Türkmenistanda Gurbanlyk 2-3-4-nji sentýabr günleri bellenip geçiriler. Gurbanlyk mynasybetli 2-5-nji sentýabr aralygynda dynç gün yglan edilipdir.
Ýetip gelýän gurbanlyga taýynmysyňyz? Gurbanlyk barada bilinmeli maglumatlary siziň bilen paýlaşmak isleýärin.
Haj süresinde Beýik Alla şeýle buýurýar: "Gurbanlaryňyzyň etleri ýa-da ganlary Allaha ýetip gowuşmaz; ýöne siziň takwaňyz Allaha ýetip gowuşar."(22/37) Bu sürä seredilende, gurban kesmegiň esasy maksady Allanyň buýruklaryny ýerine ýetirmek we şeýdibem takwaly bolandygymyzy görkezmekdir. Hezreti Ybrahim pygamberiň ogly Ysmaýyl pygamberi gurban etmäne karar berşi ýaly bizim Alla üçin öz janymyzam gurban edip biljegimizi görkezmekdir. Ýagny, Alla islese iň gymmat baýlygymyzy hem Allanyň ýoluna pida etmäne taýyndygymyzy görkezmekdir.
1) Gurban kesmek kimlere wajyp?
JOGAP: Musulman bolup, azatlygy elinde bolan, akyl-saglygy saz bolan we ýetginjek ýaşda bolan, ýolçy bolmadyk baýlara wajypdyr.
2) Borçlanyp Gurban kesmek jaýyz mi?
JOGAP: Borça girip, soň borjuny ödemeklikde kynçylyk çekjekler üçin jaýyz däldir. Ýöne borjy bölek bölek ödemek mümkin bolsa (kredit kartlardaky ýaly) onda jaýyz bolar.
3) Ýolçy Gurban kesmeli mi?
JOGAP: Şeri ölçeglerde ýolçy hasaplanylýan bir adama gurban kesmek wajyp däldir. Ýöne gurban kesse, sogaby özünedir.
4) Gurban haçan kesiler?
JOGAP: Wajyp bolan, Gurban baýramynyň birinji, ikinji ýa-da üçünji güni kesmekdir. Ýagny, Zilhijje aýynyň onunjy, on birinji ýa-da on ikinji günleri gurban kesmek wajypdyr. Gurban baýramynyň birinji güni kesmek bolsa has hem sogaplydyr.
5) Bir Gurbana näçe adam goşulyp bilýär?
JOGAP: Sygyr we Öküzlerde (Uly Baş Haýwanlarda) birden ýedi adama çenli goşulşyp bolýar. Käte, "Bu mal arrygrak, eti az bolar 3-5 adamdan köp goşulşyp bolmaz" diýilýär, ýöne munuň asly ýokdur. Arryk ýa-da eti az bolsa-da sygyr we öküzlere 7 adam goşulşyp biler. Goýun we geçi ýaly kiçi baş janlylar bolsa diňeje bir adam adyna gurban edilip bolar.
6) Haýsy haýwanlar gurban edilip biler?
JOGAP: Gurban diňeje geçi, goýun, sygyr, öküz, düýe we manda bolup biler. Mundan daşarky haýwanlardan gurban bolmaz. Sebäbi gurbanlyk bir ybadatdyr we ybadatlary Hezreti Muhammet Pygamberimiz nähili öwreden bolsa şeýle etmelidir.
7) Gurbanlyk haýwanyň ýaşy näçe bolmaly?
JOGAP: Goýun we keçi ýaly janlylaryň bir ýaşyny dolduran bolmaly ýa-da doldurmadyk bolsa bir ýaşyny dolduran janlylar ýaly semiz we daýaw bolmalydyr. Sygyr, Öküz we Manda ýaly janlylaryň iki ýaşyny, Düýeleriň bolsa bäş ýaşyny dolduran bolmalydyr.
8) Saglygy nähili bolmaly we haýsy ýagdaýlardaky haýwanlary gurban edilip bolmaz?
JOGAP: Janlynyň saglygynda hiç hili bir näsazlyk we aýyp bolmaly däl. Şu sypatdaky haýwanlardan gurban bolmaz:
-Iki ýa-da bir gözü kör bolan,
-Gulaklary ýa-da bir gulagy kesik bolan,
-Ýöräp bilmejek derejede agsak bolan,
-Şahlary ýa-da bir şahy kökünden döwük bolan,
-Dişleriniň köpsi döwük bolan,
-Guýrugynyň ýarysyndan köpsi kesik bolan,
-Süňklerinde ýülük galmadyk derejede ejiz bolan,
-Haýalarynyň ýa-da emjekleriniň uçlary gopuk bolan,
-Doglandan gulaksyz ýa-da guýruksyz bolan,
-Sürä goşulmajak derejede däli bolan,
-Hapalyk pislik iýýän haýwanlar gurbanlyk bolmaz.
9) Haýsy aýyplar bir haýwanyň gurbanlyk edilmegine päsgel däl?
JOGAP: Aşakdaky aýyplardaky haýwanlar gurban edilip bilner:
-Şäşi (kasoý) we kesiljegi ýere çenli ýöräp bilýän agsak haýwanlar,
-Sürä goşulmagyna päsgel bolmajak derejede däli bolan haýwanlar,
-Haýwanyň jynsyndan ötrin şahly ýa-da şahsyz bolmagy,
-Gulak uçlarynyň deşik ýa-da kesik bolmagy,
-Agzynda bir näçe dişi bolmadyk haýwanlar,
-Haýwanyň gysyr (nesli dowamatynyň bolmajak) bolmagy.
10) Gurbanlygy nädip kesmeli?
JOGAP: Gurbany Musulman we täretli biri kesmelidir. Ilki bilen, janlyny aýaklaryny baglap ýatyrmaly. Gurbanlyk janlyny kim/kimler üçin kesilýan bolsa atlary agzalyp "Ýa Rabbim. Biz/Men seniň üçin, Hezreti Muhammet Pygamberimiziň bize öwredişi ýaly şu janlyny gurban edýärin. Bu ybadatymy kabul eýle." diýip niýet doga okamaly. Haýwanyň gorkmamazlygy üçin gulagyny "Allahu Ekber Allahu Ekber, Lâ ilâhe illallahu vallahu ekber Allahu Ekber ve lillahilhamd" dogasyny gaýta gaýta okamaly; başyny we syrtyny sypalap köşeşdirmeli. Soň "Bismillahi Allahu Ekber" diýip şah damary kesilip doly gany boşalýança garaşmaly.
11) Haýsy ýagdaýlar gurbanlyk janly üçin horlama hasaplanylýar?
JOGAP: Yslam gözellik we mylaýymlyk dinidir. Şonuň üçin her bir janla gözellik we mylaýymlyk bilen bakmaly we amal etmelidir. Şu ýagdaýlar gurbanlyk janly üçin hormala hasaplanylýar:
-Kesmeýän ýa-da ýarym kesýän pyçak bilen kesmäge synanşmak,
-Janly ýere ýatyrylandan soň pyçak bilemek,
-Kesiljek ýere janlyny aýagyndan çekip süýräp äkitmek,
-Ilk kesende wagty haýwanyň boýun omuriligini goparmak,
-Janlynyň kellesini doly kesip almak,
-Janly ölmänkä derisini üzmek.
Bular horlama hasaplanylýar we bulary etmek mekruh we gadagandyr.
12) Gurbanlyk janlynyň garnyndan balasy çyksa näme etmeli?
JOGAP: Bala diri bolsa ýokardaky şertler yzarlanyp gurban edilip kesiler. Bala öli bolsa, eti iýilmez.
13) Özi gurban kesip bilmejekler näme etmeli?
JOGAP: Özi kesip görmedik ýa-da kesip bilmeýän bolsa wekil tutup, kesilen wagty ýanynda durup biler.
14) Gurbany pul edip bersek bolarmy?
JOGAP: Bolmaz.
15) Gurbany janly edip bersek bolarmy?
JOGAP: Janly kesilmedikçe gurban bolmaz.
16) Gurban eti nädip paýlanmaly?
JOGAP: Gurbany kesen baý bolsa, gurbanyň etini üç deň bölege aýyryp, birini garyp-pukaralara, birini dogan-garyndaşlara, we iň soňkyny bolsa gurbany kesen adamyň özi we maşgalasyna paýlamaly. Gurbany kesen orta hally we maşgalasy köpçülik bolsa, gurbanyň etini paýlaman biler.
17) Gurban etinden kapyrlara iýdirmek jaizmi?
JOGAP: Gurban etinden kapyrlara iýdirmek mekruh we gadagandyr. Gurban etinden diňeje musulmanlara iýdirmeli. Ýöne et iýilip oturylan wagty kapyr biri çykyp gelen ýagdaýynda mekruhlyk aýrylar we ol kapyra etden iýdirmek jaýyz bolar.
18) Gurban dersini näme etmeli?
JOGAP: Gurbanyň derisini gassaba pul ýerine tölemek ýa-da satmak bolmaz. Satylan ýagdaýda puluny sadaka edip garyp-pukaralara bermelidir. Derini garşylyksyz islendik birine berip bolar.
19) Gurbanyň haýsy organlary iýilmez?
JOGAP:
-Etden aýyrylyp giden gan,
-Erkeklik we Gyzlyk organlary,
-Erkeklerde ýumurtgalar,
-Et içindäki toparlak bezler,
-Siýdik haltasy,
-Öd haltasy.
20) Ölüp bu dünýäden ötüp gidenleriň atlaryna bagyşlap gurbanlyk kesilip bolarmy?
JOGAP: Hawa. Ölüp giden ýakyn dogan-garyndaşlaryňyzyň atlaryna bagyşlap gurbanlyk kesip bilersiňiz.