"Köpetdag" - Futzal boýunça Naýbaşy kubogynyň ilkinji eýesi

+3 ses
116
Awtor: (Talyp) | Kategoriýa: Sport | 10.03.2019 08:43 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#326)
Şu gün paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesinde futzal boýunça Türkmenistanyň 2019-njy ýyl üçin naýbaşy kubogynyň eýesi belli boldy. Jemleýji bäsleşik Türkmenistanyň Kubogynyň eýesi «Deňizçi» topary bilen ýurdumyzyň çempiony «Köpetdagyň» arasynda boldy.

Ýylyň jemi boýunça iň güýçli topary kesgitlemek ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän ugurlaryň birine öwrüldi. Bu asylly ýörelge indi diňe bir futbolda däl, eýsem, şu ýyldan başlap, futzal bäsleşiginde hem ýola goýuldy.

Iki çempionyň arasynda geçirilen bu duşuşyk örän çekeleşikli pursatlary bilen tomaşaçylaryň aňynda köp wagtlap saklansa gerek. Bäsleşigiň ýeňijisi jerime urgulary arkaly kesgitlenildi.

«Köpetdag» bäsleşigiň başynda hasaby açan hem bolsa, oýnuň 30-njy minutyna çenli derwezesine iki topy goýberdi. Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portunyň topary oýnuň jylawyny elinde saklap, ýurdumyzyň Içeri işler ministrliginiň toparyna howply pursatlary döretmäge mümkinçilik bermedi.

Bäsleşigiň ahyrky on minutynda Arzuwguly Sapargulyýew («Köpetdag») ilki hasabyň aratapawudyny azaltdy, soňra bolsa 28-nji minutda jerime meýdançasynyň daşyndan güýçli urgy bilen hasaby deňledi.

Goşmaça wagtda tomaşaçylaryň tolgunmasy has-da artdy. Olar Türkmenistanyň 2018-nji ýylyň jemleri boýunça çempiony derejesine mynasyp bolmaga yhlas edýän toparlaryň oýnuna uly tolgunma bilen tomaşa etdiler.

Toparlaryň oýunçylary yzly-yzyna hüjüm edip, birek-biregiň derwezesine bir pökgi geçirmegi başardylar. Şeýlelikde, hasap 4:4 boldy.

Soňra jerime urgulary başlandy. Bäsleşigiň bu görnüşinde «Köpetdagyň» oýunçylary has dürs urmagy başaryp, ýeňiş gazandylar. Olar türkmen futzalynyň taryhynda ilkinji naýbaşy kubogy eýelediler.

ÇEŞME: Türkmen Portal

6 Teswir

+1 ses
Awtor: (Talyp) | 27.03.2026 16:15 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1087)
Oýun hakykatdanam örän gyzykly geçipdir, ýeňişleri bilen gutlaýaryn! Köpetdagyň bu üstünligi ýerlikli boldy, indiki bäsleşiklerde hem şeýle çekeleşikli oýunlara garaşýarys.
0 ses
Awtor: (Talyp) | 29.03.2026 11:45 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1240)
Oýun hakykatdan hem gaty çekeleşikli bolupdyr, öňümizdäki ýyllarda futzalyň şeýle derejede ösmegine garaşýaryn. Köpetdagy ilkinji kubogy bilen gutlaýaryn!
0 ses
Awtor: (Talyp) | 09.04.2026 14:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2242)
Oýun hakykatdanam örän gyzykly geçipdir, telewizordan görendirisem welin, derwezeçileriň başarnygy haýran galdyrdy. Köpetdagy ilkinji kubogy bilen gutlaýaryn, hakyky çempionlyk göreşi boldy!
0 ses
Awtor: (Talyp) | 09.04.2026 15:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2245)
Oýun hakykatdan hem gaty çekeleşikli bolupdyr, göni ýaýlymda seredip gaty lezzet aldym. Köpetdagyň ýigitlerini taryhy ýeňişleri bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!
0 ses
Awtor: (Magistr) | 12.04.2026 05:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2481)
DrWaltBishop, oýun hakykatdanam örän çekeleşikli geçipdir, telewizordan tomaşa edip men hem örän tolgundum. Köpetdagyň ýeňşi bilen gutlaýaryn, futzalymyzyň derejesi ýylsaýyn ýokarlanýar!
0 ses
Awtor: (Talyp) | 17.04.2026 10:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2796)
Oýun hakykatdan hem gaty gyzykly bolupdyr, göni ýaýlymda görüp oturyp ýüregim ýarylaýjak boldy. Köpetdagy ýeňşi bilen gutlaýaryn, hakykatdanam mynasyp oýnadylar.

Bu Entryni Paýlaş !

  1. nazaroff (510 oçko)
  2. semiz-we-aynekli (314 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...