Gowşut han 1823-nji ýylda belli türkmen serkerdesi Öwezdurdy batyryň maşgalasynda dünýä inýär. Öwezdurdy batyryň 5 ogly bolup, olaryň iň ulusy Gowşut, iň kiçisi Hojaguly handyr. Gowşut hanyň perzentleri: Baba han, Baýramaly han, Polat han, Hüjrep han, Hally han, Sary han, Düzüw (gyz).
Gowşudyň uly ogly Baba han soň-soňlar polkownik çinini alypdyr. Umuman, Gowşut hanyň nebereleri häzir Ahalda, Maryda we Türkmenistanyň beýleki ýerlerinde ýaşap ýörler.
Gowşut hanlaryň tiresi: teke/togtamyş beg/gökje/ýary gökje/çomalak-çüri. Gowşut han tegelekden ak ýüzli, ortadan ýokarrak boýly, eginlek, dolmuş göwreli, goýungözli, giň maňlaýly, gaşlagrak, süňkbaşy iri, örän akylly-paýhasly, demir bedenli, ýolbars ýürekli, towşan tüýli, tiz pähim, herbap hem çykymly adam bolupdyr.
XVIII asyryň başlarynda Ahal arkajynyň çarwalarynyň mal-garalarynyň köpelmegi, örüleriň ýetmezligi, ýyllaryň gurak gelmegi ýaly sebäplere görä, teke türkmenleriniň bir bölegi kem-kemden Kaka sebitine süýşýär. Ol ýerlerde eýranly talaňçylaryň çozuşlary zerarly rahatlyk bolmansoň, olar häzirki Gowşut obasynyň 25 km-e golaý demirgazygyna göçüp barýarlar. Ol ýerde 5 topara bölünişip 5 sany gala – Heňňam, Akja, Garaja, Garahan (Torly), Gumgala ýaly galalar salýarlar. Olara Bäşgala ýa-da Bäşgala zamany diýip at berýärler. Galalaryň 5-isine-de bir ýerden suw çekýärler.
Bäşgaladaky tekeleriň üstüne eýranly alamançylar häli-şindi çozup, olaryň suwlaryny kesip durupdyrlar. Olara ynjalyk bermändirler. Ahally aksakgallaryň we kethudalaryň maslahaty bilen Hojamşükür 1823-1825-nji ýyllarda olary Bäşgaladan Sarahsa göçürýär. Ilki tire, gala serdary bolan Gowşut soňra Hojamşüküriň baş serdary bolýar. 1853-nji ýylda bolsa Hojamşüküriň ýerine Gowşut hanlyga göterilýär.
Gowşut han Eýranyň howpunyň güýçlenmegi sebäpli, Sarahsda gala saldyryp başlaýar. Emma Hojamşükür ýaşuly gala salynmagyna garşy bolýar we sözi ýer almansoň, Gowşutdan we onuň wekillerinden öýkeläp, Tejen aýagyna – Üçburç diýen ýere gidýär. Soňra ol Hywa baryp, hana ýagdaýy aýdýar. Öňki 4-5 gezekki çozuşyndanam armanly Mädemin han yrsarap, goşun çekip, Sarahsa gaýdýar. Gaýtmazynyň öňürasynda Köneürgençde medresede sapak berip ýören Gurbannazar molla ogly Ak işany çagyryp, oňa Sarahs tekelerini gyrjakdygyny aýdanda Ak işan:
- Hiç bir häkim öz raýatynyň üstüne goşun çekýän däldir. Olar siziň ata-babalaryňyz bilenem sünni bolanyňyz üçin raýatlygy saklap, Garagumuň goraýjylary, galkany bolupdyrlar. Sizi garşydaky uly duşmanlarymyz bolan Eýran şalaryndan gorap saklapdyrlar, henizem şeýle. Siz bu päliňizden el göteriň! Eger günäkärleri bar bolsa, olary jezalandyryň, temmi beriň! Ýöne öz raýat il-halkyň üstüne goşun çekip jezalandyrmaň! Bu gabahat bolar. Bet päliňizden el çekiň! — diýýär.
Ak işany özüniň sypaýylary bilen maslahatlaşyp, üç gezek töwella edip, Garagumdan (Tejen aýagyndan) getirdişi, onuň öz döwrüniň iň uly ylym ussadydygy hem-de öz islegi boýunça Köneürgençde (gadymy Horezmde) medresede sapak berýändigi, aram-aram özüniňem ondan sapak alyp durýandygy ýadyna düşse-de, gahar-gazabyna bäs gelip bilmedik han:
— Ýok, tagsyr, eger hezreti Pälwan babam menden bolsa, bu pälimden el çekmen — diýýär. Emma Ak işan sowukganlylyk bilen:
— Han, Pälwan babaňam-a bolsa bardyr welin, hasasyny tyrkyldadyp, çepegini şyrkyldadyp, Hasym şyham-a ondan galmasa gerek. Beýleki ýatan tümmeklerimizem halamaz. Şo-ol ýatan gerçeklerem, öwlüýälerem, atasyňam unutmaweriň! — diýip, gadymy 360 öwlüýä we Burkut baba gonamçylyklaryna nazaryny aýlaýar. Gazaby serine uran Mädemin:
— Halamasalar, goý, halamasynlar, şolaryň barysam — Gyzylymamam, Kermenede Soltan baba adyny alyp, uly zyýarathana öwrülen Hasym teke-de (olar Hasym şyha şeýle diýer ekenler), Düýeboýun (Ulug baba) öwlüýäsi-de sizden — diýende, Ak işan ellerini daldaladyp:
— Han, goý, munyň Hudaýdan daş düşmekdir — diýýär. Emma gahar-gazaby akyl gözüni kör eden hanyň sesi öňküden-de beter batlanyp:
— Hawa, ahun-işan! Barysy-da sizden. Hudaýam sizden bolsun! — diýende, Ak işan onuň soňky sözlerini eşitmejek bolup, ellerini gulaklaryna ýetirip, kyblasyna bakýar-da: — "Enşalla, barysy bizdendir" — diýip, sena sanap başlaýar.
Öz ussady – mugallymy bilen tersleşen han tizden goşun jemleýär. Azyk-suwluklaryny kerwenlere ýükläp, Sarahs tarapyna ugramakçy bolanda, ýagny bir aý wagt geçensoň, ýene-de Köneürgençden Ak işany çagyryp oňa:
— Tagsyr biz gelýänçäk, siz Hywa tagtynyň – köşgüniň ýanynda boluň! — diýip tabşyrýar. Ol gazaply garaýyş bilen:
— Han, henizem bolsa ýaman päl-niýetiňizden gaýdyň. Gara ýeriň özüňize-de salýan dawasyny unutmaň. Onsuzam biziň ömrümiz öýle bilen ikindiniň aralygy ýaly gysga. Bigünä bendeleriň şiriň janyny ajal okunyň almagyna sebäpkär bolmaň! — diýýär.
Emma içi ahmyrdan doly gedem han:
— Biz gelýänçäk siz şu köşkde boluň! — diýýär. Ak işan:
— Enşalla, siz geleniňizde bizem bolarys! — diýýär.
65-66 ýaşlaryndaky Ak işanyň ol ýerden gaýdyp, bütin Garagumdaky halklara, Mary, Tejen, Ahal ýaşulularyna: "Musulmanlar! Hudaý bizdendir. Biliňizi berk guşaweriň!" diýip, hanyň maksadyny düşündirmegi, agzybirligi ündemegi, Hywa hanynyň "çeýnejek çöpüniň azalandygy" hakda wagyz geçirmegi; Nurberdi hana, Gowşut hana we beýleki gala hanlaryna habar bermegi netijesinde Sarahsda söweşe berk taýýarlyk görülýär.
Şunlukda, ähli çarwalaryň, Ahal we Sarahs tekeleriniň güýçlerini jemlemeklerinde, duşmana garşy ykjam taýýarlyk görmekde Gurbannazar molla ogly Ak işanyň (Akmämmet) hyzmaty uludyr.
Mädemin hanyň goşuny bir aý töweregi ýöräp, Mara – Murgabyň kenaryna baryp düşleýär. Han ýerli ilata: "Eger şu gije gurbagalaryň ýekejesi gurruldasa-da, 7 ýaşdan 70 ýaşa çenli erkek göbeklileriňizi gyrjak" diýýär. Howsala düşen halk çar tarapa bosup başlaýar. Emma hanyň atlylary olary goýbermeýär. Guşluk-günorta bolanda garrylar, aýal-ebtatlar aglaşyp başlaýarlar. Emma Garry burkaz atly ýaşuly çarwa-çopan: "Adamlar, hapa bolmaň! Ajaldan başga zadyň çäresi adamzada berlendir, bir alajy bolar" diýýär. Soňra ol hanyň goşuny üçin soýlan ýüzlerçe dowaryň içegelerini ýygnadýar, arassaladýar, olary çişirip, iki tarapyny düwdürdýär. Soň bolsa şol içegeleri derýanyň kenaryndaky gamyş-gajarlaryň düýplerinden suwa garap sallaşdyrýarlar. Arasynda keseligine-de hatarlap goýýarlar. Görseler, ikindi wagty golaýlaşýar. Garry aga: "Adamlar, haýdaweriň, indi içegeleri arassalaman, şol durşuna goýuşdyryň" diýen. Şol gije suwuň akymynyň täsirine düşen içegeleriň hereketlerini gören gurbagalar ýylandyr öýdüp, jyňklaryny çykarmandyr.
Ertir ir turansoň han gaharlanyp:
— Bular bir şeýtan – hannas – iblis – azazyl ahyryn. Gurbagalary nädip lal etdiler? — diýip gygyran. Soňra han ýörişini dowam etdirip, Mary bilen Tejen arasyndan baryp, Sarahsyň ekin çygryna girýär. Ondan soň ol Gowşut hanyň galasynyň gündogaryndan aýlanyp, guşluk tarapyna geçýär. Tejen derýasynyň gaýra ýakasynda we Ulug babanyň (Düýeboýun öwlüýäsiniň) gaýra gabadyndaky Ýaglydepäniň üstünde öz ýüpek çadyryny-tuguny gurup, goşunlaryny daşyna ýygnap, 1-2 gün dynç almakçy bolýar.
Hywa hany Mara gelende Gowşut hanyň töwellaçylary kabul edilmän yzyna gaýtarylansoň, Gowşut han taýýarlygy has-da güýçlendirýär. Her niçigem bolsa olar Sarahsa gelende-de Nurberdi hanyň we beýleki sypaýylaryň haýyşy-maslahaty esasynda Gowşut han Täç serdaryň baştutanlygynda 9 adamy töwellaçy iberýär. Olar baryp:
— Han aga, sen bize garşy uruş etme. Biz häli-häzirem siziň raýatyňyz bolup gelýäris. Siz ýalan-ýaşryk sözlere ynanmaň, raýatyňyzam beýle horlamaň! — diýip, 2-3 sapar hana arz-töwella edýärler.
Emma bularyň aýdanyny diňlemegem islemedik han:
— Eşidiň, wekiller! Hanyňyza, ýaşulularyňyza baryň-da aýdyň. Ertir ir bilen gün dogan wagtynda meniň goşunym siziň üstüňize, galaňyza çozar. Nä tüýsli çäräňiz bolsa, haýal etmäň-de görüberiň! – diýýär.
Mädeminiň goşuny diýen wagtynda Gowşut hanyň galasynyň guşluk we demirgazyk taraplaryndan iki bölünip çozýarlar. Emma Gowşut hanyň nökerleri howlukman, olary gala golaý getirip, atyşyp uruşýarlar. Hywa goşunlary muny görüp gaýra çekilýärler.
Tekeleriň atly hem pyýada goşuny şol gün öýleden soň, guşluk tarapdan gelen Hywa goşunlarynyň üstüne çozup, gylyçly hem tüpeňli urşa girişýärler. Şonda duşman köp zyýan çekýär, olaryň birnäçesi ýesir alynýar. Şunlukda, Hywa hanynyň goşuny derbi-dagyn edilýär. Şol günüň ahyrynda garşydaş taraplaryň ikisi-de öz tuglarynyň, berkitmeleriniň töweregine ýygnanyşýarlar. Emma tekeleriň goşunynyň bir bölegi Hywa goşunynyň daşyndan aýlanyp, şol gije olaryň 40-50 sany ýükli erkeklerini – kerwenini (düýekeşi bilen) oljalap, öz çadyrlaryna alyp gidýärler. Şol gün güýçli ýelli howanyň bolmagy-da ýerli goşun üçin amatly bolýar, çünki duşmanlar tozanly ýeliň içi bilen edilen çozuşlaryň haýsy tarapdandygyny bilmäge-de maý tapmandyr.
Ikinji güni daňdanlar Gowşut hanyň galasynyň töwereginde Hywanyň pyýada goşunlary we onuň yzyndan bolsa atly goşunlary arkalaşyp durýarlar. Şol wagt Gowşut han Hajy gaplaň Aýmet oglunyň hem-de Salar keýik Nagym oglunyň ýolbaşçylygyndaky atly goşunlaryň bir bölegini duşmanyň pyýada goşunynyň arkasyndaky atly goşunyna garşy gylyçly urşa gaýduwsyzlyk bilen girişmegi buýruk berýär. Tekeleriň goşuny ýyldyrym ýaly süýnüp, duşmanyň üstüni gapyllykda basýar. Ejizläp, ýan berip başlan Hywa goşuny ganlaryny sarkdyryp, tuglaryna tarap çekilýärler. Olar çozuşdan goranmak üçin penalyrak ýerlerde durýarlar.
Şol gün günortanlar Hywa goşunyna ýene-de kömekçi goşunlar ýeriň pesi bilen gelip, öz goşunlaryny zordan gabawdan çykaryp alyp gidýärler.
Şol günki söweşden soň Mädemin han öz atly goşunlarynyň tekeleriňkiden has pesdigine we ukypsyzdygyna göz ýetirýär. Uruş ençeme günläp dowam edýär. Ýazyň elhenç harasatly-ýelli gününde gaýduwsyzlyk bilen alnyp barlan söweş has-da aýylganç bolýar. Şonda tekeler çozma urşa girişýärler. Çar tarapdan «Çoz teke, ýa Alla!» diýşip, atly hem pyýadalar gylyç oýnadyp, naýza sanjyp, tüpeň atyşyp, her hili söweş hünärlerini ýerlikli ulanýarlar. Bularyň şeýle gahrymançylykly söweşmekleri netijesinde Hywa hanynyň goşuny ýeňlip, ýeliň ugruna gaçyp başlaýar. Olaryň birnäçesi topar-topar bolşup, ýaraglaryny taşlap, gollaryny galdyryp durýar, ençemesi bolsa ýaragyny taşlap, çöke düşüp oturýar.
Tekeleriň çalasyn nökerleriniň bir topary Hywa goşunynyň 3-4 çakyrymdaky tuguna tarap gaçanlaryň yzyndan ýetip, çapyp baryşlaryna Mädemin hanyň çadyryna baranlaryny-da duýman galýarlar. Mädemin han bolsa goşunynyň şeýle ýagdaýa düşeninden bihabardy. Ol ýagly, kişmişli palawdan doýup, sadranç (küşt) oýnap, humarly başyny galdyrman, ýeňşe garaşýardy.
Hanyň tuguna baran çalasyn ýigitler şol ýerde orta boýly, garaýagyzrak, hyýrsyz adama gözleri düşüp, derrew oňa gylyç salyp öldürýärler. Onuň Mädemindigini soňra bilip galýarlar. Gowşut, Nurberdi han dagy birnäçe ýaşulular, sypaýylar bilen Mädeminiň tuguna gelip görseler, ol öldürilipdir. Onuň öldürilmegine gaty gynanan hem gaharlanan Gowşut han:
— Siz, hanyň, patyşanyň düzgünini bilmeýän bir topar nadanlar! Muny kim öldürdi? — diýip, hälki ýigitlere käýýäpdir.
Tuguň ýanyndaky çadyrlara aýlanyp görseler, 15-20 sany özbek, ýagny tagt ýaşululary çadyrlaryň içinde, ýorgan-düşekleriň astynda gorkularyna gizlenip ýatyr ekenler. Bir topar emeldarlary bolsa murtlaryny tozga ýaly, gözlerini çanak ýaly edip, howutlaryň, halyklaryň aşagyna kellelerini sokup, hyklaşyp ýatypdyrlar.
ÇEŞME: Gollanma
ÇEŞME: Türkmen hanlary we serdarlary Ensiklodepiýasy