Aşgabatda dikilen Baş Arçanyň Merkezi Aziýa döwletlerinde Täze ýyl baýramy mynasybetli dikilen iň beýik açraçy şol sanda hem Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň paýtagtlary babatynda alnanda hem iň beýik açraçy boldy.
“TurStat” analitik agentligi 2019-njy ýylyň Täze ýyl baýramyny garşylamak üçin GDA agza ýurtlaryň paýtagtlarynda dikilen Baş arçalaryň beýikligi boýunça deňeşdirme sanawyny çap etdi. Bu sanawyň başyny Aşgabatdaky Baş arça çekýär. Ozal hem habar berşimiz ýaly, onuň beýikligi 38 metre deňdir. Sanawda ikinji hem üçünji orunlary Baku we Ýerewan şäherlerindäki Täze ýyl arçalary eýeleýär. Olaryň boýy türkmen paýtagtyndaky Baş arçadan 1 metr pes. Sanawyň ilkinji onlugyny şu şäherlerdäki arçalar jemleýär:
Daşkent - 35 metr;
Minsk - 30 metr;
Duşenbe - 28 metr;
Moskwa - 27 metr;
Astana - 25 metr;
Bişkek - 25 metr;
Tbilisi - 25 metr.
ÇEŞME: türkmen portal