Türkmenistanyň hokkeý ýygyndysy Tatarystana bardy

0 ses
10
user-avatar-image Awtor: (Talyp) | Kategoriýa: Habarlar | 15.01.2023 06:23 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#357)
Türkmenistanyň hokkeý boýunça milli ýygyndysy yslam döwletleriniň we Tatarystan Respublikasynyň arasynda geçiriljek hokkeý boýunça halkara ýaryşa gatnaşmak üçin şu gün irden Kazan şäherine bardy.    Şäherdäki howa menzilinde türkmen ýygyndysy myhmansöýerlik bilen kabul edildi.    Ýaryşyň BAE-niň, Saud Arabystanynyň, Eýranyň, Omanyň, Bahreýniň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň we Alžiriň, Marokkonyň hem-de Liwanyň birleşen erkekler ýygyndylarynyň arasynda geçiriljekdigini ýatladýarys. Tatarystanyň ýygyndysyna «Ak Bars» toparynyň we ýurduň weteran hokkeýçileri wekilçilik eder.    Ýaryşyň açylyş duşuşygy 14-nji ýanwarda bolar. Gündiz sagat 13:00-da başlanjak açylyş dabarasynda Elmira Kalimullina, Marat Ýarullin we «Kazan Nury» halk saz gurallary topary çykyş eder.    Türkmenistanyň ýygyndysy Tatarystanyň, Gyrgyzystanyň we Gazagystanyň ýygyndylary bilen bir toparçada ýaryşar.

Bu Entryni Paýlaş !

    Baýraklar
    • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
    • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
    • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
    ...