Türkmenistanda çäksiz internet hyzmaty boýunça tölegler 2012-nji ýyldaky möçberi bilen deňeşdirilende häzir, ortaça, 17,4 esse arzanlady diýlip, internet çeşmelerinde aýdylýar. Arzanlaşyk bilen bir hatarda soňky ýyllarda ýurdumyzda çäksiz internetiň mümkinçilikleri artdyrdyryldy, tizligi hem güýçlendirildi.
Maglumatlara salgylansak, 2012-nji ýylda öýüne 256 kbit/s tizlikdäki interneti birikdirmek isleýän müşderi her aýda 2 müň 430 manat töleg geçirmeli bolýardy. Häzirki wagtda bolsa şu tizlikdäki çäksiz internetiň aýlyk bahasy şäher ýerlerinde 150, oba ýerlerinde 75 manada geldi. Bu bolsa ozalkysyndan 16-dan 32 essä çenli arzan diýmekdir.
Gürrüňi edilýän döwürde 2 Mbit/s tizlikdäki çäksiz internetiň bir aýlyk bahasy 19 müň 440 manatdy. Häzir bolsa ol aýda 350 manada çenli geldi. Şeýlelikde, ýokary tizlikdäki çäksiz internet ozalkysyndan 55 esse arzanlady.
Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi tarapyndan halka berilýän internet hyzmatlarynyň mundan beýläk hem elýeterli bolmagy üçin işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda Türkmenistanda on müňlerçe hojalyk çäksiz internet hyzmatyndan peýdalanýar. Ýakyn ýyllarda ýurdumyzda internet ulgamynyň tizligini sekuntda 100 gigabite çenli ulaltmak göz öňünde tutulýar.
ÇEŞME: türkmen portal