10-njy noýabrda Türkmenistanyň prezidentiniň karary bilen Ahmet Annamuhammedow işde goýberen düýpli kemçilikleri we ýolbaşçy wezipesi bilen bir ýere sygyşmaýan etmişi edendigi üçin zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministriniň orunbasary, Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň müdiriýetiniň başlygynyň orunbasary we Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň dolandyryjysy wezipeleriň hemmesinden boşadyldy.
13-nji noýabrda prezidentiň degişli karary bilen polkownik Meýlis Nobatow, başga işe geçýändigi sebäpli, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy wezipesinden boşadyldy. Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň orunbasary bolup işlän maýor Mergen Gurdow başlyklyga bellenildi.
Döwlet baştutany 13-nji noýabrda Lebap welaýatynyň Galkynyş etrabynyň häkimi Bäşimguly Kadyrowy, Lebap welaýatynyň Serdarabat etrabynyň häkimi Intizar Işangulyýewi, Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynyň häkimi Myrat Çaryýewi işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin wezipelerinden boşatmak baradaky kararlara gol çekdi.