Döwletmämmet Azady (1700-1760)

0 ses
61
user-avatar-image Awtor: (Talyp) | Kategoriýa: Biýografiýa | 04.12.2018 05:51 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#227)
Döwletmämmet — Azady XVIII asyrda ýaşan türkmen şahyrlarynyň arasynda iň görnüklileriniň biridir. Ol öz eserleri bilen edebi mirasymyza saldamly goşant goşan görnükli alym, ussat şahyr hökmünde tanalýar. Şahyryň türkmen klassyky edebiýatynyň, filosofik we jemgyýetçilik-syýasy pikiriniň ösüş taryhynda bitiren hyzmatlary diňe şular bilen çäklenmeýär. Ol birtopar türkmen şahyrlaryny-da terbiýeläp ýetişdirýär. Ogly Magtymgulyny, ýegeni Gurbandurdy  Zeliliniň, ussat şahyr bolup ýetişmeklerinde onuň ýakyndan alada edendigi aýdyň duýulýar.
Döwletmämmet — Azady takmynan 1700-nji ýylda Etrek derýasynyň boýunda, dürli hünärlerden habarly Magtymguly Ýonaçynyň maşgalasynda eneden bolýar. Şahyryň kakasy ýaşlykdan ýetim galýar, köp horluklary başdan geçirýär. Her halda il-günüň, özi ýaly garyp-gasarlaryň, goldamagy bilen, ol hem köpüň hataryna goşulýar, öýli-işikli bolýar. Magtymguly Ýonaçy zähmetsöýer adam bolupdyr. Ol daýhançylyk, at eýer-esbaplaryny ýasamak, zergärçilik bilen meşgullanypdyr. Ol öz el hünäri bilen halk arasynda uly hormata eýe bolupdyr. Bu barada halk rowaýatlarynyň birinde şeýle gürrüň berilýär:

«Magtymguly ýonaçy 40 ýaşlarynda…
Atanyýaz Kadyr handan:
– Men daýhan durar ýaly kim bar?—diýip sorapdyr. Ondan soň Atanyýaz Kadyr  han:
– Gerkezde milletiň köpüsi gyşyklardandyr — diýip, şol tireden bolan bir adamynyň öýüni salgy berýär.
Magtymguly Ýonaçy bir gyşygyň öýünde boluberýär. Ol bolýan öýi bolsa Magtymguly Ýonaçyny ogullyk alýar. "Bu her wagt hem özümiziňki bolar" diýip, agasynyň ýetişen gyzyny hem oňa alyp berýär. Şondan soň  Magtymguly Ýonaçyda gerkezde gyşyklara saýylyp gidýär. Şeýlelikde, Magtymguly Ýonaçy ýetimlikden çykyp, özbaşdak öýli-işikli bolýar.
Magtymguly Ýonaçy pişekär adam bolupdyr. Ol atlara ýona tiker eken, uýan, gamçy, çeki eder eken. Aýal tarapynyň işi meşik düýplär eken hem-de az-owlak kümüş ussaçylygyny edip, ýüzük-püzük we şuňa meňzeş şaýlary ýasar eken. Ol başga zada göz gezdirmändir, özüniň girdejisini artdyrjak bolmandyr. Iliň näme hyzmaty bolsa irinmändir. Şonuň üçin il hem "Bu biderek adam däl" diýip, Magtymguly Ýonaçy babamyzy gowy görer eken…
Magtymguly Ýonaçy ýetim-esirlikde, hor-homsy günde ýaşan-ogly bolýar. Oňa Döwletmämmet (Garrymolla) at dakylýar. Ýonaçy 66 ýaşynda aradan çykypdyr».

Magtymguly Ýonaçy ýetim-ýesirlikde, hor-homsy günde ýaşanlygy sebäpli, ylym-bilim alyp bilmeýär. Ol sowatsyzlykdan kösenýänligi üçin ogly Döwletmämmedi ýaşlykdan okuwa berýär, oňa öz döwrüniň ýokary ylmyny almaga mümkinçilik döredýär. Döwletmämmet başlangyç bilimi öz obalarynda Nyýaz Salyh diýen adamyň elinde alýar. Ol mekdebi tamamlandan soň, daýylarynyň kömegi bilen Hywa medreseleriniň birine okuwa gidýär. Azady şol ýerde düýpli ylym-bilim alýar, döwrüniň görnükli alymy bolup ýetişýär. Akademik A.N. Samoýlowiç ylym-bilim babatdan "…Türkmenleriň dürli tirelerinden maňa belli bolan şahyrlarynyň arasynda Magtymgulynyň kakasynyň mertebesinde goýar ýaly adam hem ýok" diýip ýazýar.
Azady mekdep-medresede alan ylmy bilen çäklenmeýär. Ol onuň daşyndan hem köp ylymlary öwrenipdir. Şahyr arap, pars hem-de köne çagataý dillerini oňat özleşdirip, şol dillerde ýazylan Gündogaryň taryhyny, filosofiýasyny, edebiýatyny gowy bilipdir. Ol şygyr düzüliş kadalaryndan, ritorikadan, logikadan, medisinadan we beýleki ylymlardan-da ýakyndan habarly bolupdyr. Azadynyň medisina degişli konspekti hem-de şahyryň şahsy kitaphanasyndan biziň günlerimize çenli saklanyp galan bir golýazmanyň (bu golýazma häzir TSSR-nyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynyň golýazmalar fondunda saklanýar. 546 nomerli bukja) ýazgylary onuň köp ylymlar bilen içgin gyzyklanandygyny, gözyetiminiň, dünýägaraýşynyň diýseň giň bolandygyny görkezýär. Azadynyň awtografy bolan bu golýazma onuň geçen durmuş hem döredijilik ýoluny öwrenmekde iň ygtybarly  hem-de gymmatly dokumentleriň biri hasaplanýar.
Döwletmämmet — Azadynyň esasy käri oglan okatmak bolup, ol maldarçylyk, ekerançylyk bilen-de meşgullanypdyr. Şahyr adamkärçiligi, parasatlylygy, zähmetsöýerligi bilen halk arasynda giňden tanalypdyr. Ol  külli türkmeniň ýaşulusy, ýakyn maslahatçysy hökmünde hormatlanypdyr. Azady hemişe halkyň jümmüşinde ýaşap, olar bilen bir howadan dem alypdyr, hemişe olaryň hyzmatynda bolupdyr. Şonuň üçin halk şahyry tüýs ýürekden söýüpdir, ony ýakyndan goldapdyr. Bir rowaýatda Azadynyň zähmetsöýerligini halkyň hormatlan adamy bolandygy barada şeýle gürrüň berilýär:

«Döwletmämmet oba oglanlaryny okadar eken. Ol mundan başga az-owlak çarwaçylyk hem daýhançylyk bilen-de meşgul bolupdyr. Munuň ekin-tikin hojalyk işlerine uly ogullary Muhammetsapadyr Abdylla kömek eder ekenler. Ol bir çeşmäni bejerip, ekmäge başlaýar, munuň eken gawun-garpyzy, kädisi, jöweni gowy bitipdir. Azady ekin ekmekde ilata görelde görkezipdir. Şondan soň beýleki çarwalar hem çeşmeleri bejerip ekin ekip başlaýarlar.
Bir ýyl açlyk bolupdyr. Döwletmemmet öz eken ýerinden önen ähli hasyly jemagata paýlapdyr.
Başga bir ýyl Döwletmämmediň hem eken ýerleri hasyl bermeýär. Jemagat öz eken gallalaryndan eltip, onuň öýüni bugdaýdan doldurýar. Döwletmämmet elmydama halk bilen baglanyşykly bolup, olara dürli maslahatlar berer eken. Azady argyş bahanasy bilen köp ýerleri gezipdir. Haramylar hem onuň kerwenini talamakdan çekiner ekenler».

Döwletmämmet — Azady şol döwür türkmen durmuşynda dowam eden jemgyýetçilik-syýasy, taryhy wakalardan çetde durmandyr. Ýurduň tozgunçylygyny, halk köpçüliginiň agyr horluklary başdan geçirýändiklerini gören şahyr zulum-süteme, ekspluatasiýa garşy göreş alyp barypdyr. Ol Hanaly han ýaly zalym hökümdarlaryň, gahar-gazabyndan, gara güýçlerinden gorkmazdan, olaryň wagşyçylykly hereketlerini paş edipdir. Döwletmämmet — Azady türkmen ýaşulularynyň, hatarynda Eýran, Owganystan ýaly goňşy döwletler bilen geçirilen gepleşiklere-de gatnaşýar. Şahyryň ogullary Muhammetsapadyr Abdylla bolsa Çowdur hanyň ýolbaşçylygynda Owganystana gidenlerinde ýolda garakçylaryň elinden heläk bolýarlar.
Azady şeýle uly döwlet ähmietli işler bilen birlikde geljekki şahyr Magtymgulyny terbiýeläp ýetişdirmäge, oňa düýpli  ylym-bilim    bermäge-de  köp  wagt,  uly  zähmet sarp edýär.
Şahyr Buzlypolat, Çowdur han, Durdy şahyr ýaly şol döwür türkmen jemgyýetçiliginiň progressiw pikirli birnäçe görnükli wekilleri bilen ýakyn aragatnaşyk saklapdyr.
Döwletmämmet — Azady altmyş ýaşap, 1760-njy ýylyň 22-nji martynda aradan çykýar. Şahyryň ölümi baradaonuň ogly Magtymguly    «Atamyň» atly mersiesini (elegiýasyny), ýazypdyr. Onda şeýle maglumat berilýär:

Altmyş ýaşda, nowruz guni, lu ýyly,
Turdy ajal, ýolun tutdy atamyň.
Bu dünýäniň işi beýlemiş, beli?
Ömrüniň tanapyn kesdi atamyň.

Şahyr Etrek derýasy bilen Soňudagyň aralygyndaky Aktokaý diýen ýerde,  "Garrymolla" gonamçylygynda  jaýlanýar.

DÖREDIJILIGI:
Döwletmlmmet — Azadynyň edebi mirasynyň aslynda nä derejede bolandygyny anyk takyklamak kyn. Doly görnüşde bolmasa-da şahyryň döreden eserleriniň birnäçesi biziň günlerimize ýazuw üsti bilen gelip ýetipdir. Azady ençeme gazallaryň, rubagylaryň hem-de "Hekaýaty-Jabyr Ensar", "Behiştnama",  "Wagzy-Azat" poemalarynyň awtorydyr.
Beýleki XVIII—XIX asyr türkmen klassyklarynyň köpüsinden tapawutlylykda, Azady Gündogar edebiýatynyň tradisiýalaryny giňden dowam etdirip, öz eserlerini kitaby stilde (köne çagataý dilinde) ýazypdyr. Onuň döredijiliginde Abulkasym Ferdöwsiniň (940—1020), Nyzamy Genjewiniň (1141 —1203), Sagdy Şirazynyň (1208—1292), Abdyrahman Jamynyň (1414—1492), Alyşir Nowaýynyň (1441—1501) täsiri has-da aýdyň duýulýar.
Azadynyň gazallary, rubagylary filosofik, ahlak-didaktiki, sosial-tankydy motiwli eserler bolup, olarda şahyryň jemgyýetçilik-syýasy, filosofik garaýyşlary, adamkärçiligiň gowy gylyk-häsýietleri baradaky öwüt-ündewleri beýan edilýär. Onuň "Dad heý", "Bu hal ile", "Dürli nygmat käni bar" atly gazallarynda sosýal mazmun has-da güýçlüdir. Şahyr XVIII asyr türkmen durmuşynyň dürli nogsanlyklaryny aýtmak bilen, öz döwründen, onuň gurluşyndan şikaýat edýär. Ol özi ýaly ýüz-münlerçe garyp-gasarlaryň arzuw-umytlarynyň hasyl bolmaýandygyny gynanç bilen şeýle beýan edýär:

Uçmak  istär dalmynyp,  köňlüm  guşy maksat sary,
Ýaýylyp, ýel almady parlap, bu synyk bal ile.

Azadynyň şygyrlary özünden soňky ýaşap geçen şahyrlaryň, birnäçesiniň ünsüni özüne çekipdir. XVIII asyr özbek şahyry Pälwanguly Rownak, XIX asyr türkmen şahyry Gurbandurdy—Zelili dagy onuň "Dad heý" atly gazalyna nezire ýazypdyrlar.
Şahyryň rubagylarynyň hemmesi diýen ýaly zeýrenç, gözýaş dökmek äheninde düzülip, olar pessimizme, göwnüçökgünlige ýugrulypdyr. Şonuň üçin olaryň ideýa-çeperçiligi-de gowşakdyr.
Azadynyň "Hekaýaty-Jabyr Ensar", "Behiştnama" poemalary dini häsiýetde ýazylanlygy, öwredijilik hem terbiýeleçilik ähmiýetiniň pesligi sebäpli, halk arasynda giňden ýaýramandyr. Her halda olarda hem şahyryň geçen durmuş hem döredijilik ýoluny, şonuň ýaly-da türkmen edebiýatynyň beýleki käbir meselelerini öwrenmek üçin azda-kände maglumatlar berilýär.
Şahyryň, bize galdyran edebi mirasynyň, iň ähmiýetlisi onuň, "Wagzy — Azat" kitabydyr. Bu poema Azadynyň döredijiliginiň naýbaşy bolmak bilen, bütin türkmen klassyky edebiýatynyň, taryhy boýunça-da original eserleriň biridir.

ÇEŞME: Gollanma

Bu Entryni Paýlaş !

  1. Alexsandra (2 oçko)
  2. Aysa (1 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...