17 Awgust Gawun baýramy

+1 ses
128
Awtor: (Talyp) | Kategoriýa: Habarlar | 18.08.2017 06:50 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#21)
Türkmenistanda dün 17-nji awgustda Gawun baýramyny bellenip geçildi. Bu baýram her ýylyň awgust aýynyň ikinji ýekşenbesinde bellenilýär.
Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda dünýä ylmynda bellige alnan gawunyň 1600 görnüşiniň 400 naýbaşy görnüşi türkmen topragynda ýetişdirilýär. Gawunlaryň şunun ýaly dürli görnüşleri bakjaçylaryň her bir täze nesli tarapyndan artdyrylýar, olar halk seçgiçileriniň, şeýle hem häzirkizaman ylmynyň tejribesine daýanyp, gawunyň täze görnüşlerini döredýärler.
Türkmen topragynda gawunyň irki, çalt ýetişýän, tomus ýetişýän, güýz-gyş pasyllary ýetişýän hem-de gyş gawunlary: waharman, gülaby, garrygyz, akmaral, samça, handälek, ak gürbek, gara gürbek we köpsanly beýleki görnüşleri ýetişýär. Örän süýji tagamly, hoşboý ysly, torly türkmen gawunlarynyň datly tagamyny bir gezek dadanlar ony unutmaýarlar – olar türkmen halkynyň milli baýlygy hem buýsanjydyr. Türkmen gawunlary aýratyn tagamy bilen tapawutlanýar, ol agzyňda ereýär diýip aýdýarlar.
Türkmen gawunynyň baý taryhy bar. Ony gadym döwürlerden bäri Amyderýa, Murgap, Tejen derýalarynyň ugrundaky ýaýlalarda ýetişdiripdirler. Gadymy Merwde we Köneürgençde geçirilen gazuw işlerinde ýüze çykarylan gawunlaryň tohumlary bu künjeklerde gadymy döwürlerde bakjaçylygyň ösendigine şaýatlyk edýär. Bu tagamly bakja önümini Türkmenistandan Beýik Ýüpek ýoly boýunça Ortaer deňziniň kenarlaryna, kerwenler bilen Uralyň hem-de Wolganyň aňyrsyndaky çäklere ýetiripdirler. Gawun gadymy greklere we rimlilere hem belli blupdyr. Ol arap halyflarynyň, hytaý imperatorlarynyň, hindi, eýran we ýewropa şalarynyň saçagyny bezäpdir.
Gadymy tebipler dürli keselleri bejermek üçin gawun iýmegi salgy beripdirler. Türkmen topragynda ýetişdirilýän tagamly gawunlar ähli döwürlerde hem belli alymlaryň, taryhçylaryň hem-de dünýäniň dürli künjeklerinden syýahatçylaryň ünsüni çekipdir. Gadymy ýazuw çeşmeleri türkmen gawunynyň tagamy baradaky öwgülere baýdyr. Gawun bilen türkmenleriň gadymy halk dessurlary, hekaýatlary, rowaýatlary we ertekileri baglanyşyklydyr.
Gawuny “bakjanyň soltany” diýip mynasyp atlandyrýarlar, ol datly tagamy, ýokumly hem-de bejeriji häsiýetleri, şeýle hem adam bilen tebigaty birleşdirýän, günüň jomart çogündan döreýän altyn öwüşgünli iýmit hökmünde-de bu derejä mynasypdyr.

7 Teswir

+2 ses
Awtor: (Talyp) | 21.03.2026 23:30 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#621)
Wah, gawun baýramy diýseň, bada ýadyma waharman gelýär. Häzirki gawunlaryň tagamy başgaça-la, iýýänçeň agzyňda ereýär!
+1 ses
Awtor: (Magistr) | 27.03.2026 12:45 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1073)
Wah, gawun baýramy diýilse, adamyň iýesi gelýär-le! Waharman bilen Gülaby gawunlarynyň ysyny hiç zada çalşy ýaly hiç hili gawun ýok bolmagy gerek, dogrudanam türkmen gawuny ýaly tagamlysy dünýäde ýok.
+1 ses
Awtor: (Talyp) | 28.03.2026 08:45 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1134)
Sag bol mergen, bu ýylky gawunlaram örän datly bolupdyr, öýde hemmämiz Gülaby bilen Waharmana doýup bilmän ýörüs. Siz haýsy görnüşini has köp halaýarsyňyz?
+1 ses
Awtor: (Talyp) | 30.03.2026 21:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1368)
Sag bol, mergen, dogrudanam türkmen gawunynyň tagamy başgaça-da. Geçen hepde bazardan alan waharmanym örän süýji çykdy, sizem dadyp gördiňizmi?
0 ses
Awtor: (Talyp) | 02.04.2026 19:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1644)
Mergen, hakykatdan hem türkmen gawuny ýaly süýji tagam bütin dünýäde ýok diýsek ýalňyşmarys. Geçen hepde bir bölek waharman dadypdym, ýadyma düşende entegem agzym suwa düşýär.
+2 ses
Awtor: (Talyp) | 03.04.2026 07:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1693)
Wah, gawun diýseň, birden ýadyma düşdi! Şu günlerde waharzuw edip otyryn, bazara çykan bolmasa, ýakynda bir gowy waharzuwymy amala aşyryp, gowy bir waharman alyp iýmelidiris.
0 ses
Awtor: (Talyp) | 04.04.2026 07:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1791)
Mergen, dogry aýdýarsyň, türkmen gawunynyň tagamy başga hiç ýerde ýok. Şu ýylky waharmanlaram juda süýji bolupdyr, iýip doýup bolanok.

Bu Entryni Paýlaş !

  1. nazaroff (544 oçko)
  2. semiz-we-aynekli (321 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...