TDYDI-de 2 sany halkara internet olimpiadasyny geçirmek meýilleşdirilýär

+2 ses
67
user-avatar-image Awtor: (Magistr) | Kategoriýa: Habarlar | 15.01.2023 06:23 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#350)
Habar berşimiz ýaly, şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.    Mejlisiň barşynda wise-premýer N.Amannepesow ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde halkara olimpiadalary geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şol halkara olimpiadalaryň 2-si Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda geçiriler.     Has takygy, bu ýokary okuw mekdebinde 2023-nji ýylyň 12-nji aprelinde makroykdysadyýet, 16-njy maýynda dünýä ykdysadyýeti dersleri boýunça Açyk halkara internet olimpiadasyny sanly ulgam arkaly geçirmek meýilleşdirilýär.     Halkara olimpiadalara Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryndan başga-da, Russiýa Federasiýasynyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Italiýa Respublikasynyň, Rumyniýanyň, Türkiýe Respublikasynyň, Hindistan Respublikasynyň, Belarusuň, Özbegistanyň, Gazagystan Respublikasynyň we beýleki onlarça döwletiň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.    Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, amala aşyrylýan ýaşlar syýasatynyň esasy maksadynyň ýaş nesliň ukyp-başarnyklaryny, döredijilik we ruhy mümkinçiliklerini döwletiň hem-de jemgyýetiň bähbitleriniň durmuşa geçirilmegine gönükdirmekden ybaratdygyny aýtdy. Bu babatda ýurtda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän ýokary hilli bilim almak üçin has oňaýly şertleriň döredilýändigi nygtaldy.    Döwlet Baştutany wise-premýere meýilleşdirilen halkara olimpiadalaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

4 Teswir

0 ses
Awtor: (Magistr) | 25.03.2026 10:15 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#904)
Gowy habar eken, talyplar üçin uly mümkinçilik. Görüp otursaň, dünýäniň dürli künjeklerinden gatnaşjaklaram az däl eken, üstünlik arzuw edýärin!
+3 ses
Awtor: (Magistr) | 28.03.2026 03:30 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1113)
Gyzgyn, bu gaty gowy habar eken, talyplar üçin uly mümkinçilik. Bilim derejesini barlamak üçin şeýle bäsleşikleriň köpräk bolmagy gowy zat, gatnaşjaklara üstünlik arzuw edýärin.
+1 ses
Awtor: (Talyp) | 01.04.2026 16:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1540)
Olimpiadalaryň ýokary derejede geçmegine garaşýarys. Talyplar üçin örän gowy mümkinçilik eken, gatnaşjaklara şowly düşmegini isleýärin.
0 ses
Awtor: (Talyp) | 07.04.2026 03:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2053)
Olimpiadalaryň ýokary derejede geçmegine garaşýarys. Talyplar üçin hakykatdan-da gowy mümkinçilik, ýeňiş gazanjaklara üstünlik arzuw edýärin.

Bu Entryni Paýlaş !

  1. nazaroff (440 oçko)
  2. semiz-we-aynekli (281 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...