Russiýanyň Premýer-ministri Mihail Mişustin Türkmenistana sapar bilen geler

+2 ses
367
user-avatar-image Awtor: (Magistr) | Kategoriýa: Habarlar | 19.01.2023 23:40 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#375)
Russiýanyň Premýer-ministri Mihail Mişustin 19-20-nji ýanwarda Türkmenistanda saparda bolar. Bu barada «Дагестанская правда» onlaýn neşiri habar berýär.    Mihail Mişustiniň ýolbaşçylygyndaky rus wekiliýeti Aşgabatda geçiriljek türkmen-rus işewürlik forumyna gatnaşar.    Bu forum Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky söwda, ykdysady we senagat pudagyndaky hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmaga gönükdirilendir.    Forumda geçiriljek duşuşyklar transport we logistika, senagat, bilim, sanly gün tertibi we iki ýurduň kompaniýalarynyň arasyndaky beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlyga bagyşlanar.    Çäräniň çäginde russiýaly öndürijileri üçin «Russiýanyň söwda öýi» söwda we sergi meýdançasynyň açylyş dabarasynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär.    Işewürlik forumynyň ilkinji gününde senagat B2B duşuşyklarynyň geçirilmegine garaşylýar.    Mihail Mişustin Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň Karary bilen 2020-nji ýylyň 16-njy ýanwarynda Russiýa Federasiýasynyň Premýer-ministri wezipesine bellendi. Şeýlelikde Mihail Mişustin Russiýanyň Premýer-ministri hökmünde ilkinji gezek Türkmenistana geler.

6 Teswir

+4 ses
Awtor: (Talyp) | 21.03.2026 04:15 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#545)
Sag bol gyzgyn, bu habar gowy boldy. Görüp otursak, iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklar barha ösýän ekeni, bu biziň üçin gowy mümkinçilikler açar diýip umyt edýärin.
0 ses
Awtor: (Talyp) | 22.03.2026 00:15 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#624)
Bu sapardan soňky netijeler gowy bolar diýip umyt edýärin. Görüp otursak, taryhy sapar boljak eken-dä, göreris-dä näme boljagyny.
+2 ses
Awtor: (Talyp) | 27.03.2026 01:45 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1029)
Bu sapardan soňky ykdysady gatnaşyklaryň näderejede ösjekdigi gyzykly. Umumanly. Göräýeli, belki işewürler üçin täze mümkinçilikler açylar.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 05.04.2026 21:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1940)
Oňat habar, göräýmeli bu sapardan soň harytlaryň bahasynda üýtgeşiklik bolarmyka? Hyzmatdaşlygyň güýçlenmegi gowy zat, ýöne adaty adamlara-da peýdasy degse gowy bolardy.
0 ses
Awtor: (Talyp) | 07.04.2026 11:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2082)
Gowy habar eken, bu sapar iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklara oňyn täsir eder diýip umyt edýärin. Görüp otursak, bu onuň ilkinji gezek gelşi eken, göräli nähili netije berer.
+1 ses
Awtor: (Talyp) | 13.04.2026 16:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2615)
Gowy habar eken, bu forum ykdysadyýetimize oňyn täsir eder diýip umyt edýärin. Görüp otursak, Mişustiniň ilkinji sapary eken, göräli, nähili netije berer.

Bu Entryni Paýlaş !

  1. nazaroff (451 oçko)
  2. semiz-we-aynekli (294 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...