Türkmenistan we Fransiýanyň işewür toparlary hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen baglanyşykly köp sanly meseläni ara alyp maslahatlaşdylar

+3 ses
81
user-avatar-image Awtor: (Magistr) | Kategoriýa: Habarlar | 15.01.2023 06:23 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#363)
Fransiýanyň Söwda palatasynyň başlangyjy bilen öňdebaryjy fransuz kompaniýalarynyň wekilleriniň hem-de Türkmenistanyň bu ýurtdaky ilçihanasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda günortanlyk naharynyň başynda duşuşyk geçirildi.    Duşuşyga «VINCI Construction», «CARPI Tech», «MEDEF International», «SAFRAN», «PMJC», «CIS Energy», «IN Groupe», «Thomson Broadcast», «Oberthur», «Airbus D&S», «Saberatours» ýaly kompaniýalaryň wekilleri gatnaşdylar.    Duşuşyk oňa gatnaşyjylara Türkmenistan bilen Fransiýanyň arasyndaky söwda we ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen köp sanly meseläni, şeýle hem ösüşi üçin geljegi uly ugurlary ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berdi.        Türkmenistanyň ilçisi Maksat Çaryýew, fransuz tarapyna Türkmenistanda döredilen amatly şertler barada maglumat berdi we maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmagy teklip etdi. Maýa goýum ugurlary üçin himiýa senagaty, gaz we nebithimiýa, dokma senagaty we oba hojalygy ýaly ugurlar teklip edilýär. Şeýle hem ilçi daşary ýurt maýasynyň gatnaşmagynda durmuşa geçirmek üçin meýilleşdirilýän taslamalary anyk kesgitleýän pudaklaýyn ösüş maksatnamalary barada aýtdy.    Ilçi Türkmenistanyň çäginde türkmen kompaniýalary, şol sanda IT kompaniýalary bilen bilelikdäki kärhanalary döretmegi teklip etdi.    Türkmenistan Döwlet gümrük gullugynyň wekili S.Berdiýew ýygnananlara Türkmenistanda eksport we import şertnamalaryny hasaba almagyň tertibi barada gürrüň berdi. Duşuşygyň barşynda fransuz işewürleriniň wekilleri özlerini gyzyklandyrýan soraglaryna giňişleýin jogap aldylar.    Türkmenistanyň Pariždäki ilçihanasynyň metbugat gullugynyň habaryna görä, günortanlyk naharynyň başynda fransuz telekeçileri bilen hemişelik gepleşik gurmak üçin şeýle çäreleri geçirmegi yzygiderli dowam etdirmek kararyna gelindi.

7 Teswir

+2 ses
Awtor: (Talyp) | 22.03.2026 14:15 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#680)
Gowy habar eken, fransuz kompaniýalarynyň gelmegi tehnologiýa we tejribe babatda bize uly peýda berer. Görüp biler. Göräýeli, geljekde nähili işler ýola goýlar?
+2 ses
Awtor: (Magistr) | 23.03.2026 01:45 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#726)
Fransuz kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigi gowy habar, esasanam IT pudagynda bilelikdäki taslamalar örän gyzykly bolar öýdýärin. Görüp otursak, aragatnaşygy hasam ýygjamlaşdyrmaly ekeni.
+1 ses
Awtor: (Talyp) | 25.03.2026 10:45 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#905)
Gyzgyn, bu gaty gowy habar, fransuz kompaniýalarynyň gelmegi bilen täze iş orunlary açylar diýip umyt edýärin. Sizçe bu hyzmatdaşlyk ýerli harytlarymyzyň daşary ýurt bazaryna çykmagyna täsir ederimi?
0 ses
Awtor: (Talyp) | 05.04.2026 06:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1880)
Fransiýanyň şeýle iri kompaniýalarynyň ýurdumyz bilen gyzyklanmagy gaty gowy zat. Göräýmeli, ýakyn wagtda täze iş orunlary we bilelikdäki taslamalar köpelermikä?
0 ses
Awtor: (Talyp) | 05.04.2026 20:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1935)
Gyzgyn, bu gowy habar eken, şeýle iri kompaniýalaryň biziň bazarymyza gyzyklanma bildirmegi ýurt üçin örän peýdaly bolar. Görsek, ýakyn wagtda nähili netijeler bolar-ka?
0 ses
Awtor: (Talyp) | 09.04.2026 11:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2232)
Bu örän gowy habar, ýurdumyza şeýle iri kompaniýalaryň gelmegi ykdysadyýet üçin uly peýda bolar. Görsek, geljekde nähili taslamalar durmuşa geçirilýär eken.
0 ses
Awtor: (Talyp) | 11.04.2026 17:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2436)
Gowy habar eken, şeýle kompaniýalar gelse ykdysadyýetimize uly goşant bolar. Görsek bolar, geljekde IT pudagynda nähili netijeler bolarka?

Bu Entryni Paýlaş !

  1. nazaroff (447 oçko)
  2. semiz-we-aynekli (283 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...