Musulmanlara Çingizden (Temüçin, Jeňgiz) hem on esse zyýat zowal ýetiren patyşa Teýmirleň (Teýmir agsak–ölmeziniň öňüsyralarynda musulmançylygy kabul edýär) Garagumuň üsti bilen Köneurgenje we Bedirkende geçmekçi bolanda, Aman han Döwletýar beg oglunyň baştutanlygyndaky teke türkmenleri uly uruş edýärler, edil Gökdepe (gala) urşundaky ýaly söweşip gyrylýarlar. Soňra Teýmirleň ol ýerleri basyp alansoň, külli tekäni tüketmek maksady bilen olary Hytaý serhedindäki ot-çöp bitmeýän, tozanly, ýel öwsüp ýatan şor ýere — Taklamekana sürgün edýär. Tekeler bu kapyryň gazabyna uçrap, Taklamekanda, Nurgarabaýyr dagynda, Kermenede, Kelif-Uzboýuň ýakasynda, Artguýuda (Owganystanda), umuman, dört asyra golaý ýurdundan aýraçylykda ýaşaýarlar.
Olar Antguýudakalar 1712-nji ýylda Hojanepes batyryň maşgalasynda bir dogma dünýä inýär. Oňa Keýmir (aňladýan manysy gaýtmaz, dönmez, göni, sowulmaz) diýip at goýýarlar. Döwletmämmet Düýegöz Orazmämmet ogly şol wagt tekeleriň ýaşulusy bolupdyr. Keýmir onuň terbiýesinde kämilleşýär. Şirgazy hanyň söwer dosty Döwletmämmet Düýegöz aga Şirgazy handan ygtyýar alyp, 1719-njy ýylda külli tekäni Wasa göçürip getirýär. Şonda Keýmir ilki öz tireleriniň, soň utamyş urugynyň serdary, soňam Dowletmämmet Düýegöz aganyň baş serdary, orunbasary ýaly wezipelerde halkyna hyzmat edýär.
Şirgazy hanyň ölüminden (1728 ý.) soň kada-kanunlaryň üýtgänligi, şertnamalaryň bozulanlygy, Wasa çekilen aryk-ýaplaryň gömlüp, suwunyň kesilendigi hem-de özüniň gaty garrandygy sebäpli, Döwletmämmet Düýegöz aga "Öli diýerler ol kişa, ýaş togsandan aşansoň" diýen halk pähimine eýerip, ýaşululygy Keýmire tabşyrýar. Ol Wasda durarlyk galmandygy üçin gadymy mekana — Ahal we Merkezi Garaguma dolanmagy maslahat berýär, özi bolsa kän wagt geçmänka şol ýerde aradan çykýar. Emma Ahala gelseler, baryp Horezmiň paýtagty Köneürgençden Hywa geçmezinden 40-50 ýyl öň Ýemreli oýundan ýemreliler, Alili oýundan bolsa alililer Horezm şalary bilen tersleşip, bu ýere gelipdirler we Eýrana raýat bolupdyrlar.
Tekeler bolsa Tejen–Üçburç, Ýolbarsly sebitlerinde mesgen tutunyp, Damla, Ýerbent, Kyrkguýy, Mamur, Garryçyrla, Kürtüş sebitlerinden ta Balkan ýakalaryna çenli ýaýraýarlar. Emma Eýranyň dikmeleri—Etek galalarynyň baş hany Ugurly gazak (ýemreliniň gazak tiresinden), Mary welaýatynyň baş hany Baýramaly han (şaýy, gajarlaryň hany) we Eýran hanlyklary birleşip, tekeleri ýene-de sürgünde bolan ýerlerine kowmak isleýärler. Olar Eýran goşunlary bilen goşulyşyp, çarwa tekelere gün bermeýärler. Ýogsam, şol garyndaş taýpalara Ahal, Tejen, Balkan, Was sebitlerine çenli müňlerçe ýyllykdaky gadymy gonamçylyklarynyň ýatandyklary-da aýdylýar. Emma olar eýranly zalymlaryň penjesinde bolandyklary üçin öz garyndaşlarynyň üstüne ýykgynçylykly çozuşlar edýärler.
Keýmir öz orunbasary Anpaseýit wekili (çeltek–ýagly), Amandöş, Esenoglan ýaly serdarlary, Annaowez (gyzylgöz–ýalyňaýak) işabaşyny (goşun serenjamçysy), onbegileri, atalyklary, ynaklary (geňeşçilerini) çagyryp maslahat geçirýär.
Görogly soltandan (8-9-njy asyr) tä Şirgazy han zamanyna çenli 18 sany baş hanlygyň gowgaly günlerini, Teýmirleň bilen bolan çaknyşykda "Biz diňe Hakdan gorkýarys. Horezm şalary bilen ähtimiz bar, "Ähtinden dänen nembez (nesilsiz) bolar" diýipdirler. Şonuň üçinem sizi Garagumuň üsti bilen goýbermeris…" diýip, uruşdan öň gepleşik geçiren teke begi Aman hanyň sözlerini, özüniň atasy hasabynda, uly iliň hem sahaba hökmünde garan, hormatlan ýaşulusy Döwletmammet Düýegöz aganyň "Biz hiç haçan, hiç kime degmedik, degendenem gaçdyk, ýöne ýaý boýy gaçdyk" diýip, aýdan nesihatlaryny ýatlan Keýmir geçmişini, häzirki we geljekki ýagdaýlaryny paýhas eleginden geçirýär. Baryp, Wasda oturýarkalar ençeme gezek gaça uruşlar eden duşmany Nedirguly awşaryň 1730-njy ýyllarda Hywa hanynyňkyda tussagdaka özi bilen dostlaşyşy (şol wagtlar Keýmir utamyş urugynyň serdary), onuň özüni boşatdyrmak üçin özelenip ýalbaryşy, Döwletmämmet Düýegöz aganyň üsti bilen Nedirguly awşary tussaglykdan boşadyşy, onuň Keýmir bilen eden ähtnamalary, emma Eýrana şa bolapsoň, ähdine biwepalyk edip, häli-şindi çapawulçylykly çozuşlar edip durmagy maslahata ýygnananlary oýa batyrdy. Emma olar hiç haçan Eýrana tabyn bolmandyklary we geljekde-de bolmajakdyklary barada bir çukura tüýkürip, pikirlerini çugdamlaýarlar.
Tekeler Balkan eteginde oturanlarynda Eýran leşgerleri ençeme çozuşlar edýär. Olaryň geljegini asyp, çagalaryny, aýal-gyzlary, garylary Kurtuşbaba eltip, yzlaryna dolanyp gelip eden söweşlerinden soň köp heläkçilik çekip, ýeňlen duşmanlaryň Garagum çölüne çozuşlary azalýar. Emma şol wagt Büjnürt hanynyň baştutanlygynda öz raýaty bolan Ahal arkajyndaky we Etek galalaryndaky türkmen taýpalarynyň mejlis-maslahatlary köpräk çagyrylypdyr. Olar tekeleri Garagumdan kowup çykarmagyň kül-külüne düşýärler.
Keýmir kör Garagum çölünde ahyrky gaçybatalga diýip, deňziň demirgazyk gaýrasynda Ajykölüň towereginde bir goluň daşyna ojar-gum aralaşdyryp berkitme-gala hem gurýar. Soň-soňlar onuň ojarlary çüýräp, guma garylyp gidipdir. Olar köp ýerlerde şeýle berkitmeleri gurýarlar.
Büjnürt hany Kesearkajyň, Ahal we Etek galalarynyň hanlyklary bilen geçirmekçi bolýan uly maslahatyna Garagumda mesgen tutan teke türkmenleriniň serdary Keýmiri-de çagyrýar. "Çagyrylan ýere irinme" diýen nakyla eýerip, Keýmir hem maslahata barýar. Ýygnakda ençeme düşündiriş we guramaçylyk işleri hakynda gürrüň edilýär. Soňra gala hanlary öz ýagdaýlary barada aýdýarlar. Ahyrsoňy Büjnürt hany Keýmire ýüzlenýär:
— Keýmir teke, siziň watanyňyz-ýurduňyz nire?
— Han-hezretleri, biziň mekanymyz-ýurdumyz Garagum çölüdir.
— Onuň belli orunlary-şäherleri haýsylar?
— Belli orunlarymyz–şäherlerimiz: Kürtüş, Zekli, Üňüz, Ýerbent, Garryçyrla, Üçburç, Ýolbarsly, Damla hem beýleki ownuk şäherlerdir.
— Galalaryňyz haýsylar bolar?
— Galalarymyzam Hatapgala, Galtakgala, Akjagala, Gyzylja gala, Çeltekgala, Şeýtangala hem başgalar, han aga!
Keýmir sözüniň üstüni ýetirip, Garagum çölüniň giňdigi, onuň bir ýanynyň Hywa, ýene bir ýanynyň Buhara emirligi, beýleki bir tarapynyň Maňgyşlak bolup, tä Gazak ýurduna çenlidigi, uzyn tarapynyňam Eýran şalarynyň ýurdudygy hakynda aýdýar. Şol aralykda biziň ilimiz çarwaçylyk-maldarçylyk bilen meşgullanyp, mallarymyzy, mal önümlerimizi goňşy welaýatlara eltip, galla hem beýleki harytlara çalyşýarys. Biz hiç bir şalyga, hanlyga – häkimiýete garaşly däl, öz ygtyýarymyzda, özümizi özümiz dolandyrýarys. Hiç kime zyýan bermeýäris, gaýtam ýagşylyk edýäris, ýalançylyk, erbetçilik bolsa iň ýigrenýän zadymyzdyr, han aga! — diýýär.
Keýmiriň batyrgaý sözlerini diňläp, Ugurly gazak äsgermezlik etjek bolýar:
— Keýmir kör, bize argyşa gelen tekeleriňizden habaryňyz barmy? Biz olary horlap, aýallaryny-da basgylapdyk — diýende, Keýmir kör tarsa ýerinden turup, gazap bilen Ugurly gazaga (hana) ýiti nazaryny dikýär-de, başyndaky telpegini ýere patladyp urup, onuň üstünde lampa oturýar. Onuň bu hereketini synlan Büjnürt hany Ugurly hana garap: "Kör tekäniň telpeginiň üstünde oturmagynda bir gep bar" diýen. Soňra ol Keýmire garap:
— Seniň, näme aýtjak zadyň bar, belki ýatdan çykaransyň, ýene-de aýtjak zadyň bolsa aýt? — diýýär. Ol bolsa:
— Meniň aýtjak sözüm ýok, maňa söz galmady — diýýär. Eýran şasynyň zor salmagy bilen Pendi, Şeýhi-Jüneýdi (Guşgy) giňişliklerinde ýaşaýan türkmenler kem-kemden gysylyp, Mara göçürilip getirilýär. Şol ýyllarda Murgap derýasynyň ýakalary Eýrana garaşly bolan.
Hemişe-de teke türkmenlerini halamadyk Baýramaly han tekeleri gelen ýerlerine kowmak üçin her hili pyssy-pujurlyklar edýär. Marynyň aýagynda oturan teke çarwalaryny talap, azar ýamanyny berýärler, hatda oglan okadýan mollany-da, okaýan oglan-gyzlary-da horlap, olaryň namyslaryna degýärler. Oglanjyklaryň ujydyny kesmek ýaly ynsanlykdan çykmalardanam gaýtmaýarlar.
Bu ýagdaýdan soň Garaguma ýaýrap oturan tekeleriň ähli aksakgallaryny we serdarlaryny ýygnap, Keýmir uly mejlis-maslahat geçirýär. Şonda Baýramaly şyganyň (şaýynyň) öz edişindenem beter etmeli, olary talamaly diýip çykyş edenler-de bolýar. Birnäçesi bolsa gyssanmazlygy, öz wagty, ýeri gelende ar almagy, halkda günä ýokdugyny, eger häzir uruş edilse, ýene-de halka uly zyýan ýetmeginiň mümkindigini maslahat berýärler.
Keýmir bolsa teke türkmenleriniň hiç haçan alamançylyk etmändigini, diňe öwezine alamançylyk edendigini, onda-da aýal-gyzlary ýesir almandygyny düşündirýär. Ol onsoň Amandöş (öz baş serdary) serdaryň, Annaseýit wekiliň (orunbasary) we beýleki akyldarlaryň çykyşlaryny diňläp, kömek sorap Hywa hanyna ýüz tutmagy makullaýar. Muny hemmeler goldaýarlar.
Annaseýit wekiliň baştutanlygynda bäş sany adam Hywa hanynyňka we Hywa hanynyň teklibi boýunça soňra Buhara emiriniňkä baryp, Keýmiriň haýyş-towakgalaryny ýetirýärler.
— Horasan welaýatlary Çingiz hanyň ýörişlerinden öňem türkmen taýpalarynyň ýurdudy, hatda ondan asyrdaky zamanlarda-da olaryň ýaşan watanydyr — diýip, Buhara emiri Şamyrat Welnamy maslahatda aýdýar. Olar ýene-de bir aýyň dowamynda sähetli güni duşuşmagy karar edýärler. Garagum sährasyna goşun çekip ugraýarlar.
Amandöş serdaryň baştutanlygyndaky Keýmir körüň goşuny-da ýola düşüp, olar Dänew bilen Baýramalynyň ortalaryndaky gadymy Uzboýuň akgyt ugrunda ojar tokaýlarynyň arasyndaky Köpguýy diýen oýda duşuşýarlar. Dem-dynç alansoňlar salkyn bilen Baýramala ugraýarlar. Baýramala menzil ýarym galanda düşläp, gijöýlän ýene ýola düşýärler. Gije il ýatyp, it uklanda Baýramalynyň 10-11 çakyrym (1,06 km-e deň) golaýynda duşleýärler. Amatly ýerde jaýlaşansoňlar dessine işe girişýärler. Hywa hanynyň, Buhara emiriniň hem Keýmir körüň her biriniň saýlama nökerlerinden 200 (jemi 600) atlyny jemläp, Baýramaly hanyň üstüne hut şol gije ugradýarlar.
Olaryň gijäniň bir wagty duýdansyz dökülmegi Baýramaly hanyň gahar-gazabyny ýetjek derejesine ýetirýär. Çapawul atlylar aldym-gaç urşuny edip, käte yzlaryna serpigip, gaça uruş edýärler. Çapawullar şol gelişlerine bellenen ýere daňdanlar — namaz wagty gelýärler. Keýmiriň we Hywa hanynyň goşunlary ertir namazyny okap ýetişip, öz orunlarynda taýýarlykly duran bolsalar, Buhara emiriniň goşuny namaz okap ýetişmändir. Şonda Welnamy ymamyna garap: "Gysga süre saňa ne kyldy?" — diýip käýýäpdir.
Şunlukda, hersi bir gapdaldan, Keýmir bolsa çat garşysyndan çykyp, Baýramalynyň goşunlaryny dargadýarlar we köpüsini ýesir alýarlar. Baýramaly han ahyrsony ýaraglaryny taşlap, nökerleri bilen tabyn bolýar. Olar ýesirleri bilen bilelikde Baýramaly şygany (şaýyny) öňlerine salyp, şäheriň çetinden baranlarynda ilat ýaşulularyň baştutanlygynda olary duz-çörekli garşylap, Baýramalydan dynanlaryna begenýärler.
Baýramalynyň özüni bolsa bütin şähere aýlaýarlar. Keýmir kör şonda burkaz, aýmak, owgan, haryn, salyr, saryk, soltanyz ýaly ençeme ýerli türkmen taýpa-tireleri bilen hiç hili öjüniň ýokdugyny, emma Baýramaly şyga (şaýy) bilen öçlüdiklerini, bu betbagtçylygyň esasy günäkäriniňem hut Eýran dikmesi Baýramaly şygadygyny (şaýy) aýdýar. Olar Baýramalydan dynansoňlar Maryda türkmen begligini döredip, ony Hywa–Buhara tabyn edýärler. Alnan baýlyklary, oljalary, hatda eýer-esbapdyr ot-iýmlere çenli täze döredilen beglige tabşyrýarlar. Baýramaly hanyň hanlygyna degişli baýlyklaryň ählisini hasaplaýarlar, eýranly baý şygalaryň (şaýylaryň) artyk baýlyklaryny-da döwlet haýryna alýarlar. Şygalary hem birnäçe kakabaşlary maşgalasy, mal-garasy bilen Buhara, ýagny Amyderýa bilen Syrderýa aralygyna sürgün edýärler. Myhmanlary ugradyp, Keýmirem gaýdansoň, Annaseýit wekil 100 atly nöker bilen bir aýlyk galýar we täze begligi tertip-düzgüne salmaga kömek edýär. Bu waka 1785-nji ýylda bolýar. Şol guralan türkmen begligi 1785-nji ýyldan tä 1855-nji ýyla, Hywa hany Mädeminiň Sarahs urşundaky ölümine çenli dowam edýär. Bu ýerde türkmen begliginiň döredilenini eşiden Büjnürt, Maşat hanlary öz janlaryny saklap bilseler razy bolupdyrlar. Baýramaly han ölensoň, ol hakda her hili masgaralaýjy goşgular düzülipdir. Şolaryň biri-de şol döwürlerde ýaşan Gara şahyryň Maru-şahu-jahan hakyndaky "Seniň üstüňde" atly şygrydyr.
ÇEŞME: Gollanma