TDH habaryna görä ýakynda awtobuslaryň gatnaw tölegleri üçin täze elektron kartlar girizilýär. 25-nji awgustda Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň mejlisinde Wise-premýer Baýram Annameredow jemgyýetçilik transportynda elektron tölegleri sistemasynyň girizilmegi barada hasabat berdi. Häzirki pursatda awtobuslarda gatnawyň elektron töleg sistemasy oturdylýar. Gatnaw üçin tölegleri elektron biletler ýa-da kontaktsyz smart-kartlar arkaly tölemek mümkin bolar. Kartlaryň hasabyny ýöriteleşdirilen satyş nokatlarynda doldurmak mümkin bolar.
Gatnaw üçin nagt pulda hasaplaşmak mümkin bolarmy ýa ýok, neşir muny aýdyňlaşdyrmaýar. Döwlet baştutany bu hyzmatyň hasaplaryň we ýolagçy gatnawynyň maksimal hasabyny ýöretmekde aýdyňlygy üpjün etjekdigini aýtdy.