20-nji martda Türkmenistanda syýahatçylyk boýunça halkara maslahat geçiriler

+3 ses
61
user-avatar-image Awtor: (Magistr) | Kategoriýa: Habarlar | 15.01.2023 06:23 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#346)
Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.    Mejlisiň barşynda M.Mämmedowa «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.    Bellenilişi ýaly, milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek, türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasyny giňden wagyz etmek maksady bilen, 2023-nji ýylyň 20-nji martynda «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahaty geçirmek meýilleşdirilýär.    Halkara forumyň barşynda daşary ýurtly myhmanlary «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy, Türkmenistanyň özboluşly taryhy-medeni, tebigy ýadygärlikleri, muzeýleri we syýahatçylyk mümkinçilikleri bilen tanyşdyrmak, ýurtda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli geçiriljek çärelere gatnaşdyrmak göz öňünde tutulýar.    Şeýle-de maslahata gatnaşyjylara täze syýahatçylyk ugurlaryny işläp taýýarlamak boýunça özara pikir alyşmak mümkinçiligi dörediler.    Bulardan başga-da, syýahatçylyk kärhanalarynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky resminamalara gol çekmek meýilleşdirilýär.    Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň esasy şertleri bolup durýan hem-de Türkmenistanyň dost-doganlyk, ynsanperwerlik we hoşmeýillilik ýörelgelerine ygrarlydygyny aýdyň görkezýän döwrebap syýahatçylyk ulgamyny ösdürmegiň ähmiýetini belledi.    Döwlet Baştutany ýurduň syýahatçylyk pudagynyň gazanýan üstünliklerine we kuwwatyna bagyşlanan iri çäreleriň geçirilmeginiň Türkmenistanyň dünýä giňişligindäki abraýynyň has-da belende galmagyna hem-de bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam etmelidigini nygtap, wise-premýere forumy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

5 Teswir

+1 ses
Awtor: (Talyp) | 24.03.2026 07:45 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#838)
Gyzgyn, bu gowy habar, dogrusy Awazada köpden bäri bolmandym. Şeýle maslahatlar syýahatçylygyň ösmegine hakykatdanam uly goşant goşar diýip umyt edýärin.
+2 ses
Awtor: (Talyp) | 25.03.2026 11:45 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#908)
Nowruz baýramy mynasybetli myhmanlaryň gelmegi gowy zat, ýöne syýahatçylyk pudagynda hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak gerek. Awaza barada hem köpräk reklama etseler ýerine düşerdi.
0 ses
Awtor: (Talyp) | 27.03.2026 16:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1086)
Ondan öňem Awazada şeýle çäreler guralypdy, ýene bir gezek özümiziň medeniýetimizi daşary ýurtlulara ýaýmak gowy zat. Görüpürli zat. Görüp duran gowy iş. Nowruz baýramy bilen gabat geleni hasam ýerlikli bolupdyr.
0 ses
Awtor: (Talyp) | 07.04.2026 17:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2108)
Nowruz baýramy mynasybetli şeýle forumyň geçirilmegi örän gowy pikir. Göräýmeli, daşary ýurtly myhmanlar biziň Awazamyza we taryhy ýerlerimize nähili baha bererkäler.
+1 ses
Awtor: (Talyp) | 12.04.2026 11:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2508)
Gowy habar eken, bu halkara maslahatlar syýahatçylygymyzy ösdürmäge uly goşant goşar diýip umyt edýärin. Nowruz baýramy bilen gabat geleni has-da gowy bolupdyr, myhmanlara ýurdumyz ýakymly täsir galdyrar.

Bu Entryni Paýlaş !

  1. nazaroff (447 oçko)
  2. semiz-we-aynekli (283 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...