«Arsenal» aratapawudy 8 utuga çykardy

0 ses
381
user-avatar-image Awtor: (Magistr) | Kategoriýa: Habarlar | 19.01.2023 23:40 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#389)
Angliýanyň premýer-ligasynda turnir tablisasynyň başyny çekýän «Arsenal» ýaryşyň 20-nji tapgyrynda myhmançylykda «Tottenhemi» 0:2 hasabynda ýeňlişe sezewar edip, ikinji ýerdäki «Mançester Siti» bilen aradaky utuk tapawudyny artdyrdy. London derbisinde «topçulara» ýeňiş getiren gollaryň birinjisini 14-nji minutda «Tottenhemiň» derwezeçisi Lýoris öz derwezesine ýollan bolsa, ikinji gol 36-njy minutda Edegor tarapyndan geçirildi. Şeýlelikde, «Arsenal» bassyr ýeňlişsiz oýunlarynyň sanyny 12-ä ýetirip, birinji orna has-da ykjam ornaşdy. Häzirki wagtda birinji ýerdäki «Arsenalda» 47, ikinji ýerdäki «Mançester Sitide» 39, üçünji ýeri paýlaşyp duran «Nýukasl» we «Mançester Ýunaýted» toparlarynda bolsa 38 utukdan bar.    Ozal habar berşimiz ýaly, şenbe güni 20-nji tapgyrdan orun alan oýunda «Mançester Ýunaýted» «Mançester Sitini» 2:1 hasabynda ýeňlişe sezewar edipdi. Mundan başga-da tapgyryň üns çekiji netijeleriniň hatarynda «Liwerpulyň» myhmançylykda «Braýtondan» 3:0 hasabynda ýeňilmegini, «Nýukaslyň» «Fulhemi» öz öýünde 1:0 hasabynda utmagyny hem-de uzaga çeken şowsuzlykdan soňra ahyrsoňy «Çelsiniň» «Krystal Pelasy» 1:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etmegini görkezmek bolar.

5 Teswir

+1 ses
Awtor: (Talyp) | 21.03.2026 10:45 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#570)
Gyzgyn, Arsenal bu möwsüm örän gowy oýnaýar, çempion bolmagy ähtimal. Sizçe bu ýyl topçular çempionlygy elde saklap bilermikä?
0 ses
Awtor: (Talyp) | 30.03.2026 23:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1378)
Gyzgyn, Arsenal bu möwsüm çyndan hem çempionlyga dalaşgärdigini subut edýär. Sizçe olar şu depginini möwsümiň ahyryna çenli saklap bilermikä?
+1 ses
Awtor: (Talyp) | 02.04.2026 08:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1602)
Arsenal bu möwsüm hakykatdanam örän güýçli oýnaýar, çempionlygy elden giderjek däl ýaly. Göräýeliň, Mançester Siti yzarlap bilermikä?
0 ses
Awtor: (Talyp) | 04.04.2026 07:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1789)
Arsenal bu möwsüm hakykatdanam örän güýçli oýnaýar, çempionlyga ýakynlaşýan ýaly.aly. Görüp otursak, bu ýyl çempionlyk ugrundaky bäsleşik has hem gyzykly boljak eken.
0 ses
Awtor: (Talyp) | 15.04.2026 08:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2680)
Gyzgyn, Arsenal bu möwsüm hakykatan hem örän gowy oýnaýar, çempionlyga ýakynlaşýan ýaly. Sizce olar bu depgini ýylyň ahyryna çenli saklap bilermikä?

Bu Entryni Paýlaş !

  1. nazaroff (451 oçko)
  2. semiz-we-aynekli (294 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...