Türkmenistanyň ýetginjekler we ýaşlar zenanlar ýygyndylary Aşgabatda türgenleşýärler

0 ses
1 gezek okaldy
user-avatar-image Awtor: (Talyp) | Kategoriýa: Habarlar | 15.01.2023 06:23 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#365)
Aziýa Kubogy – 2024-iň saýlama tapgyryna taýýarlygyň çäginde ýetginjeklerden (U17) hem-de ýaşlardan (U20) düzülen Türkmenistanyň zenanlar ýygyndy toparlarynyň gatnaşmagynda paýtagtyň Olimpiýa şäherçesiniň türgenleşik meýdanynda okuw-türgenleşik ýygnanyşygy geçirilýär. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasy habar berdi.    14-nji ýanwara çenli dowam etjek okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň dowamynda Kamil Mingazowyň ýolbaşçylygyndaky tälimçiler düzümi iki ýaş derejesindäki ýygyndylaryň hataryna çagyryljak oýunçylary gözden geçirerler. Ýeri gelende bellesek, okuw-türgenleşik ýygnanyşygy Türkmenistanyň ähli künjeklerinden gelen oýunçylaryň gatnaşmagynda geçirilýär.    Yklym ýaryşyna taýýarlyk görýän ýygyndy toparynyň türgenleşik ýygnanyşygynyň Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň guramagynda geçirilýändigini bellemek gerek.    Ýetginjekler (U17) hem-de ýaşlar (U20) zenanlar ýygyndy toparlarynyň 2023-nji ýylda ýylda geçiriljek Aziýa Kubogy – 2024-iň saýlama tapgyrynda çykyş ederler.    Türkmenistanyň 20 ýaşa çenli ýaşlardan düzülen zenanlar ýygyndysy (U20) Aziýa Kubogy – 2024-iň saýlama tapgyrynda «H» toparçada bäsleşer. Geçirilen bije çekişligiň netijesinde Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysynyň garşydaşlary Eýranyň hem-de Bangladeşiň ýygyndylary bolar.    Saýlama tapgyryň duşuşyklary 2023-nji ýylyň 6-12-nji martynda geçiriler. Bu toparçanyň duşuşyklarynyň merkezleşdirilen görnüşinde Bangladeşde geçirilmegine garaşylýar.    Türkmenistanyň 17 ýaşa çenli ýetginjeklerden düzülen zenanlar ýygyndysy (U17) bolsa Aziýa Kubogy – 2024-iň saýlama tapgyrynda «D» toparçada çykyş etmäge mümkinçilik aldy. Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndysynyň garşydaşlary Bangladeşiň, Singapuryň hem-de BAE-niň ýygyndy toparlary boldular.    Saýlama tapgyryň birinji aýlawynyň duşuşyklary 2023-nji ýylyň 22-30-njy aprelinde geçiriler. Bu toparçanyň duşuşyklarynyň merkezleşdirilen görnüşinde Singapurda geçirilmegine garaşylýar.
...