Türkmenistanda harby mekdeplere okuwa kabul edişlik başlady

0 ses
423
user-avatar-image Awtor: (Magistr) | Kategoriýa: Habarlar | 19.01.2023 23:40 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#384)
Türkmenistanyň orta mekdepleriniň 8-nji synpyny şu ýyl tamamlajak okuwçy oglanlary üçin ýurduň Goranmak Ministrliginiň ýöriteleşdirilen mekdeplerine 2023-2024-nji okuw ýyly üçin kabul edişlik başlady. Bu barada türkmen metbugaty habar berdi.
Bu mekdeplerde okuwyň möhleti 4 ýyl bolar. Olarda harby taýýarlygyň esaslaryny çuňňur öwrenmek boýunça, beden we ruhy terbiýäni kämilleşdirmek boýunça işler alnyp barylýar.
Harby mekdepleriň dalaşgärleri aşakdaky resminamalaryň sanawy bilen ýerli harby wekillige arza tabşyrmalydyrlar:
Dalaşgäriň ene-atasynyň onuň harby mekdebiň okuwçysy bolmagyna razydygy baradaky ýazmaça tassyklamasy (eger-de ene-atasy Türkmenistanyň çäginde ýaşamaýan bolsa, degişli resminamany Döwlet migrasiýa gullugy berýär);
Ene-atasynyň pasporty;
Anketa we terjimehal;
Dogluş hakynda şahadatnama;
Orta mekdepde ýetişigi baradaky kepilnama (1, 2 we 3 çärýekleriň bahalary);
3х4 ölçegde 6 surat, 4х6 ölçegde 4 surat, 9х12 ölçegde 2 surat;
Orta mekdep tarapyndan berlen häsiýetnama;
Mekdebiň direktory tarapyndan tassyklanan şahsy iş;
Saglyk kartasy, ýaşaýan ýerinden saglyk ýagdaýy barada kepilnama;
Sanjymlar baradaky öňüni alyş kartasy;
Ýaşaýan ýeri barada kepilnama we maşgala ýagdaýy barada maglumat;
Ene-atasynyň biriniň ölendigi barada kepilnama (eger-de bar bolsa);
Geçmek üçin esasy şert – mekdep maksatnamasynyň 8-nji synpa çenli ähli dersleri boýunça test-synag we türkmen dilinden diktant. Synag-testi üstünlikli tabşyran dalaşgärler umumy ýaşaýyş jaýynda ýer, dört wagtyna iýmit we dynç almak üçin gerekli serişdeler bilen üpjün ediler.

4 Teswir

+2 ses
Awtor: (Talyp) | 22.03.2026 09:45 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#662)
Gyzgyn, bu habaryňyz üçin köp sag boluň, doganym hem şu ýyl synanyşyp görmegi meýilleşdirýär. Görüp otursam resminamalaryň sanawy ep-esli köp eken, wagtynda ýetişdirip bolar diýip umyt edýärin.
+1 ses
Awtor: (Talyp) | 28.03.2026 02:15 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1108)
Gyzgyn, sag bol maglumatyň üçin! Doganym hem şu ýyl synanyşjak bolup ýör, synaglar kyn düşermikä diýip biraz alada edýäris.
0 ses
Awtor: (Talyp) | 28.03.2026 09:30 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1137)
Meniň jigimem şu ýyl synanyşjak bolýar, göräýeli indi geçip bilermikä. Harby mekdepde okamak geljek üçin gowy mümkinçilik öýtýän.
0 ses
Awtor: (Talyp) | 15.04.2026 02:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2662)
Oglum şu ýyl 8-nji synpy gutarýar, synaglar nähili derejede kynka dersler boýunça? Harby mekdepde okamak geljek üçin gowy mümkinçilik öýdýärin.

Bu Entryni Paýlaş !

  1. nazaroff (451 oçko)
  2. semiz-we-aynekli (294 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...