6-njy oktýabr 1948-da Aşgabatda Türkmenistan taryhynda iň äpet ýer yranmasy/titremesi bolupdy. 15-20 sekunda dowam eden we Riçter ölçegine görä 10.0 ululygyndaky şol ýer yranmasynda 198 müň ilatly Aşgabat şäherinde 176 müň adam ýogalypdy we Aşgabat şäherini tötänleýin ýaşap bolmajak derejä getiripdi.
Türkmenistan Garaşsyzlygyny alandan soň bu äpet we pajygaly wakada wepat bolanlar her ýylyň 6-njy oktýabrynda Ýatlama-Hatyra-Matam güni yglan edilip ýatlanyp gelinýär. Bu ýyl hem Anna güni, 6-njy oktýabrda Aşgabat şäherine 15 km ýakynlykdaky Gypjak obasynda Ýatlama güni bellenilip geçildi. Bu ýatlama 1948 ýer titremesinde garry atasyny Berdimuhammed Annaýewi ýitiren prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we müňlerçe Türkmen raýaty gatnaşdy. Prezidentimiz Gypjak obasyndaky Orta Aziýanyň iň uly metjidi Ruhy Metjidindäki Saparmyrat Türkmenbaşynyň maşgala mazarlygyna güller goýdy. 1948-nji ýylyň ýer yranmasynda ýogalanlaryň we Gökdepe söweşinde wepat bolan söweşijileriň doga töwürler bilen ýatlanyldy.