Türkmenistanda Korrupsiýa we Ykdysady jenaýatlara garşy göreş

+2 ses
403
Awtor: (Magistr) | Kategoriýa: Habarlar | 05.10.2017 15:53 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#69)
Bilişimiz ýaly geçen maý aýynyň başynda prezident Berdimuhamedow korrupsiýa garşy göreş kampaniýasynyň başlanýandygyny yglan etdi, netijede bir topar ýokary derejeli emeldar we güýç gurluşlarynyň resmileri tussag edilipdi. Prokuraturanyň bir topar işgäriniň tussag edilmegi netijesinde baş prokuror Amanmyrat Hallyýew hem wezipesinden boşadyldypdy. Korrupsiýa garşy göreş üçin Ykdysady jenaýatlara garşy göreş boýunça-da döwlet gullugy döredilip we onuň başyna bolsa polkownik Mämmethan Çakyýew bellenilipdi.
Bu gün 5-nji oktýabrda Aşgabatda geçirilen giňişleýin hökümet maslahatynda Mämmethan Çakyýew korrupsiýada aýyplanan emeldarlaryň bir toparynyň tussag edilendigini habar berdi, hat-da bu barada Türkmenistanyň döwlet telewideniýesi hem habar geçdi.
Senagat ministrliginiň "Türkmen Demir Önümleri" kärhanasynyň başlygy Merdan Babaýew öz golasty işgärlerinden, hususan-da öz orunbasary Döwran Allakulyýewden para alandygy we 2012-2017 ýyllar arasynda döwlet kärhanasynyň önümlerini kommersiýa gurluşlary arkaly döwlet bahasynda has hem ýokarlandarylan bahadan satyp bikanun gazanç edendigi ýüze çykardy, Geçirilen derňewler netijesinde Babaýew we Allakulyýew jenaýat jogapkärçiligine çekildi. Olara degişli awtoulaglar maddy subutnama hökmünde konfiskasiýa edildi.
Dokma senagaty ministrliginiň hem birnäçe kärhanasynda barlag geçirildi. Hususan-da Ahal welaýat birleşiginiň başlygynyň orunbasary Allanazar Ýazberdiýewiň döwlete aýratyn uly möçberlerde zyýan ýetirendigi ýüze çykaryldy.
Daşogyz şäher häkimliginiň ýanyndaky "Daşoguzhyzmat" hojalyk hasaplaşygy kärhanasynyň başlygy Kerimbaý Matnazarow öz gulluk ýagdaýyndan peýdalanyp, dokma senagatynyň taýyn önümlerini ibermek boýunça şertnama baglaşypdyr we kezzaplyk hem-de hile-mekirlikler bilen döwlete aýratyn uly möçberlerde zyýan ýetiripdir.
Häzir döwlete ýetirilen zyýany yzyna gaýtarmak üçin iş alnyp barylýar. Demirýol transporty ministrliginde hem barlaglar geçirilýär. Demir ýoluň Aşgabat bölüminiň stansiýa ýolbaşçysy Täçmyrat Gurbanmämmedow stansiýanyň hasabyna gelip düşen hyzmat ýygymlarynyň girdejisini peseldipdir. Netijede, döwlete aýratyn uly möçberlerde zyýan ýetirilipdir. Gurbanmämmedow jenaýat jogapkärçiligine çekildi.
Medeniýet ministrliginde hem barlag geçirildi. Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň medeniýet bölüminiň başlygy Şadurdy Momaýew, bölümiň işgärleri Şamuhammet Nurmuhammedow we Goçmyrat Rejebow hasabatlardaky maglumatlary galplaşdyrmak arkaly döwlete aýratyn uly möçberlerde zyýan ýetiripdirler. Olaryň garşysyna jenaýat işleri gozgaldy. Derňew dowam edýär.

11 Teswir

+1 ses
Awtor: (Talyp) | 21.03.2026 21:15 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#612)
Bu işler gowy zat welin, tutulan emeldarlaryň ýerine geljek adamlar hem şol ýollary saýlamasa ýagşy bolardy. Gören günümiz şol bir zat bolmasyn diýýän-dä.
0 ses
Awtor: (Talyp) | 25.03.2026 21:15 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#941)
Bu zatlary eşidip hemem telewideniýede görýäris, ýöne şeýle köpçülikleýin tutulmalardan soň korrupsiýa azalar öýdýärsiňizmi? Hakykatdanam halkyň ýaşaýşyna täsiri bolarmyka diýip gyzyklanýaryn.
+2 ses
Awtor: (Talyp) | 29.03.2026 06:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1217)
Bu zatlary eşidip hemmeler gorkýar, emma hakykata ýetmek üçin dogry ýol. Göräýeli, bu kampaniýa mundan beýläk nähili netije bererkä.
+1 ses
Awtor: (Talyp) | 03.04.2026 20:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1747)
Bu zatlary eşidip hemmeler gorkýar, emma köpüsi henizem üýtgeşiklik boljagyna ynanmaýar. Şeýle barlaglar hakykatdanam halka peýdaly bolar öýdýärsiňizmi?
+1 ses
Awtor: (Talyp) | 06.04.2026 08:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1985)
Bu zatlary eşidip hemem habarlarda görüp, dogrusy geň galmaýaryn, sebäbi hemme ýerde şeýle ýagdaýlaryň bolýanyna öwrenişdik. Görüp otursak, emeldarlaryň köpüsi öz ýeňşi üçin işleýär eken, bulara çäre görlende dogry bolýar.
0 ses
Awtor: (Talyp) | 07.04.2026 05:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2059)
Bu zatlary eşidip hemem telewideniýede görüp geň galamok, sebäbi emeldarlaryň köpüsi öz ýeňlerini gamyşlamagyň ugruny tapýarlar. Göräýmeli, bu gezekkiler hakydasyny çözer ýaly derejede bolarmyka ýa-da ýene şol bir keýpi-sapalar dowam eder?
0 ses
Awtor: (Talyp) | 07.04.2026 13:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2091)
Bu zatlar entek näçeň dogry işler, ýöne şeýle köpçülikleýin tutulmalardan soň ýagdaý düzelermikä? Umumanmyka diýýän. Göräýeli, bu kampaniýa näçeräk dowam ederka?
0 ses
Awtor: (Talyp) | 09.04.2026 03:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2210)
nazaroff bu korrupsiýa garşy göreşiň netijesi bolarmyka diýip kän pikir edýärin, hemmesini tutup başlasalar gowy boljak. Sen bu zatlara ynanýarsyňmy?
+1 ses
Awtor: (Talyp) | 11.04.2026 10:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2409)
Nazaroff, gaty dogry belläpsiň, emma bu işleriň kökini tutýança kän wagt gerek bolar öýdýärin. Göräýeli, bu barlaglar hakykatdan hem ýagdaýy düzedermikä ýa-da ýönekeý gözboýagçylyk bolarmy?
0 ses
Awtor: (Talyp) | 13.04.2026 02:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2566)
Bu zatlary eşidip hemmeler gorkýar, emma açyk aýtmak gerek, halkyň gözüniň öňünde bolýan zatlar gowy zat däl. Göräýeli, bu kampaniýa diňe birnäçe adam bilen çäklenermi ýa-da hakykatdanam kökünden düýbüni guratmagy başaralarmy?

Bu Entryni Paýlaş !

  1. nazaroff (512 oçko)
  2. semiz-we-aynekli (316 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...