Türkmenistanda gaz saklamak üçin niýetlenen ýerasty desgalar gurlar

0 ses
16
user-avatar-image Awtor: (Talyp) | Kategoriýa: Habarlar | 15.01.2023 06:23 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#349)
Bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer Ş.Abdrahmanowyň hasabatynda aýdyldy.    Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow hasabatynda harytlyk gazyň ätiýaçlyk gorlaryny üpjün etmek maksady bilen, ýurtda gaz saklamak üçin niýetlenen ýerasty desgalary gurmak boýunça alnyp barylýan işler barada döwlet Baştutanyna habar berdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda şeýle taslamany ilkinji gezek durmuşa geçirmegiň meýilleşdirilýändigini nazara alyp, bu işi halkara tejribä laýyklykda ýola goýmak we alyp barmak, onuň tehniki-ykdysady esaslandyrmasyny taýýarlamak, taslamalaşdyrmak, enjamlaşdyrmak hem-de gurmak babatda halkara maslahatçy kompaniýalary işe çekmek meýilleşdirilýär.    Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gaz serişdelerini rejeli we netijeli ulanmagyň wajypdygyna ünsi çekdi we bu ugurda ygtybarly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça çäreleri görmegiň zerurdygyny nygtady.

Bu Entryni Paýlaş !

    Baýraklar
    • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
    • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
    • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
    ...