Gurbannazar Ezizow (1940-1975)

+1 ses
289
user-avatar-image Awtor: (Talyp) | Kategoriýa: Biýografiýa | 14.12.2018 11:04 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#288)
Gurbannazar Ezizow 1940-njy ýylyň 1-nji martynda Aşgabat etrabynyň Büzmeýin obasynda eneden bolýar. 1948-nji ýylda mekdebe barýar we 1959-njy ýylda Aşgabat şäherindäki 29-njy orta mekdebi tamamlaýar. Şol ýyl Türkmen döwlet uniwersitetiniň filologiýa fakultetine okuwa girýär. Uniwersiteti 1964-nji ýylda tamamlaýar we Çagalar edebiýatynyň birleşen neşirýatynyň redaksiýasyna işe iberilýär. Şol ýylam goşun gullugyna çagyrylýar. 1965-nji ýylda gullugy tamamlap geleninden soň, 25 ýaşynda Halnabat bilen durmuş gurýar. Halnabatdan 4 gyzy 1 ogly bolýar. 1965-den 1970-nji ýyla çenli "Edebiýat we sungat" gazetiniň poeziýa (şygryýet) bölüminiň müdiri bolup işleýär. 1972-nji ýyldan ömrüniň ahyryna çenli Türkmenistan Ýazyjylar birleşiginde edebi geňeşçi bolup işleýär. Gurbannazar Ezizow 1975-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda aradan çykýar. Ol özboluşly talanty bilen gysga ömründe türkmen edebiýatynda öçmejek yz galdyrmagy başardy.

Döredijiligi:
Gurbannazar on bäş ýaşyndaka, onuň ilkinji goşgulary çap edilip başlanýar. G. Ezizow ýüzlerçe täzeçil, gowy goşgular bilen birlikde türkmen edebiýatynda ilkinji bolup "Sonetler çemenini" döretdi. "Daş gyz", "Pikir derýasynda akyl gämisi", "Söýgi", "Güýz" poemalaryny, "Nesiller", "Uruşdan soň", "Tabyt" dramalaryny, "Görogly" şadessanynyň librettosyny ýazdy.
Ezizowyň poeziýasyna setirleriň çeperligi, çuň manylylygy häsiýetlidir. Onuň «Oglan bilen deňiz» (1969), «Ynam» (1971), «Ýer-gögüň arasynda» (1973), «Gyzyl otrýad hakynda ballada» (1978) ýaly goşgular ýygyndylary çap edildi. 1960-70 ýyllarda E. ýaş türkmen sowet poeziýasynyň ösüşine uly goşant goşýar. Şahyryň ýazyş manerasy goşgularynyň stili, özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Şahyr öz eli bilen toplan iň soňky goşgular kitabyny «Güýz» (1978) atlandyrýar.«Serpaý» diýen goşgular ýygyndysy 1978-nji ýylda neşir edilýär. Onuň «Türkmen sährasy», «Daglar» ýaly goşgulary aýdymçylaryň repertuaryna ornaşdy. Poemalary sahnalaşdyryldy. Şahyryň goşgulary ençeme halklarynyň diline terjime edildi.
Talantly türkmen şahyry Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesidir. 2007-nji we 2011-nji ýyllarda Ezizowyň goşgular ýygyndylary çap edilýär.

Ezizowmy ýa-da Azizow?
Aslynda şahyryň kakasynyň ady Aziz bolan we resmi familýasy hem Azizow. Ýöne goşgy ýazyp başlan ilkinji günlerinden bäri şahyryň öz ulanýany hem-de köpçülikde bilinýäni Ezizow. Bu ýagdaýy şahyryň ýakyn dosty merhum şahyr Annaberdi Agabaýew şeýle düşündirýär:
"Bir gezek Gurbannazar maňa ―Men goşgularymda dek sözüni ulanmagy halamok, gödek görýän. Oňa derek deý ulansam has gelşikli görünýär" diýdi. Megerem, Azizow däl-de Ezizow ulanmagy şu sebäpden bolsa gerek.. Şol sebäpden onuň ilkinji gezek Moskwada kitaby çap edilende, galamhaky diýip ugradylan puly hem almak kynrak düşüpdi. Sebäbi kitabyň awtory diýibä Ezizow dur, galamhakyny almaga bolsa pasportynda Azizow ýazylgy ýigit gelýär. Bu ýagdaý onuň kellesini näçe agyrtsa-da ol hiçwagt goşgularynyň soňuna Azizow diýip ýazmandy.

Şahyr we Nury Halmammedow:
Ezizowyň Nury Halmammedow bilen ýakyn dostlugy hemmämize mälimdir. Muny olaryň bilelikde eden işlerindenem bilmek bolýar. Emma ilkinji tanyşanlaryndan soň, Ezizow gulluga gidýär. Şon-da dosty A.Agabaýewa ýazan hatynda:
―Nury öz sazyndan başga hiçzat eşdenok, ýöne elbetde meniň bu pikirlerim hakykatdan uzak bolmagy-da ähtimal, diýip ýazýar.

Hakykatdanam şeýle bolýar. Gullukdan baranyndan soň olar bilelikde ajaýyp eserleri döredýärler. Nury Halmammedow Ezizowyň goşgularynyň ençemesine saz ýazýar.
"Hany, çal dutaryñ mähriban dostum
Egseli, ýüregmiz atmanka gasyn,
Geçilen ýollaryň şatlyk-bagtyny,
Geçilmedik ýodalaryň gussasyn."

Halnabat Ezizowanyň 1985-nji ýylda ýazan makalasynda Gurbannazaryň haýsy eserleri ürç edip okaýandygy barada gürrüň gozgalýar we Halnabat:
"Şahyryň diwany mydama onuň başujundady. Beý diýdigim – ol gije-gündiz Magtymgulyny okap ýatyr diýdigim däl. Ol Şekspiri, Petrarkany, Rembony, Nerudany, Bleýki, Ýewtuşenkony... okaýardy. Ine birdenem Pyragynyň islendik sahypasyny açardy-da sesli, labyzly okardy. Öz-özi hezil edinip okardy. Men bolşuň nähili diýsem: “Islendik şahyry içiňden okap bolar, emma bu içiňe syganok” diýerdi. “Dünýäniň ähli beýik şahyrlaryny okap, öwreneňsoň Magtymgula gelip bolýar” diýerdi." diýýär.

ol şu setirlerde aýdyşy ýaly öz-özüni ýonup çeperçiligini gün saýyn edebi şygarlar okap beýgeldýärdi:
"Sungat diýmek näme?
Bilýärsiňizmi?
Bu sowala sada jogap bermeli.
Biz herimiz – özümiziň zergärimiz,
Mydam özümizi ýonup ýörmeli.
...
Ýöne müňläp setirleri külterläp,
Birini goýmazlyk — köýmekdir, köýmek.
Bu dünýäde iň eşretli sütemdir,
Million setir okap, bir setir goýmak."

Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Berdinazar Hudaýnazarow Gurbannazar hakynda şeýle diýýär:
"Gurbannazarda çyn şahyrda, megerem hökman bolaýmaly bir häsiýet – ýukaýüreklik bardy. Ýukaýüreklik diýen söze dogry düşünmek gerek. Men bu ýerde şahyryň özüni gurşap alan zatlara– tebigata, adamlara bolan üýtgeşik mährini, söýgüsini göz öňünde tutýaryn".

Kitap salgylary:
"Gurbannazar Ezizow. Saýlanan eserler". 1995-nji ýylda, "Bereket-Bina" neşirýatynda, bary-ýogy 5 müň nusgada çap edildi. Ony şahyr Ahmet Gurbannepesow çapa taýýarlapdyr.

PDF: https://gyzgyn.com/uploads/gurbannazar-ezizow-saylanan-eserler.pdf
HTML: https://gyzgyn.com/uploads/gurbannazar-ezizow-saylanan-eserler.html
user-avatar-image Awtor: (Talyp) | 14.12.2018 11:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#289)

1 Teswir

0 ses
Awtor: (Talyp) | 18.12.2018 05:45 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#290)
Sagbol @gyzgyn. Gurbannazar Ezizow ýaly talantly şahyr galmady günümizde.

Bu Entryni Paýlaş !

  1. Alexsandra (2 oçko)
  2. Aysa (1 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...