Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün Soçide Rossiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşyk geçirdi. Şol duşuşykda prezidentimiz Putiniň geçen doglan gününi şeýle sözler bilen gutlap Alabaý iti sowgat berdi:
“Men ýakymly bir missiýadan başlamak isleýärin. Golaýda siziň doglan günüňiz boldy. Şu sebäpden men sizi çyn ýürekden gutlaýaryn, elbetde, size berk jan saglygyny, üstünlik we iň gowy rowaçlyklary arzuw edýärin. Biziň umumy bir dostumyz bar – ol dünýäde ýeke-täk alabaý iti. Onsoň şu gün men öz ýanym bilen kiçijik alabaý getirdim” diýdi. Prezidentimiz güjügiň adyny bolsa "Wepaly" diýip aýtdy.