Mahmyt Gaýyby (1735-1810)

+1 ses
1[main/_thousands_separator]182
user-avatar-image Awtor: (Talyp) | Kategoriýa: Biýografiýa | 04.12.2018 10:32 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#242)
Mahmyt Gaýyby XVIII asyryň birinji ýarymynda takmynan 1735-njy ýylda doglupdyr. Şahyryň çyn ady Mahmyt bolup, Gaýyby onuň edebi lakamydyr. Şahyr eserlerini Gaýyby, kemine Gaýyby, Gaýyp, molla Gaýyp lakamy bilen ýazypdyr. Şahyryň doglan we ölen ýyllary köplenç takmyn bilen bellenilýär.
Mahmyt Gaýyby Köpetdag eteklerinde, Etrek, Gürgen, Balkan, Bäherden sebitlerinde ýaşap geçipdir diýmäge esas bar. Mysal üçin, şahyryň «Nesihatnama» atly eserindäki: «Asyl mekany ýeri Jürjanydyr» diýen setirde onuň asyl mekanynyň Jürjan bolandygy aýdylýar.
Ol obada daýhançylyk we mugallymçylyk hünärleri bilen meşgullanypdyr. Ol bir goşgusynda:
"Eý Gaýyby, ebjetden okap harpy-wujudyň,
Bak, Fatyhadan gör, bu elip-lamyna düşdi."
diýýär. Bu setirlerdäki "elip-lamyna düşdi" ebjet hasabatyna görä hyjry 1147, milady 1734-35 ýyllaryna deň gelýär.

Gaýybynyň nirelerde okap, ylym alandygy hakda takyk maglumat ýok. Ýöne şahyryň goşgularyny okanyňda, onuň jemgyýetçilik ylymlaryny, arap, pars dillerini gowy bilendigine göz ýetirmek bolýar. Gaýyby, esasan, ýazuw edebiýatynyň wekili bolup, eserleriniň köpüsini Gündogaryň görnükli klassyklary Nowaýynyň, Fizuliniň stilinde, aruz ölçeginde ýazypdyr, döreden şygyrlaryny kagyz ýüzüne geçiripdir.
Gaýyby aýdym aýdyp, saz çalmagy söýüpdir. Onuň baý edebi mirasy (bagşy-sazandalary, şahyrlary ölümden halas edişi hakynda rowaýat hem) bar. Gaýyby 600 töweregi eseri jemleýän gazallar diwanynyň hem-de "Otuz iki tohum kyssasy" we "Nesihatnama" atly poemanyň awtorydyr. Gaýyby liriki şahyrdyr.

Ol öz poemasynda şahyrana pikir duýgular arkaly adam-zat gözelligini wasp edip, ençeme progressiw ideýalary öňe sürüpdir. Şahyryň döredijiliginde söýgi temasy esasy orun tutýar.
Onuň bu temada köp eserleri bar: "Älem geda, men hem geda", "Käkilik", "Elden gider", "Gelmese uýky gijeler" we ş.m. Ol bu eserlerde gelin-gyzlaryň görk-görmegini, edep-ekramyny, el hünärini, belent adamkärçiligini taryplaýar.
Gaýyby sosial motiwli "Zaman geldi", "Sopular", "Eýýäm talh", "Jepalar eýledi" ýaly goşgulary;  tebigat gözelligini suratlandyrýan "Älem gülgüzar aldy ýene" "Açdy ruhsaryň ýene", "Pasly bahar oldy" we başga temalara degişli goşgular döredipdir.

Şahyr "Otuz iki tohum kyssasy" poemasynda allegorik obrazlar arkaly şol döwrüň jemgyýetindäki dürli sosial toparlaryň arasyndaky gatnaşyklary suratlandyrýar. Olaryň hersiniň häsiýeti obrazlaryň üsti bilen ýüze çykarylýar. Esere gowaça, budaý jöwen künji, arpa... ýaly ösümlikler gatnaşýar. Köp wagtlyk Jedelden soň gowaça ýolbaşçy saýlanýar. Şahyr Gündogar klasyklarynyň deplerine eýerip, öz eserlerini kitaby dilde, aruz we ş.m..ölçeglerde ýazypdyr.

Gaýyby türkmen edebiýatynyň taryhynda gazal ýazmagyň ussady hasaplanýar. Ol Gurbanaly Magrupy bilen döwürdeş bolup, onuň bilen özara gatnaşyk saklapdyr. Mahmyt Gaýyby bilen Gurbanaly Magrupynyň goşgy arkaly sorag-jogap aýdyşyklary, Magrupynyň nezire usulynda
Gaýybynyň «Istär köňül» atly muhammesi esasynda öz eserini döretmegi şol döwürde olaryň ikisiniňem ýaşynyň kämillige ýetendigini, ylym-bilim babatda kän kitaplary okap, köp zatlary bilendiklerini habar berýär.
Şahyryň ölüm senesi hem goşgylaryndaky setirlere görä takmynan 1810-njy ýyl diýlip hasaplanylýar. Mysal üçin, bir myrabbasyndaki "Ömrüm gitdi altmış iki yaşıma" setirlerinden 62 ýaşyny geçendigini bilse bolar.

Onuň iň tanymal goşgusy «Gelende bardyr» şahyryň ussatlygyny göz öňüne serýär.

Saz bilen söhbete ýalan diýmäňler,
Adam ata dünýä gelende bardyr.
Habyl bile Kabyl ene garnynda,
Olar hem dünýäge gelende bardyr.

Adamy kowdular behiş öýünden,
Häzir kim tapar öz pälinden hüýünden,
Özüň sakla aby haýýat suwundan,
Nuhyň keşdesine münende bardyr.

Muhammet pygammer din ýolun açdy,
Bilal azan aýtdy kapyrlar gaçdy,
Ebubekir, Omar, Osman ýetişdi,
Aly zülpükaryn çalanda bardyr.

Mollalar jem bolup tapmady delil,
Men saňa sygyndym ýa Rebbim Jelil,
Ysmaýyl pygamber Ybraýym Halyl,
Mekge Medinäni salanda bardyr.

Mollalar jem bolup gitdiler hemme,
Adalat diýgeniň manysy näme?
Şeýle adalatly soltan Jümjüme,
Dünýäniň lezzetin görende bardyr.

Adam ogly her haýsysy bir işde,
Ýer ýüzünde tutmak üçin serişde,
Harut Marut atly iki perişde,
Babyl guýusyna düşende bardyr.
user-avatar-image Awtor: (Talyp) | 04.12.2018 10:32 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#243)
Mahmyt Gaýyby "Istär köňül" goşgusy.

Dünýe mülkünde ýaranlar, şähriýar istär köňül,
Segredip münse bedewni, şasuwar istär köňül,
Gul bilen gyrnak-da bolsa, hanawar istär köňül,
Täji-tagty,lagly-göwher, zernigär istär köňül,
Kapyra ursam gylyjy, zülpükar istär köňül.
 
Atlanyp çyksam şikäre, at-ýarag esbaby-şaý,
Salsam ýüwrük tazylar, tugun, ütelgi, garyçgaý,
Aşy-nan bermekde bolsam göýäki Hatamy-Taý,
Hoş owaz şahyr gerek, tanbur, gyjak hem depu-naý,
Zynaty-zowky sapalar, käri-bar istär köňül.
 
Metjidiň molla ymamy karyýy-garra gerek,
Beçjeler mekdepde bolsa dilleri burra gerek,
Täze mahbup zernigäriň arly bih jürre gerek,
Ili baý jemgyýete tagtynda adyl şa gerek,
Çarwadarymyz çöl-de bolsa, sonadar istär köňül.
 
Haýr üçin kylsam ziragat niçe aý-u ýer gerek,
Galla gaýry daşamaga ýedi hatar ner gerek,
Ner başynda gupbasy altyn, kümüş owsar gerek,
Zahyda metjit gerek, kim wagyza münber gerek,
Hapyzym Gurhan okysa, hoş owaz istär köňül.
 
Teblede dursa bedewler, ýanynda bolsa seýis,
Binamazu-beňňileri yhtysap kylsa reýis,
Kyrk düýäm söwdaga ýörse, goldasa soltan Weýis,
Serhowuz, howly-haremden gelse müşki-anbar ys,
Öýe girsek näzenin, çeşmi-humar istärköňül.
 
Bar ylaha, neýläýin, bagtym bolupdyr enjümen,
Ýary-kabyl tapsam-u sarp eýlesem ýüz müň tümen,
Deşti-sähraga çykyp, keşt eýlesem bagy-çemen,
Reňki gyr, reftary hup, münsem ýene ýorga semen,
Paslymyz nowruz-da bolsa, lälezar istär köňül.
 
Gaýyby diýr, bar ylaha, aç guluňyň bagtyny,
Käbe sary baş goýuban okagyn bäş wagtyny,
Dostlara bizden nesihat, nesýä goýmaň nagtyny,
Gördüňizmi, neýledi Dawut, Süleýman tagtyny,
Käbeýi-beýtil-harem diýip, ygtyýar istär köňül.
user-avatar-image Awtor: (Talyp) | 04.12.2018 10:34 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#244)
Mahmyt Gaýyby we Gurbanaly Magrupynyň "Aýdyşyk" sorag-jobagy.

Magrupy:
Bizden salam bolsun molla Gaýyba,
Dünýäniň binasy haçan tutuldy?
«Küntü kenzen mahfiýýenden» habar ber,
Kelemeýi-şahadat nirde bitildi?

Gaýyby:
Gaýry salam bolsun molla Magrupa,
Hak «Kün!» diýdi, şol gün bina edildi.
Tuby agajynyň ýapraklaryndan,
Kelemeýi-şahadat şonda bitildi.

Magrupy:
Hak owwal namany kime okatdy,
Ol kim idi okaban özün unutdy,
Adamdan ileri niçe kowum ötdi,
Dergada haýsynyň sözi tutuldy?

Gaýyby:
Hak owwal namany Adam okatdy,
Okaban Ezraýyl özün unutdy,
Adamdan ilgeri Benijan ötdi,
Dergada Resulyň sözi tutuldy.

Magrupy:
Haýsy günde bina etdi ol guşy,
Niçedir ganaty, guýrugy, başy,
Höregi nämedir, niçedir başy,
Niçe müň ýyldan soň başy ýetildi?

Gaýyby:
Penşenbe gün bina etdi ol guşy,
Dört bolar ganaty, guýrugy, başy,
Höregi darydyr, elli müň ýaşy,
Elli müň ýyldan soň başy ýetildi.

Magrupy:
Suwdaky balygyň puşty nä çenli?
Üstündäki gäwiň göşti nä çenli?
Ol arşy agzamyň hyşty nä çenli?
Niçe melek hasabynda bitildi?

Gaýyby:
Suwdaky balygyň uludyr puşty,
Ýedi müň ýedi ýüz batman ol gäwniň göşti,
Gudrat bilen salyndy agzamyň hyşty,
Dört melaýyk hasabynda bitildi.

Magrupy:
Bilermi sen haly nedir, boş nedir?
Jeset nädir, menzil nedir, guş nedir?
Ol ne bazar, gymmat baha daş nedir?
Kimiň daşy kem bahaga satyldy?

Gaýyby:
Eger bilsem, haly budur, boş budur,
Jeset menzil, janyň gerek, guş idir,
Ol imanyň gymmat baha daş idir,
Şeýtan daşy kem bahaga satyldy.

Magrupy:
Magrupy diýr, ne kysmata ýazyldy?
Ol ne zynjyr bir-birine düzüldi?
Niçe ýylda wagty ýetip üzüldi?
Aý bilen Gün haýsy wagtda tutuldy?

Gaýyby:
Gaýyby diýr, gurbat bilen ýazyldy,
Gije-gündiz bir-birine düzüldi,
Sansyz ýylda wagty ýetip üzüldi,
Aý bilen Gün harasatda tutuldy.
user-avatar-image Awtor: (Talyp) | 04.12.2018 10:53 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#245)
Mahmyt Gaýybynyň Otuz Iki Tohum Kyssasy.

mefâîlün, mefâîlün, fâilün
Ýaranlar, aýdaýyn men bir hekaýat,
Hekaýat magnysynda bu rowaýat.

Rowaýatda bitildi «Ekelnama»,
Barabar boldy hemme has-u aama.

Jepany Hazreti-Adam çekendir,
Otuz iki tohum baryn ekendir.

Sena aýdyp hemmesi çykdy ýerden,
Behiştiň dawasyny kyldy birden.

Tagalylla beripdir bize nygmat,
Behamdylla bilipdirmiz ganymat.

Şükür kyldyk ony şükürnasyga,
Bitildi her beýit bir dänesige.

Tamamy miweler şirin-u turşy,
Ýygylyp ýördiler jennete garşy.

Hemme «Bismylla!» diýip turdy ýerinden,
Gadam ileri basdy bir-birinden.

Jugary aýtdy: «Owwal özüm barar men,
Boýum uzyn, sakalym ak erer men.

Başymda selle-ýu sopynema men,
Hemmäňizden uly men, kethuda men.

Bilimi bäş ýerimden baglaýyp men,
Özüm jennete garşy çaglaýyp men.  

Oşol halatda Bugdaý diýdi: «Akmak,
Senem peýda bolup sen mugjyzy-hak.

Tapypdyr sen nejasatdan kemaly,
Uzyn bolsa, boýuň gördi şemaly.

Howanyň şitdiginden agarar sen,
Ne ýüz birle jennete barar sen?!

Owamy sopyga meňzär syýagyň,
Ýüzüň aşgara meňzär, ýokdur ýagyň.

At-u eşek iýmez ajy palajyň,
Meniň ýanymda ýokdur hiç alajyň.

Seniň bäsiň göreý, kanda barardy,
Ne ýerde urdular, ýüzüň garardy?

Emelsiz sopy sen, tokmaga gaýym,
Başyňy sal guýy, bolgul mylaýym!»



Hemmesi bildiler Gozany öwla,
«Ulug sen!» diýip, hemme etdi töwella:

Doga eýläp, hemme zary kylarmyz,
Hemmämiz waspy-didary kylarmyz».


Bu sözi muhteser kyldy tamamy,
Bu Goza pişwa boldy ymamy.

Otuz iki tohumyň ýok hasaby,
Muňa ança ýazar bolsa kitaby.

Diýdi kim, Gaýyby, söz muhteserdir,
Ki mundan artygy hem derdeserdir.
user-avatar-image Awtor: (Talyp) | 04.12.2018 10:55 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#246)
Mahmyt Gaýybynyň Gazaly.

Senden özge, eý, senem, bu jümle duşmandyr maňa,
Dost tutmaz kim seni, bil, ol ki duşmandyr maňa.

Ten içinde jan ki diýrler sagynar men, men seni
Fi-l-mesel yşkyň onuň daşyndaky tendir maňa.

Dünýä gözüme garaňky görüner, eý, dilruba,
Tä seniň şemgy-jemalyň birle röwşendir maňa.

Bolmuşam Behlul kibi diwana yşkyňdan seniň,
Kaýda weýranhana ýerler bolsa, mesgendir maňa.

Dünýäniň bu bagy-gülzaryn neter men, Gaýyby,
Ýarymyň ziba jemaly bagy-gülşendir maňa.
...