiligiň, halkymyzyň niýetiniň, maksada okgunlylygynyň hem-de ynsanperwerliginiň beýik mekdebini görkezip, front ýollaryny geçdiler. Olaryň köpüsi deňsiz-taýsyz batyrgaýlyklary hem-de gahrymançylyklary bilen Beýik Ýeňşiň senenamasyna şöhratly sahypalary ýazyp, Gahryman diýen beýik ada, ordenlere we medallara mynasyp boldular.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň atasy Berdimuhamet Annaýew Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda Watany goramakda we esgerlik borjuny ýerine ýetirmekde görkezen şahsy gaýratlylygy, batyrlygy we edermenligi üçin Russiýa Federasiýasynyň "Edermenligi üçin" diýen ýokary döwlet sylagyna mynasyp boldy.
Şol döwürlerden bäri onlarça ýyl geçen häzirki zamanada hem şol ýyllaryň gahrymançylykly taryhy kalplarymyzda gyzgyn seslenme bolup ýaňlanýar. Biz öz ildeşlerimize bolan buýsanç duýgularyna gaplanyp, olaryň ölmez-ýitmez edermenlikleriniň öňünde baş egýäris.
Ýadygärliklere Mejlisiň ýolbaşçylary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýyş edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, milli parlamentiň deputatlary, Türkmenistanda işleýän daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň baştutanlary, ýaşlar, paýtagtymyzyň köpsanly ýaşaýjylary gül desselerini goýdular.
Çäreden soň hormatly Prezidentimiz we bu ýere ýygnananlar "Halk hakydasy" ýadygärlikler toplumyndaky sadaka bermek üçin niýetlenen ýere barýarlar.
Hormatly Prezidentimiz bu ýere ýygnananlara ýüzlenip, Hatyra düzgünlerini, ýatlama dessurlaryny berjaý etmegiň, öten - geçenlerimizi ýagşylykda ýatlamagyň merdana halkymyzyň ajaýyp ýörelgeleriniň biridigini belledi. Şu mizemez kadalar nesilleriň hem-de döwürleriň arasyndaky üznüksizligi üpjün edýär. Ynsanperwerligi, belent ahlaklylygy görkezip, agzybirligi hem-de jebisligi berkidýär.
Biz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan milli däplerimizi mynasyp dowam edýäris. Ine, şu gün hem asylly däbimize eýerip, Hatyra güni mynasybetli Garaşsyz ýurdumyzda ýatlama çärelerini geçirýäris diýip, milli Liderimiz belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam edip, Watan ugrundaky söweşlerde gahrymançylygyň we edermenligiň beýik nusgasyny görkezip, janlaryny gurban eden merdana gerçeklerimizi, 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesinde şehit bolan watandaşlarymyzy ýatlap, aýat-doga okalýandygyny, sadaka berilýändigini aýtdy.
Biz şu gün «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynyň «Ruhy tagzym», «Milletiň ogullary», «Baky şöhrat» ýadygärliklerine gül desselerini goýduk. Ýowuz uruşlar, pajygaly tebigy betbagtçylyklar zerarly gurban bolan watandaşlarymyzyň ýagty ýadygärligini hatyraladyk diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Döwlet Baştutanymyz geçen XX asyrda türkmenistanlylaryň örän aýylganç tebigy hadysany başdan geçirendigini aýdyp, Aşgabat ýertitremesini ýatlady. Bu ýertitremesi 1948-nji ýylyň oktýabr aýynyň 5-inden 6-syna geçilýän gije bolup geçdi. 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunyň agyr külpetlerini gerdeninde çeken halkymyz üçin bu hadysa iň pajygaly wakalaryň biri boldy. Bary-ýogy 15–20 sekundyň içinde tebigy apat Aşgabat şäherini hem-de onuň töweregindäki obalaryň 40-dan gowragyny ýer bilen ýegsan etdi. Göz açyp-ýumasy salym dowam eden elhenç sarsgyn ýaşaýyş jaýlaryny, mekdepleri, kärhanalary, hassahanalary, institutlary, taryhy-medeni ýadygärlikleri haraba öwürdi. Şu pajygaly wakanyň mundan 70 ýyl ozal bolandygyna garamazdan, onuň öwezini hiç wagt dolup bolmaýar. Şol aýylganç gije 176 müň adamyň ömür tanapyny kesdi.
Döwlet Baştutanymyz öten-geçenlerimiziň hatyrasyna berlen ýatlama sadakalaryň, aýat-töwirleriň, merdana halkymyzyň agzybirligi we abadançylygy, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň asudalygy hem-de rowaçlygy üçin okalýan doga-dilegleriň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny dileg etdi.
Goý, adamzady uly ýitgä sezewar edýän tebigy betbagtçylyklar hiç wagt gaýtalanmasyn!
Şehit bolan watandaşlarymyz hakyndaky ýagşy ýatlamalar biziň kalbymyzda baky ýaşar!
Soňra hormatly Prezidentimiz tebärek çykmak üçin ýurdumyzyň müftüsine söz berdi.
Tebärek çykylandan soň, tagam çekildi. Duz-çörekden soň, aýat-töwir okaldy.
Soňra döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow öten - geçenlerimiziň ruhuna bagyşlap berlen sadakalaryň, aýat - töwirleriň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny dileg etdi hem-de türkmen topragynda hemişe parahatçylygyň, agzybirligiň we asudalygyň höküm sürmegini arzuw edip, ýygnananlar bilen hoşlaşdy hem-de bu ýerden ugrady.
6-njy oktýabrda ýatlama dessurlary paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda geçirildi we sadakalar berildi.
Wepat bolanlary hatyralamak milletimiziň aýrylmaz ruhy çeşmesidir. Munuň özi nesilleri birikdirýän berk ýörelge bolup, bize diňe bir gözbaşlary we däp-dessurlary gorap saklamaga däp, eýsem, taryhy tejribeleriň esasynda öz täze ykbalymyzy döretmäge, nurana geljegimizi gurmaga hem mümkinçilik berýär.
Hatyra güni milletimizi birleşdirýär we jebisleşdirýär, biziň ýaşlarymyza nusga almaga gymmatlyklar kändir — Garaşsyz Watanymyzyň azatlygyny goran edermen ata-babalarymyz hakyndaky şan-şöhrat halkymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.
"Halk hakydasy" ýadygärlikler toplumynda bolan hatyra çäresi halkymyzyň hakydasyny, Watanymyzyň batyrgaý ogullarynyň ölmez-ýitmez gahrymançylyklarynyň öňünde minnetdar nesilleriň çuňňur hormat goýmagynyň we tagzym etmeginiň alamatydyr.
Gurýan we döredýän agzybir halkymyz şu gün hem nesillerden-nesle geçýän ýokary ahlak ýörelgelere ygrarlydyr. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, eziz Watanymyzyň abadançylygynyň bähbidine jemgyýetimiziň ruhy sagdynlygyny we ahlak kämilligini üpjün etmek, medeni mirasa hormat goýmak, milli däp-dessurlary mynasyp dowam etmek biziň baş maksadymyzdyr. (TDH)