Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Türkmenistanyň eksport mümkinçiligini ýokarlandyrmaga goldaw berer

+2 ses
361
user-avatar-image Awtor: (Magistr) | Kategoriýa: Habarlar | 19.01.2023 23:40 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#373)
Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Türkmenistanyň eksport mümkinçiligini ýokarlandyrmaga ýardam edýär. Bu barada ÝTÖB-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Fatih Türkmenoglunyň sözlerine salgylanyp, «Trend» habar berýär.    Fatih Türkmenogly ÝTÖB-iň Türkmenistanyň eksport mümkinçiligini ýokarlandyrmaga edýän goldawy barada şeýle gürrüň berýär:      — 2022-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda ÝTÖB-iň telekeçilere maslahat beriş maksatnamasynyň çäklerinde türkmen önüm öndürijileriniň goňşy döwletlere eksportyny ýola goýmak bilen bagly onlaýn duşuşyk geçirildi. Bu duşuşyk bankymyz tarapyndan ýurtda kiçi we orta telekeçiligi höweslendirmek boýunça ýörite maksatnamanyň bir bölegi bolup durýar.      Türkmenoglunyň bellemegine görä, ÝTÖB-iň Türkmenistandaky telekeçilere maslahat beriş maksatnamasy 2014-nji ýyldan bäri hereket edýär we ol bank tarapyndan maliýeleşdirilýär. Bu maksatnama türkmen işewürleriniň eksport bilen bagly düşünjelerini ýokarlandyrmagy, olara täze hyzmatdaşlary tapmakda goldaw bermegi göz öňünde tutýar.      — Çäreleriň tapgyry 2020-2021-nji ýyllar boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Mongoliýanyň bazaryndaky gözlegleriň netijesine esaslandy. Degişli maksatnamanyň çäginde Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Merkezi Aziýa ýurtlaryna önümlerini eksport etmek isleýän hususy kärhanalary saýlap aldy we olara bu ugurda tälim berdi. Şu maksat bilen, hyzmatlary we önümleri eksport etmek bilen baglanyşykly dürli temalar boýunça 6 sany okuw maslahaty geçirildi. Soňky geçirilen onlaýn duşuşykda Türkmenistandan 9 sany hususy kärhana Merkezi Aziýa ýurtlaryndan 30 sany hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmaga mümkinçilik aldy. Olara öz önümleriniň göwnejaý tanyşdyrylyşyny guramakda bankyň ýörite geňeşçisi ýardam etdi. ÝTÖB häzirki wagtda onlaýn duşuşygyň çäginde alnan teklipleriň üstünde işleýär. Olary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerine ýakyn 6 aýyň içinde baha berler — diýip, Fatih Türkmenogly belleýär.      Onuň belleýşi ýaly, ÝTÖB-iň esasy maksady Türkmenistanda hususy pudagy ösdürmäge ýardam etmek bolup durýar. Bank bu ugurda Türkmenistan bilen gurluşyk we maliýe meseleleri babatda hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyr.    Şunuň bilen baglylykda, ÝTÖB eýýäm öz önümlerini daşary ýurtlara eksport edýän we indi bu işe başlamakçy bolýan türkmen işewürlerine logistika ugurlaryny yzygiderli seljermekde, täze eksport bazarlaryny gözlemekde we bazaryň üýtgäp durýan şertlerine uýgunlaşmakda degişli maslahat beriş çärelerini we maliýe goldawyny berýär.    Türkmenoglunyň aýtmagyna görä, ÝTÖB türkmen hususyýetçileriniň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga goldaw bermegini mundan beýläk-de dowam etdirer.

8 Teswir

+2 ses
Awtor: (Talyp) | 19.03.2026 18:45 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#412)
Bu gowy habar, ýerli telekeçilerimize daşary ýurt bazarlaryna çykmak üçin şeýle goldawlar hakykatdan hem kömek eder diýip umyt edýärin. Görüp otursak, kiçi kärhanalar üçin täze mümkinçilikler açylýar, şeýle maslahatlar köpräk guralaýsa gowy bolardy.
+2 ses
Awtor: (Magistr) | 23.03.2026 06:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#743)
Bu gaty gowy habar, ýerli telekeçilerimize daşary ýurt bazarlaryna çykmaga uly kömek bolar diýip umyt edýärin. Görüp otursak, biziň önümlerimiz hem hili boýunça kem däl, diňe dogry ýol bilen hödürlemegi öwrenmeli.
+3 ses
Awtor: (Talyp) | 29.03.2026 18:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1265)
Bu gowy habar. Esasan hem kiçi telekeçiler üçin şeýle goldawlar örän möhüm, göräli bäri nämeler çykar.
+1 ses
Awtor: (Talyp) | 30.03.2026 04:15 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1305)
Gowy habar eken, hususy telekeçilerimize daşary ýurt bazarlaryna çykmaga kömek gerek. Görüp otursak, bu ugrda eýýäm birnäçe işler edilip başlanypdyr, dowamy hem oňyn bolar diýip umyt edýärin.
+1 ses
Awtor: (Talyp) | 31.03.2026 21:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1466)
Gyzgyn, bu gaty gowy habar, ýerli telekeçilerimize daşary ýurt bazarlaryna çykmak üçin şeýle goldawlar hakykatdan hem kömek eder diýip umyt edýärin. Görüp otursak, biziň önümlerimizem daşary ýurt bazarlaryna çykyp biljek ekeni.
+1 ses
Awtor: (Talyp) | 03.04.2026 02:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1672)
Bu gaty gowy habar, ýerli telekeçilerimize daşary ýurt bazarlaryna çykmaga kömek gerek. Görüp otursak, biziň önümlerimiz hem harytlygyna görä bäsdeşlige ukyply bolup biler.
0 ses
Awtor: (Talyp) | 05.04.2026 23:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1948)
Gaty gowy habar, ýerli telekeçilerimize şeýle goldawlar örän gerek. Görüp otursak, eksport ugry, biziň önümlerimiz goňşy ýurtlarda hem gyzyklanma döredilme döredip biler ekeni.
+1 ses
Awtor: (Talyp) | 08.04.2026 18:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2177)
gyzgyn, bu gaty gowy habar, ýöne göräýeli indi bu goldawlar hakykatda telekeçilere nähili kömek ederka. Bizde eýýäm eksport edýän ýaşlar barmy, belki şolardan pikirlerini sorardyk?

Bu Entryni Paýlaş !

  1. nazaroff (451 oçko)
  2. semiz-we-aynekli (294 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...