Mary welaýat kitaphanasynda 3 milliondan gowrak kitap saklanylýar

+5 ses
422
user-avatar-image Awtor: (Magistr) | Kategoriýa: Habarlar | 19.01.2023 23:40 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#387)
Mary welaýat kitaphanasy geçen asyryň başynda, has takygy 1912-nji ýylda esaslandyrylan Merw etrap kitaphanasynyň esasynda döredilip başlandy.    Täze döwrebap binanyň gurluşygy 2010-njy ýylyň fewral aýynda başlandy we 2011-nji ýylyň oktýabr aýynda resmi taýdan açyldy.    42 metr beýiklikdäki kitaphananyň binasynda kitap saklanýan ýer, kitap ussahanasy, okamak we internet otaglary, konferensiýa otaglarydyr ýörite bölümleriň ofisleri bar.    Kitaphananyň kitap gaznasy 3 milliondan gowrak bolup, her ýyl olaryň üsti ýetirilip durulýar.    Okyjylar berilmezinden ozal, kitaphanadan alnan islendik neşir belli bir tehnologiki işleýiş prosesinden geçýär, bu baradaky maglumatlar ýörite žurnallara girizilýär. Her bir kitap, broşýura ýa-da elektron disk üçin ýörite bibliografik düşündiriş düzülýär, her bir resminama aýratyn belgi berilýär, onuň üsti bilen bolsa hemişe neşir barada maglumat alyp bolýar.    Kitaphananyň esasy aýratynlyklaryndan biri-de çigildem ýapraklary görnüşinde ýasalan gümmeziniň aşagynda güýçli teleskopyň bolmagydyr.    Mundan ozal Mary welaýat kitaphanasynyň gymmatly gaznasynda seýrek kitaplaryň 700-siniň saklanýandygyny habar beripdik.

5 Teswir

+3 ses
Awtor: (Talyp) | 20.03.2026 10:45 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#475)
Hakykatdanam örän owadan we döwrebap bina. Şol teleskopy görüp bolýarmyka, hiç wagt synanşyp gördüňizmi?
+2 ses
Awtor: (Talyp) | 21.03.2026 11:15 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#572)
Hakykatdanam örän owadan we häzirki zaman binasy bar. Men şol teleskopyň üsti bilen ýyldyzlara seredip görmek üçin haçan baryp bilerin, giriş rugsatnama bilenmi ýa-da islendik adam girip bilýärmi?
+2 ses
Awtor: (Talyp) | 25.03.2026 00:30 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#865)
Hakykatdanam örän owadan we döwrebap bina. Men heniz teleskopy görüp bilmedim, ýakyn wagtda baryp görmelidirin öýdýärin.
0 ses
Awtor: (Talyp) | 01.04.2026 23:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1566)
Hakykatdan hem Marynyň kitaphanasy juda owadan binalaryň biri, içini görüp örän täsin galdym. Şol teleskop bilen asmanda nämeleri synlap bolýarkas, gyzykly eken.
0 ses
Awtor: (Talyp) | 02.04.2026 04:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1587)
Hakykatdanam örän owadan we döwrebap bina. Men şol teleskopdan asmanda nämeleri görüp bolýandygyny örän gyzyklanýaryn, şol ýere baryp görmek nesip etsin.

Bu Entryni Paýlaş !

  1. nazaroff (451 oçko)
  2. semiz-we-aynekli (294 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...