Türkmen ilçisi Özbegistanyň daşary syýasat edarasynda kabul edildi

+1 ses
73
user-avatar-image Awtor: (Magistr) | Kategoriýa: Habarlar | 15.01.2023 06:23 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#362)
Türkmenistanyň Özbegistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ýazguly Mämmedow ýurduň daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Bahtiýor ​​Saidow  bilen duşuşdy. Düýn geçirilen duşuşykda dostlukly türkmen-özbek gatnaşyklaryny, we strategik hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmagyň möhüm meselelerine garaldy diýip, Özbegistanyň daşary syýasat edarasy habar berýär.    Bellenilişi ýaly, duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn amala aşyrylan ýokary derejeli saparlaryň netijesinde gazanylan ylalaşyklaryň hemmetaraplaýyn durmuşa geçirilişine aýratyn üns berildi. Şol sanda iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň bellenilmeginiň çäklerindäki çäreleriň tertibi boýunça pikir alşyldy.    Taraplar duşuşykda iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygynyň görkezijilerini ýokarlandyrmak, söwda we senagat hyzmatdaşlygy ugurlarynda bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegini çaltlaşdyrmak üçin ýörite teklipleri ara alyp maslahatlaşdylar.    Türkmen ilçisi duşuşykda Türkmenistanyň medeni we ynsanperwer gatnaşyklary güýçlendirmäge taýýardygyny mälim etdi.

6 Teswir

+4 ses
Awtor: (Talyp) | 23.03.2026 13:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#771)
Gyzgyn, goňşy ýurtlar bilen şeýle gatnaşyklaryň ösdürilýändigine örän begenýärin. Göräýmäge, geljekde söwda ulgamynda hem köp oňyn ösüşler bolar öýdýärin.
+1 ses
Awtor: (Talyp) | 24.03.2026 22:45 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#862)
Gyzgyn, gowy habar eken, goňşular bilen gatnaşyklaryň ösmegi hemişe begendirýär. Görüp otursak, iki ýurduň arasyndaky söwda we medeni hyzmatdaşlyk barha rowaçlanýan eken-ä.
+1 ses
Awtor: (Talyp) | 03.04.2026 14:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1723)
Goňşy döwletler bilen şeýle gatnaşyklaryň ösmegi örän gowy ýagdaý. Söwda gatnaşyklarymyz has hem güýçlense, harytlaryň bahasy hem amatly bolar diýip umyt edýärin.
+1 ses
Awtor: (Talyp) | 06.04.2026 19:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2029)
Goňşy döwletler bilen gatnaşyklaryň ösdürilýändigi gaty gowy zat. Göräýmäge, ykdysady hyzmatdaşlygyň has hem güýçlenmegine garaşýarys.
0 ses
Awtor: (Talyp) | 12.04.2026 02:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2470)
Goňşy döwletler bilen gatnaşyklaryň ösdürilýändigine begenýärin. Göräýmäge, ykdysadyýet we söwda pudagynda täze taslamalar işjeňleşjek ýaly, bu halkymyz üçin gowy habar.
0 ses
Awtor: (Talyp) | 12.04.2026 14:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2518)
Goňşy döwletler bilen şeýle gatnaşyklaryň pugtalandyrylýandygy gaty gowy zat. Göräýmäge, söwda ugry boýunça hem täze taslamalar bolar öýdýän, bu biziň üçin hem peýdaly bolardy.

Bu Entryni Paýlaş !

  1. nazaroff (544 oçko)
  2. semiz-we-aynekli (321 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...