Türkmenistanda saýlaw möwsümine badalga berildi

0 ses
368
user-avatar-image Awtor: (Magistr) | Kategoriýa: Habarlar | 19.01.2023 23:39 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#368)
Şu gün Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Ol Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň bäşinji çagyrylyşynyň agzalarynyň, Geňeşleriň dokuzynjy çagyrylyşynyň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görmek baradaky meselelere bagyşlandy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Mejlise merkezi saýlaw toparlarynyň agzalary, Merkezi saýlaw toparynyň ýanynda döredilen iş toparlarynyň wekilleri, ýurduň syýasy partiýalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň jogapkär işgärleri, şeýle-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Mejlisiň gün tertibine 2023-nji ýylyň 26-njy martynda boljak saýlawlaryň guramaçylykly geçirilmegi bilen bagly birnäçe meseleler girizildi. Merkezi saýlaw topary saýlawlara taýýarlyk görmek hem-de olary geçirmek boýunça çäreleriň gündelik meýilnamasyny tassyklady.
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň kararyna laýyklykda, şu günden - 2023-nji ýylyň 16-njy ýanwaryndan başlap, saýlaw möwsümine badalga berilýändigi yglan edildi. Saýlawlaryň geçirilmegine 60 gün galanda dalaşgärleri teklip etmek işi başlanýar.
Merkezi saýlaw toparynyň karary bilen, Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlary boýunça saýlaw okruklarynyň 125-si, şol sanda Aşgabatda 17-si, Ahal welaýatynda 16-sy, Balkan welaýatynda 10-sy, Daşoguz welaýatynda 27-si, Lebap welaýatynda 26-sy, Mary welaýatynda 29-sy döredildi. Bu okruklaryň san belgileri, atlary, merkezleri hem-de araçäkleri baradaky maglumatlar merkezi we ýerli metbugatda çap ediler. Okruklaryň hem-de geňeşlikleriň 5 ýyllyk ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanmagy bilen baglylykda, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlary boýunça okruk saýlaw toparlary, şeýle hem Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça etraplardaky şäherleriň, şäherçeleriň we geňeşlikleriň saýlaw toparlary döredildi.
Saýlaw toparlarynyň düzümine wekiller syýasy partiýalar, jemgyýetçilik guramalary hem-de raýatlaryň toparlary tarapyndan öňe sürüldi. Şeýlelikde, 125 okruk saýlaw toparlary hem-de etraplardaky şäherleriň, şäherçeleriň we geňeşlikleriň 572 sany saýlaw toparlary döredildi.    Welaýat halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça saýlaw okruklarynyň 240-sy, ýagny welaýatlaryň her birinde we Aşgabat şäherinde 40-sy döredildi. Etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça etraplaryň we şäherleriň hersinde degişli saýlaw okruklarynyň 20-si, jemi 980-si, Ahal welaýatynda 160, Balkan welaýatynda 180, Daşoguz welaýatynda 160, Lebap welaýatynda 180, Mary welaýatynda 220, Aşgabat şäherinde 80 okruk döredildi.
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň binasynda geçirilen mejlisde oňa gatnaşyjylar öňde boljak saýlawlar bilen bagly birnäçe guramaçylyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Zerur resminamalar, şol sanda gollanmalar, gözükdirijiler we synçylar hem-de ýurduň raýatlary üçin dürli maglumatnamalar tassyklandy. Birnäçe saýlaw toparlarynyň agzalary üçin okuw sapaklaryny geçmek meýilleşdirildi. Mejlise gatnaşyjylar saýlawlaryň aýdyňlygyny we giň bäsdeşligini üpjün etmek boýunça möhüm wezipeleri kesgitlediler.
Saýlawlara diňe bir milli synçylar däl-de, halkara bilermenlerdir halkara synçylar-da gözegçilik ederler.

9 Teswir

+2 ses
Awtor: (Talyp) | 20.03.2026 04:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#448)
Täze saýlaw möwsümi gutly bolsun, göräliň bu gezek kimler dalaşgär bolup çykar eken. Saýlawlaryň adalatly we guramaçylykly geçmegine umyt edýärin.
+1 ses
Awtor: (Talyp) | 20.03.2026 09:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#468)
gyzgyn, saýlawlaryň şeýle giň gerimde geçirilmegi gowy zat. Görüp otursak, ýene bir möhüm syýasy döwür başlanýar, göräýeli nämeler bolar.
0 ses
Awtor: (Talyp) | 20.03.2026 11:15 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#477)
Saýlawlaryň şepagatly we bäsdeşlikli geçmegine umyt edýärin. Görüp otursak, taýýarlyk işleri eýýäm gyzgalaňly başlanypdyr-ow.
+2 ses
Awtor: (Talyp) | 21.03.2026 13:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#579)
Saýlaw möwsümi ýene-de başlandy diýsene. Görüp otursak, bu gezek hem işler gyzgalaňly boljak öýdýän, göreris öňümizdäki günler nämeler bolar.
+1 ses
Awtor: (Talyp) | 26.03.2026 17:15 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1015)
Saýlaw möwsümi ýene gelip ýetdi-dä. Görüp oturarlyk, bu gezek nähili täzelikler bolar we dalaşgärler kimler bolarka?
0 ses
Awtor: (Talyp) | 30.03.2026 05:45 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1311)
Saýlawlar ýene gelip ýetipdir-le. Göräýeli, bu gezek nähili täzelikler bolar, töweregimden kimler dalaşgär bolarka?
0 ses
Awtor: (Talyp) | 31.03.2026 20:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1461)
gyzgyn, saýlawlar baradaky maglumatyň üçin sag bol. Görüp otursak ýene bir möhüm tapgyr başlanýar, göräýeli nähili bolar.
+2 ses
Awtor: (Talyp) | 02.04.2026 08:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1600)
Saýlawlar ýene gelip ýetdi-dä. Görüp otursak, bu gezek hem işler kän öňünden meýilleşdirilen ýaly, görýäris nähili geçerkä.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 06.04.2026 11:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1994)
Saýlawlar ýene gelip ýetdi-dä. Göräýeli, bu gezek nähili täzelikler bolar, töweregimizdäki adamlar hem işjeň gatnaşar diýip umyt edýärin.

Bu Entryni Paýlaş !

  1. nazaroff (451 oçko)
  2. semiz-we-aynekli (294 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...