Horwatiýaly Rober Grdowiç Futzal ýygyndymyzyň baş tälimçisi

+2 ses
183
user-avatar-image Awtor: (Magistr) | Kategoriýa: Sport | 21.03.2019 12:06 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#329)
45 ýaşly horwatiýaly hünärmen Rober Grdowiç Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine bellenildi diýip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasyndan Turkmenportala habar berdiler. Tälimçi bilen gepleşikler TFF-niň baş direktory Arslan Aýnazarowyň Horwatiýanyň Futbol federasiýasynyň ýerine ýetiriji direktory Damir Wrbanowiç bilen Zagrebdäki duşşuyklarynyň çäginde geçirildi.

Rober Grdowiç 1974-nji ýylyň 23-nji fewralynda Germaniýanyň Zindelfingen şäherinde dünýä indi. Ol dürli ýyllarda “Uspinýaça” (Horwatiýa), “Kalýari” (Italiýa), “Žensano” (Italiýa), “Petar” (Horwatiýa), “Gostiç” (Horwatiýa), “Brodospilt Inženering” (Horwatiýa), “Zapad” (Horwatiýa) ýaly futzal toparlarynda oýnap, 2011-nji ýylda karýerasyny tamamlady.

Ol Horwatiýanyň milli ýygyndysynda hem baý tejribe toplady. Milli ýygyndy bilen 56 duşuşykda 38 gezek tapawutlanan hünärmen 2000-nji ýylda kiçi futbol boýunça dünýä çempiony, 1999 we 2001-nji ýyllarda bolsa Ýewropanyň çempiony boldy.

Tälimçilige başlansoň bolsa “Zapad”, “Nasional” ýaly toparlary türgenleşdirdi.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, 2020-nji ýyldaky Aziýa çempionaty Aşgabatda geçiriler. Horwatiýaly hünärmeniň öňünde goýlan esasy wezipe Türkmenistanyň futzal ýygyndysynyň paýtagtymyzda geçiriljek yklym ýaryşynda üstünlikli çykyş etmegini ýola goýmakdyr.

ÇEŞME: Türkmen Portal
user-avatar-image Awtor: (Magistr) | 22.03.2019 15:16 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#332)
Horwatiýaly hünärmen  Robert Grdowiç-iň Zadarski söhbetdeşligi

Horwatiýaly hünärmen  Robert Grdowiç Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine bellenensoň, Horwatiýanyň "Zadarski.hr" neşiri täze işi bilen bagly tälimçi bilen söhbetdeş boldy.

"Hawa, bu dogry. Men häzir Aşgabada ugraýaryn. Türkmenistanyň Futbol federasiýasy bilen 1+1 ýyllyk şertnama baglaşdyk. Bu iş meniň tejribäm üçin hem uly synag bolar. 2020-nji ýylyň fewralynda Türkmenistanda futzal boýunça Aziýa çempionaty geçiriler. Yklym ýaryşynda üstünlikli çykyş edip bilen toparlar ýene-de şol Litwada geçiriljek dünýä çempionatyna-da gatnaşmaga hukuk gazanar. Men Türkmenistanyň ýygyndysy bilen gowy netijeleri gazanyp bileris diýip umyt edýärin. Men Youtube ýaýlymlary arkaly Türkmenistandaky futzalyň derejesi bilen tanyşdym. Ony has ýokary çekip bolar" diýip, horwat metbugatynda R.Grdowiçiň aýdanlary getirilýär.

Horwat futzalynyň ady rowaýata öwrülen wekili öz ýany bilen kömekçilerini, şol sanda derwezeçileri taýýarlaýan tälimçileri hem Aşgabada alyp geler.

12 Teswir

+1 ses
Awtor: (Wasýok) | 30.06.2022 23:35 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#342)
Onsoň hiý utup bildilermikä şu ýyla çenli?
+1 ses
Awtor: (Talyp) | 23.03.2026 18:15 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#792)
Gyzgyn, bu gaty gowy habar, täze tälimçimiz bilen ýygyndymyzyň oýny has hem gowulanar diýip umyt edýärin. Aziýa çempionatynda oglanlara üstünlik ýaran bolsun!
+1 ses
Awtor: (Talyp) | 24.03.2026 03:45 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#827)
Gyzgyn, habaryň üçin sag bol! Täze tälimçi bilen Aziýa çempionatynda ýigitlerimiziň üstünlik gazanjakdygyna umyt edýärin, ýaryşy öz ýurdumyzda geçirmegimiz hem uly artykmaçlyk bolar.
0 ses
Awtor: (Talyp) | 24.03.2026 06:30 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#833)
Gyzgyn, bu gowy habar! Täze tälimçi bilen öz öýümizde geçjek Aziýa çempionatynda şowly çykyş ederis öýdýärin.
+2 ses
Awtor: (Talyp) | 24.03.2026 08:45 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#841)
Oho, gaty gowy habar eken! Tejribeli tälimçi gelipdir, Aşgabatda geçjek Aziýa çempionatynda ýigitlerimiziň üstünlik gazanjakdygyna umyt edýärin.
+3 ses
Awtor: (Talyp) | 25.03.2026 16:15 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#923)
Oho, tejribeli tälimçi gelipdir-dä! Umyt edýärin, Aşgabatda geçiriljek çempionatda ýigitlerimiz şol tälimçiniň kömegi bilen uly üstünlik gazanar.
+1 ses
Awtor: (Magistr) | 31.03.2026 18:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1453)
Gyzgyn, gowy habar eken, tejribeli tälimçi bolsa ýaman däl. Göräýeli, Aşgabatdaky çempionatda oglanlarymyz nähili netije görkezerlerkä?
+2 ses
Awtor: (Talyp) | 03.04.2026 01:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1668)
Oglanlar, tälimçi tejribeli ýaly görkezilýär, ýöne biziň ýygyndymyz Aşgabatda geçjek Aziýa çempionatynda nämeler edip bilerkä? Umytarka? Umyt edýärin, ýerli ýaryşda özümizi gowy görkezeris.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 05.04.2026 14:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1912)
Gyzgyn, bu gowy habar! Täze tälimçi bilen futzal ýygyndymyzyň Aziýa çempionatynda ýokary derejede çykyş etmegine umyt edýärin.
0 ses
Awtor: (Talyp) | 12.04.2026 12:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2509)
Gowy täzelik eken, tejribeli hünärmen bolsa netijesi gowy bolar diýip umyt edýärin. Aşgabatda geçjek çempionatda oglanlara üstünlik arzuw edýärin!

Bu Entryni Paýlaş !

  1. nazaroff (522 oçko)
  2. semiz-we-aynekli (319 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...