13-nji ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew sanly ulgama geçmekde öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, aragatnaşyk ulgamlaryny giňeltmek we elýeterliligi üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurduň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde sanly telefon beketleri gurnalyp, bir ulgamyň üsti bilen dolandyrylýan telefon, ýokary tizlikli internet we IP telewideniýe ulgamlarynyň hyzmatlaryndan peýdalanmaga mümkinçilik berýän fiksirlenen telefon toruny döwrebap GPON ulgamyna çenli kämilleşdirmek, olaryň göwrümlerini giňeltmek boýunça işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, mejlisiň barşynda döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi. Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, aragatnaşyk ulgamyndaky ähli işleri hil taýdan täze derejede utgaşdyrmagyň, bar bolan kuwwatdan netijeli peýdalanmagyň zerurdygyny nygtady. Döwlet Baştutany degişli Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly agentligiň ýolbaşçysyna iberdi we oňa resminamada göz öňünde tutulan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça anyk çäreleri görmegi tabşyrdy.