XVIII asyr türkmen edebiýatynyň görnükli wekilleriniň biri Şabende 1720-nji ýylda Was diýen ýerde eneden bolupdyr. Şahyryň ýaşlygy Was, Köneürgenç sebitlerinde geçýär. Soň Hywada, Ahal, Gürgen töwereklerinde hem gezýär.
Şahyryň ady Abdylla bolup (käbir maglumatda Abdylnazar), Şabende edebi lakamydyr. Onuň bu lakamyny dostunyň Eýran şasyna bendi bolup düşmegi bilen baglanyşdyrýarlar.
Şabendäniň kakasyna Mämi molla diýer ekenler. Ol ylymly adam bolupdyr. Öz ogluny hem düşunjeli edip ýetişdirmek maksady bilen Hywa medreseleriniň birine okuwa ýerleşdirýär. Şabende bu mümkinçiliklerden peýdalanypdyr we netijede, ökde at-şynas, belli sazanda, görnükli söz ussady bolup ýetişipdir.
Şabende dil bilimini özleşdirmäge uly üns beripdir. Şahyryň "Şabehram", "Gül-Bilbil" ýaly dessanlary onuň goňşy halklaryň iň gowy ýadygärlikleri bilen tanyş bolandygyna güwä geçýär.
Şabende Meňli diýen öz obadaş gyzyna öýlenýär. Olardan dört ogul dünýä inýär. Ýöne Meňliniň biwagt aradan çykmagy bu maşgala uly urgy bolýar. Şahyr Meňlä bagyşlap düzen şygyrlarynda dünýäniň biwepalygyndan zeýrenýär. Şabende 1800-nji ýylda Wasda aradan çykýar. Maglumatlara görä onuň gubury Wasda, Aşyk Aýdyňyň gümmeziniň gapdalynda ýerleşýär. Şabendäniň nebereleri Daşoguz oblastynyň Görogly (Tagta) raýonynyň «Türkmenistan», Köneürgenç raýonynyň «Leningrad», «8-nji Mart», «Gyzyl Iyldyz» kolhozlarynda ýaşaýarlar.
1.1. ŞABENDÄNIŇ LIRIKASY:
Şabendäniň lirikasynyň möçberi şeýle bir köp däl. Onuň bary-ýogy otuz-kyrk töweregi şygry bar. Olar esasan, yşky-liriki, öwüt-nesihat, hem-de tapmaça häsiýetli goşgulardyr. Beýleki türkmen klassyklary ýaly, Şabende hem döredijiliginde yşky-liriki tema ep-esli orun beripdir. Onuň bu temada ýazan şygyrlarynda gelin-gyzlaryň gözellikleri hem-de adamkärçilik mertebeleri wasp edilýär. Olaryň belli-bellileri çeperçilik ussatlygy babatdan has-da tapawutlanýar. Şahyr «Gözelim», «Peri görmedim», «Dört gözel» («Magruplykda bellidir»), «Tylla seniň yşkyňda», «Söwer ýarym, Meňli», «Meňli hany nätdiň?» atly goşgulary muňa mysal bolup biler.
Şabendäniň «Gözelim» atly goşgusy diňe bir onuň öz döredijiligi boýunça däl, eýsem tutuş klassyky edebiýat boýunça-da saýlama eserleriň biri hasaplanýar. Tematikasynyň bitewiligi, şahyryna pikir-duýgularyň hyjuwly, göçgünli hem dabaraly halda beýan edilmegi epitetleriň, metaforalaryň we beýleki çeperçilik serişdeleriň diýseň köp hem-de ýerlikli ulanylmagy «Gözelim» atly goşgynyň şeýle şowly çykmagyna oňat ýardam edipdir.
Bar bolan maglumatlara görä, şahyr bu goşgusyny Gözel atly gelniň haýyşy bilen döredipdir. Ozal hem ýatlanylyşy ýaly, Şabende, Talyby, Kemine üçüsi ilki birnäçe gün Hywada bolanlaryndan soň, Ahala, Mara gezelenje gaýdýarlar. Ýolda gum etegindäki obalaryň birinde myhman bolýarlar. Olara oňat hezzet-hormat edýärler. Ertesi Kemine: «Bu öýüň ýaşulysy bir ýere gitdimi ýa-da ýokmy?» diýip soraýar. Şonda öý eýesi adamsynyň üç ýyl mundan öň aradan çykandygyny aýdýar. Kemine onuň ýaňy ýigrimi-ýigrimi üç töweregi ýaş, şeýle görk-görmek bilen ömrüni kül edip oturman, kime-de bolsa birine durmuşa çykmagyny maslahat berýär. Ol gelin hem kim bir bent goşguda ýedi aşygyň adyny getirip,özüne bagyşlap goşgy goşup berse, şoňa durmuşa çykmaga razydygyny aýdýar. Nobat Şabendä berilýär. Ol şol ýerde horjunyndan galam, kagyz alyp, «Gözelim» goşgusyny ýazýar we okap berýär. Goşgy gelne ýaraýar. Ol öz şertinde durmaga razydygyny aýdýar. Şabende bolsa oňa ýaşlarynyň deň däldigini, şonuň üçin ataly-gyz bolmagy teklip edýär.
Şabende «Gözelim» goşgusynda şol döwürde we ondan öňki edebiýatda ulanylan epitetleri, deňeşdirmeleri, meňzetmeleri, metaforalary we beýleki çeperçilik serişdelerini örän ýerlikli ulanypdyr. Şahyr aýtmyşlaýyn, ol Gözel «perileriň soltany, hany, toty kimin suhanwer, şirin zyban, kirpikleri hanjar, gaşy keman, lebleri şähdi-şeker, açylan ter gunça, bakyşy hun bahaly, älem görki-guwanjy, serwi-rowan, çölüň maraly, galam gaşly, gözleri jellat, dür-ýakut bilen bezenen, sahypkyran» gelin bolmaly.
Öňki öten aşyk-magşuklary ýatlamak bilen, liriki gahryman magşugyna «Öter üşbu gözellik, bäş gün söhbet guraly, Ýalançyda galmasyn janda arman, Gözelim» diýip ýüzlenýär hem-de real durmuşy lezzetini, hözirini görmegi, erkana ýaşamagy maslahat berýär. Yslam dininiň wagyz-nesihatçylarynyň adamlary göwnüçök-günlik, terkidünýälik ruhunda terbiýeläp, olary passiwleşdirmek, şeýdibem ähli sagdyn hem erkin pikirli adamlardan dynmak ugrunda güýçli göreş alyp barýan döwründe, Şabendäniň adam ömrüniň gysgadygyny, onuň geçip barýandygyný ýat-latmak bilen, döwürdeşlerini ýaşaýşa, göreşe aktiwleşmäge çagyrmagy uly ähmiýete eýedir.
Şabendäniň «Dört gözel» atly goşgusy-da onuň original eserleriniň biridir. Şahyr bu şygrynda gelin-gyzlary taryplamagyň özboluşly tärini ulanypdyr. Ol dört gözeliň biri-birinden bezemendigini, owadandygyny, şirin dillidigini nygtamak bilen, olaryň hemmesiniň-de mertebesini arşa çykarýar. Gelin-gyzlary şeýle usulda wasp etmek türkmen halk döredijiliginiň we klassyky edebiýatynyň taryhynda başga-da duş gelýär.
Şahyryň söýgi lirikasynda onuň şahsy durmuşy bilen bagly eserler bar. Ol söýgülisi hem baş ýoldaşy hakynda «Söwer ýarym, Meňli», «Meňli hany nätdiň?» atly goşgularyny döredipdir. Şahyryň «Söwer ýarym, Meňli» goşgusy onuň ýaş ýigitlik ýyllaryna degişli bolup, onda Meňliniň juwanlyk döwründäki görk-görmegi taryplanýar. «Meňli hany nätdiň?» goşgusy gam-gussaly motiwde bolup, ol şahyryň aýalynyň ölümi bilen baglanyşykly düzülipdir. Şabende goşgynyň bütin dowamynda ençeme öten-geçenleri ýatlap, pelekden şikaýat edýär hem-de olaryň hemmesini Meňliden jyda düşmegi bilen baglanyşdyrýar.
Şabende lirikasynyň uly bölegini öwüt-nesihat tema bagyşlapdyr. «Kim biler», «Aty bolmasa», «Haýyr-patasyn almanyň», «Ynsan ugraşsa», «Nä bilsin», «Ganatlanyp uçmaga», «Ussatdan tälim alanyň», «Haty ýagşydyr» atly goşgularynda namart, gorkak, husyt, harsydünýä, gedem, öwünjeň; utanç-haýasyz, ýaňra, samsyk, il derdine ýaramaýan adamlary kötekleýär hem-de şeýle häsiýetleriň adamkärçilik bilen bir ýere sygyşmaýandygyny öwran-öwran nygtap geçýär. Şahyr pikirlerini-kontrast usulda beýan etmek bilen, batyr, edermen, dogumly, mert, pähim-paýhasly, sahy, il derdine ýaraýan adamlary otrisatel tiplere garşy goýýar. Şabende adamkärçiligi wasp etmegi, adam mertebesini belent tutmagy özüne şygar edinipdir. Ol «Jepa eýledim» atly goşgusynda bu barada şeýle diýýär:
Kimseler bolupdyr äleme soltan,
Birnäçeler gezer akyly haýran,
Adam abraýy üçin eýledim jöwlan,
Men bu jana şeýle jepa eýledim.
Şahyr adam häsiýetlerini örän synçylyk bilen suratlandyrypdyr. Ol bir degimsize emel ýetse, gözi ýer görmeýändigini, doýmaz-dolmazlyga, harsydünýälige ýüz urýandygyny aýdýar hem-de şeýle adamlary paş edýär:
Bedasyl ýigide ýetişse beglik,
Tumak baglap, hatyrasyn jem biler.
Ýa-da:
Suw üstünde ýergesize ýer gelse,
Garny doýman, sarkyt bermez içmäge.
Şahyr batyr, edenli, dogumly, akylly adamlary göze sürme hasaplaýar.
Şabende ýaşan jemgyýetinde başarnygyň, adamkärçiligiň mal bilen, baýlyk bilen ölçenilýändigini uly gynanç bilen ýatlaýar.
Gürrüňde ýigidiň ady tutulmaz,
Gylygy, gylyjy, aşy bolmasa.
Ol Gündogaryň beýik söz ussady Alyşir Nowaýynyň durmuşyndan mysal getirip, öz pikirlerini has-da täsirli beýan edipdir. Bize belli bolşuna görä, Nowaýy Husaýyn Baýkaranyň köşgünde mürze bolup, döwlet işini dolandyrmakda, oňa köp peýdaly maslahatlar berýär. Şeýdibem ençeme ganly çaknyşyklaryň öňi alynýar, ýurduň, il-günüň hal-ýagdaýynyň gowulaşmagyna, ylmy-medeniýetiň ösmegine uly ýardam edýär. Emma şonda-da hiç kim onuň gadyryny bilmeýär. Gaýta tersine köşk adamlary tarapyndan oňa her hili şyltaklar atylýar, ol ençeme gezek döwlet işinden çetleşdirilýär. Beýik söz ussadynyň şeýle şowsuzlyklara uçraýşy, häkim toparlar bilen alyp baran göreşleri, onuň parasatlylygy, dilewarlygy türkmen halk döredijiligindäki anekdotlar toparynda örän çeper beýan edilipdir. Şabende hem «Kim biler» atly goşgusynda şu ýagdaýy ýatlap geçýär:
Selmany-päk bolsaň ýa kazy-lukman,
Myraly şir bolsa, gadryň kim biler.
Şabende öwüt-ündewlerini watançylyk ideýasy bilen-de baglanyşdyrypdyr. Ol halkyň erkinlik, özbaşdaklyk ugrunda daşary ýurt basybalyjylaryna garşy alyp baran göreşinde il-gününi söýýän batyr, gahryman, edenli ýigitleri terbiýeläp ýetişdirmegiň zerurlygyna düşünipdir hem-de olary taryplapdyr («Kem biler», «Ynsan ugraşsa», «Ganatlanyp uçmaga»). Şahyr halky birek-biregiň sarpasyny belent tutmaga, agzybirlige çagyrypdyr. Baş-başdaklygy, duşmançylygy, agzalaçylygy ýazgarypdyr:
Tutan işi barmaz başa,
Täsipli bolan iliň.
Şabendäniň ahlak-didaktiki goşgularynyň öz döwri üçin uly terbiýeçilik ähmiýetiniň bolandygy belli zatdyr. Olar häzir hem öz güýjüni ýitirmän gelýär.
Şahyryň aýdyşyk we tapmaça häsiýetli goşgylary hem bar. Mysal üçin, «Dagy bäş», «Wallasy kyrk», «Kaýdadygy bilinmez», «Zamany nedir», «Kaýsydyr erur» atly goşgularynda şahyr näme hakynda pikir ýöredilýän bolsa, onuň häsiýetli hem özboluşly aýratynlyklaryny aýlawly sözler arkaly ýatlatmak bilen, oýlap tapmasy kyn soraglary orta atýar. Oýlanyp tapylmaly jogaplar astronomiýa, anatomiýa, taryh, edebiýat we beýleki ylymlar bilen bagly bolup, oňa dini äheň berilýär. Şabendäniň «Dagy bäş» hem «Wallasy kyrk» atly goşgularynda Aý, Gün, ýyldyzlar, bir ýyl, dört pasyl, on iki aý, hepde, gije gündiz barasynda söz açylyp, olar bäş wagt namaz, kyrk parz (Yslam dini boýunça ýerine ýetirilmeli kada-kanunlar) bilen baglaşdyrylýar:
Habar bergil, Haşym hojam,
Ne çölüstandyr, dagy bäş.
Agzynda kyrk müň kyrk dişi,
Ne ýylandyr aýagy bäş.
Synamda yşkyň dagy bar,
Dilsiz, agyzsyz ýagy bar.
Üç ýüz altmyş aýagy bar,
Her aýagnyň barmagy bäş.
Birinji bentde şahyr gije-gündizi asty ak, üsti gara ýylana, gijäniň garaňkylygyny agza, asman ýyldyzlaryny bolsa dişe meňzedýär. Ikinji bentde, «Üç ýüz altmyş aýakly, dilsiz-agyzsyz ýagy» bir ýyl diýen manyny aňladýar. Milady hasabyndan tapawutly hijri senesi oýunça bir ýyl üç ýüz altmyş gün hasaplanýar. Onuň «Kaýdadygy bilinmez» atly goşgusynda şol maglumatlaryň üsti ýetirilýär:
Ol nedir kim, dört ýanynda ýüzi bar,
Ol nedir kim, synasynda gözi bar,
Ne kelamdyr üç ýüz altmyş sözi bar,
Ýerde, gökde, Aýdadygy bilinmez?
Bu bentdäki "dört ýanynda ýüzi bar" dört pasyl, "synasynda gözi bar" Aý hem Gün (iki göz), "üç ýüz altmyş sözi bar" üç ýüz altmyş gün bolmaly.
Beýleki birnäçe şahyr ýaly, Şabende «Kaýsydyr-Erur» atly tapmaçasynda sorag we onuň jogabyny bilelikde beripdir.
Şahyr tapmaça häsiýetli goşgularyny, bir tarapdan, Kasym hojam ýaly (kä ýerde Bakyr hoja) din wekilleriniň ylym-bilimini, olaryň dünýägaraýşyny barlap görmek, olary synagdan geçirmek, ikinji tarapdan bolsa, döwürdeşleriniň tiz pähimliligini, oýlanyşyny, ylym-bilimlerini ösdürmek maksady bilen düzüpdir. Ol ruhanylary sowatsyzlykda, nadanlykda aýyplaýar. Hatda ylym-bilimi bolmasa-da, halk köpçüliginiň öz aýdanlaryna düşünýändigini olara ýatladýar.
Şabendäniň tapmaça ýaly goşgulary onuň öz döwrüniň ýokary sowatly adamy bolandygyny, onuň köp zatlar bilen gyzyklanan-dygyny, pähim-paýhasly, ýiti zehinli, dilewar, gepe-söze çeper adam bolandygyny görkezýär.
Şabende «Lailaha illalladyr», «Lälezar etgen jelil» ýaly dini-mistiki äheňdäki goşgulary hem ýazypdyr. Olarda dini düşünjeler öwüt-ündew edilýär. Bu şahyryň döredijiliginiň çäkli tarapydyr.
Şabende lirikasyny türkmen şygyr sungatynyň gowy nusgalary bilen bezäpdir. Ol halk gepleşiginiň iň saýlama sözlerini kapyýa hökmünde ulanypdyr. Onda arap-pars sözleri örän az duş gelýär. Şabendäniň goşgularynyň köpüsi 8-11 bogundan ybarat bolup, olaryň hemmesi diýen ýaly goşuk (murapbag) formasynda ýazylypdyr. Onda 14–15–16 bogunly muhammes (bäşleme), on ikileme formasynda ýazylan şygyrlar-da duş gelýär. («Kaýsydyr - Erur», «Gözelim»).
Möçber taýdan şeýle köp bolmasa-da, hil babatdan gowy goşgulary bilen Şabende türkmen poeziýasyna gymmatly goşant goşupdyr. Ol XVIII asyr türkmen edebiýatynyň taryhyndaky realistik ugruň ösmegine uly ýardam edipdir.