AFK-nyň resmi saýtynda Arslamyrat Amanow bilen söhbetdeşlik

0 ses
25
user-avatar-image Awtor: (Talyp) | Kategoriýa: Sport | 13.01.2019 09:16 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#305)
Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň resmi saýtynda (www.the-afc.com) Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň kapitany, ýarym goragçy Arslanmyrat Amanow bilen söhbetdeşlik berildi. Söhbetdeşlik: «Çarşenbe gününde Ýaponiýanyň ýygyndysyndan 2:3 hasabyndaky utuşa garamazdan, türkmenistanly ýarym goraçy Arslamyrat Amanow «F» toparçada Özbegistan bilen geçiriljek duşuşygyň öňüsyrasynda maksada okgunly, ruhubelent görünýär» diýen sözlem bilen başlanýar.

Aziýanyň dört gezek çempiony bilen bolan duşuşygyň özleri üçin ýeňil bolmadyk synaga öwrülendigini aýdan ýarym goragçynyň duşuşygyň birinji ýarymynda uzak aralykdan ýyldyrym tizliginde geçiren pökgüsi Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň bu duşuşykda ilkinji bolup hasaby açmagyna getirdi.

― Ýeňlendigimize garamazdan, öňümizde ýene iki oýun bar, diýmek, indiki tapgyra çykmak mümkinçiligimiz hem bar. Tälimçimiziň görkezmelerini berk berjaý edip, Özbegistan bilen boljak duşuşykda juda hüşgär oýnamaly.

Elbetde, Ýaponiýa güýçli ýygyndy. Oýnuň ýeňil düşmejekdigini öňden hem bilýärdik. Muňa garamazdan, oglanlarymyzyň elinden gelen yhlasy gaýgyrmandygyny her kim hem görendir. Ýöne bu ― yklym çempionaty. Ýeňil duşuşyk ýok. Özbegistana garşy duşuşyk hem juda jogapkärli. Elbetde, biz ýeňiş gazanmak isleýäris.

Duşuşyk ― şu çempionatdaky ilkinji, belki-de ýeke-täk Merkezi Aziýa derbisi. Özümizi we janköýerlerimizi kanagatlandyrjak netije almak üçin elimizden gelenini gaýgyrmarys. Ýaponiýanyň ýygyndysyna garşy orta goýan sazlaşykly oýnumyz we yhlasymyz bize bu duşuşykda hem ýar bolar diýip umyt edýäris ― diýip, tejribeli ýarym goragçy saýtyň habarçysynyň sowallaryna jogap berdi.

Arslanmyrat Amanow duşuşykda hemmeleri haýran eden urgusy baradaky sowala şeýle jogap berdi:

― Beýle urgularyň birnäçesini ozal hem ençeme ýola dürs başarypdym. Ýene başarjakdygyma ynanýardym. Bu duşuşykda bolsa, pökgi şol ýere getirenimde öňümde hiç hili päsgelçiligiň ýokdugyny gördüm we bagtymy synadym. Görşüňiz ýaly, netijesini hem berdi.

ÇEŞME: Türkmen Portal

Bu Entryni Paýlaş !

    Baýraklar
    • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
    • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
    • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
    ...