Türkmen klassyky edebiýatynyň görnükli wekilleriniň birti-de Nurmuhammet Andalypdyr. Andalyp häzirki Ýylanly raýonynyň Garamazy diýen ýerinde eneden bolýar. Şahyr Ýylanly, Ürgenç, Hywa töwereginde ýaşap geçipdir. Ol bu barada "Ýusup-Züleýha" dessanynda gysgajyk maglumat berýär.
Andalybyň biografiýasyna degişli başga hiç hili maglumat ýok. Andalyp "Leýli-Mejnun", "Ýusup-Züleýha", "Baba Röwşen","Zeýnel arap", "Melike-Mährinigär" dessanlaryny ýazýar. "Oguznama", "Nesimi", "Sagdy-Wakgas" poemalaryny döredýer. Andalyp terjimeçi hökmünde hem tanalypdyr.
Şahyr dürli temada ýazan liriki eserleriň hem awtorydyr. Temasy, esasan, söýgä bagyşlanyp ýazylypdyr.
1. ANDALYBYŇ "JYKYR" GOŞGUSYNYŇ MAZMUNY:
Şahyryň "Jykyr" atly goşgusy öz döwrüniň aktul meselesini gozgaýar. Jykyr XVIII asyr türkmen durmuşynda ekerançylyk meýdanlaryny suwarmak üçin peýdalanylan gural bolupdyr. Andalyp bu goşgusynda öz dürdeşlerine jykyr edinmeklerini, ak-gök ekinleri ýetişdirmeklerini nesihat berýär. "Jykyr" eseri 18 asyrdaky önümçilik gurallaryny öwrenmek üçin gollanma bolup durýar.
2. "LEÝLI-MEŽ.NUN" DESSANY:
Nurmuhammet Andalybyň halk arasynda meşhur eserleriniň biri-de "Leýli-Mejnun" dessanydyr.
"Leýli-Mejnun" dessanynyň otuzdan-da köp warýanty bolup, bu dessan Andalyba çenli birneçe şahyrlar tarapyndan işlenipdir. Bu tema boýunça azerbaýjan şahyry N.Genjswi, Gündogaryň beýik şahyrlary Hosrow Dählewi (XIII asyr), Abdyrahman Jamy, Alyşir Nowaýy, Muhammet Fizuly we başgalar işleýärler.
Andalybyň "Leýli-Mejnunynyň" esasy aýratynlygy-onda az-da-kände türkmen durmuşynyň görkezilmegidir.
2.1. Dessanyň temasy, ideýasy:
N.Andalyp "Leýli-Mejnun" dessanyny Gündogar edebiýatynda meşhur bolan halk rowaýatlary esasynda ýazypdyr. Onda söýgi azatlygyny inkär etmeklige protest bildirilýär. Dostuňa, söýgüliňe, halkyňa wepaly bolmak adamyň iň oňat häsiýetleri hatarynda wasp edilýär. Adam söýüjilik, dostluk ideýalary öňe sürülýär.
2.2. Dessanyň položitel we otritsatel gahrmmanlarynyň obrazy:
Dessanda položitel we otritsatel gahrymanlar hereket edýärler. Položitel gahrymanlara Leýli, Mejnun, Zeýt halypa, otritsatel obrazlara Nowfyl, Ibni-Salam degişlidir.
2.2.1. Mejnunyň, obrazy:
Mejnunyň obrazy döwrüniň adalatsyzlyklary zerarly öz söýgülisine, arzuwlaryna ýetip bilmedik we şoňa garşy göreşip bilmän, elheňç ýagdaýa düşen ýigitleriň obrazydyr. Mejnun halk köpçüligi bilen aragatnaşyk saklamaýar. Andalyp Mejnuny durmuşdan, jemgyýetden çetleşdirip, çöllere, haýwanlaryň arasynda ýaşatmak bilen jemgyýetiň ýaramazlyklaryna protest bildirýär. Mejnun wepaly, rehimlk, erkin durmuşy söýýän ýigit. Ony adalatsyzlyk horlaýar. Özüniň gowuşgynsyzlygy bilen heläk bolýar. Ýazyjy Mejnunyň obrazynyň üsti bilen aýgytly hereket etmelidigini, göreşmelidigini nygtaýar. Göreşds ejizligiň özüňiň pida bolmagyňa getirýändigini görkezipdir.
2.2.2. Leýliniň obrazy:
Leýliniň obrazy sada türkmen gyzynyň obrazy. Ol dessanyň başyndan tä aýagyna çenli öz söýgülisine wepaly, adalatsyzlyklary gerdeninde çeken gyzlaryň tipinde hereket edýär.
Leýlide aktiw göreşijilik häsiýeti ýok. Ol diňe durmuşdan, pelekden, ene-atadan zeýrenmäge mejbur bolýar. Mejnuna garanda Leýlide öz maksadyna ýetmek üçin ymtylyş bar. Ýöne hereketiň halkdan üzňelegi degişli netijäni bermeýär. Netijede, Mejnun bilen Leýli armanly dünýäden ötýärler. Leýli bilen Şasenemi, Zöhräni deňeşdiremizde, beýleki gyzlaryň öz maksatlaryna ýetmek üçin birnäçe artykmaçlyklary özlerinde jemländigine göz ýetirýäris:
1.Şasenem öz ýaşan dowrüne oňat düşünýär.
2.Özüniň gyz maşgaladygyna garamazdan, Şasenemde ýaşaýşa haklydygyny anşyrmagy.
3.Şasenem maksadyna ýetmek üçin hereket edýär.
4.Leýle garaňda Şasenemde ukyplylyk, pehimlilik, ugurtapyjylyk güýçli.
2.2.3. Nowfylyň obrazy:
Nowfyl öz gününiň hoş geçenlini bilýän wyždansyz hanlaryň tipidir. Ol batyrlygy-da, rehimliligi-de diňe özüniň bähbitlerine hyzmat etmegi üçin peýdalanýar. Mejnuna Leýlini alyp bermegi wada berip, Leýlini göreninden soň öz pikirinden dänýär. Netijede, at öz bozuk pälinden tapýar. Awtor bu ýerde adalatly netije çykarýar. Mejnun üçin niýetlenen awyly şeraby özüne içirýär.
2.2.4. Ibni-Salamyň obrazy:
Ibni-Salam ýokary gatlak wekili. Ol öz baýlygyna daýanyp, iki söýgüliniň arasyna düşýär. Ol malyň, puluň güýji bilen Leýlini satyn alýar. Leýliniň eli ýaragly topulmagy netijesinde Ibni-Salam gaçyp gidýär.
Netijede, diňe baýlygy bilen iş görüp bilýän, binamys, gorkak adamyň obrazy göz öňünde jemlenýär.
2.3. "LEÝLI-MEJNUN" DESSANYNYŇ KOMPOZITSIÝASY:
Andalybyň "Leýli-Mejnun" dessany proza we şygyr bilen ýazylypdyr. Dessanyň kompozitsiýasy - biri-birini şertlendirýän wakalar ösüş ýagdaýynda gidýär, hemme epizodlar ýerli-ýerinde hem-de yzygiderli ýerleşýär. Dessanyň kompozitsiýasyny emele getirýän wakalar: Leýli bilen Kaýsyň dünýä inmegi, terbiýelenişi, söýgüsi, Kaýsy çöle çykmaga sezewar eden sebäpler, Leýlilere sawçynyň iberilmegi, Mejnunyň sagaldylyşy, Mejnun Käbede, Leýliniň ahwaly, Zeýt, Ibni-Salam, Nowfyl, uruş we onuň netijesi, Leýli bilen Mejnunyň duşuşygy, Leýliniň ölümi. Şu wakalaryň beýan edilişinde wagt yzygiderliligi saklanypdyr.
2.4. Dessanyň dili we çeperçiligi:
Andalyp "Leýli-Mejnun" dessanyny ýazmakda halk dilini esas edinipdir. Şonuň üçin hem bu dessan halk içinde uly şöhrata eýe bolupdyr.
Dessanyň dili, onda awtoryň ulanan çeperçilik serişdeleri örän baý. Dessanda ulanylýan sözleriň hemmesi diýen ýaly häzirki zaman türkmen dilinde-de hiç hili üýtgeşiksiz ulanylýar. Dessanda arap-pars sözleri hem ulanylypdyr. Olar, esasan, poeziýasynda ulanylypdyr, käbir goşulmalarda hem üýtgeşiklik bar. Mysal üçin, Leýli-Leýlige, ýanyna-ýanyga, barardy-barar erdi we ş.m.
Andalyp bu dessanynda gazal, ikileme, dörtleme we bäşleme ýaly goşgy formalaryny ulanypdyr. Meňzetme, deňeşdirme, giperbola ýaly çeperçilik serişdeleri bolsa dessanyň bezegi bolup durýarlar.
2.5. Dessan bagşy-sazandalaryň repertuary:
Andalybyň "Leýli-Mejnun" dessany halkyň arasynda berk ornaşan eserdir. Saz düzmäge ukyply adamlar dessanyň ençeme şygryny heňe-saza salypdyrlar. Dessanyň "Zerara döndi", "Syrdaş bolaly", "Habarlaşalyň", "Görmesem bikarar oldum", "Peýmanyň", "Kim biler", "Geçdi neýleýin" ýaly ençeme şygyrlary halk aýdymyna öwrülipdir.
Leýli-Mejnun" dessany toý-meýlisiň, oturylyşyklaryň hem bezsgi. Aýdym-sazly aýdylýan bu dessan diňleýjileriň edebi isleglerini hem kanagatlandyrýar.
2.6. "Leýli-Mejnun" dessany häzirki döwürde:
Andalybyň "Leýli-Mejnun" dessanyny halk uly söýgi bilen dilden-dile geçirip, biziň döwrümize ýetiripdir. Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Edebiýat instituty Andalybyň döredijiligi we onuň dessanlary barada ylmy iş alyp barýar. "Leýli-Mejnun" dessany hem birnäçe gezek müňlerçe tiraž bilen neşir edilip, köpçülige hödürlendi. Bu dessan esasynda türkmen ýazyjysy "Leýli-Mejnun" librettosyny ýazdy. "Leýli-Mejnun" operasy (sazy Ýu.Meýtus we Daňatar Öwezowyňky) bolsa ençeme ýyl bäri tomaşaçylaryň höwes bilen göwnünden turýar.
3. Andalybyň edebiýat meýdanynda tutýan orny:
Nurmuhammet Andalyp türkmen klassyky edebiýatynyň ösüşinde uly orun tutýar. Onuň zehini bilen döredilen eserler türkmen klassyky edebiýatynyň guwanjydyr. Onuň eserleri XVIII asyryň ykdysady, jemgyýetçilik gurluşy, ýaşaýşy bilen berk baglydyr. Andalyp oz döwrüniň ylymly adamsy bolupdyr. Şahyr eser ýazanda wakalary öz döwrüniň umumy ýagdaýy bilen baglanyşdyrmaga çalşypdyr. Onuň eserleri türkmen milli medeniýetiniň baýlygydyr.