Türkmenistanyň demografiki, ykdysady, sosiýografiki, saglyk statistiki maglumatlary elýeterli däl

0 ses
161
Awtor: (Talyp) | Kategoriýa: Saglyk | 17.11.2017 07:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#87)
Häzirlikçe Türkmenistanyň demografiki, ykdysady, sosiýografiki, saglyk, ylym-bilimi akademiki, we beýleki pudaklara degişli ýönekey statistiki maglumatlar we sanlar döwletimiziň resmi saýtlarda elýeterli däl. Sebäbi bularyň statistikasy tutulmadyk. Munuň beýle bolmagy kämilleşip bilmedigimizden ýa-da döwrebaplaşyp bilmedigimizden esaslanýar. Bu gaty utanç, gyndyryjy hat-da aladalandyryjy bir ýagdaý. Sebäbi üçünji dünýä döwletleriň hatarynda durýan Zimbabweniň hem statistiki maglymat hazynasy bar.
Sanlar ýönekeý statistika maglumatyndan başlap (ilat sany), ilatyň saglygyna degişli statistiki sanlary öz içine alýar (meselem çaga, ene ölümi, AIW (WIÇ) ýokançly näsaglar, rak keselliler).  Ata-babalarymyzyň "aýbyny ýaşyran aýňalmaz" diýen pähimi bar. Şu pähime eýerip başlamagymyz zerur. Şu döwürde sanlaryň aýan edilmezligi ýurduň ösüşini bökdäp, jemgyýetdäki ösüş baradaky düşünjeleriň kütelmegine getirýär. Biziň statistika maglumatlaryna, sanlara goýýan hormatymyz, medeniýetimiz örän pes. Hatda daşary ýurtda okap ýören türkmenistanly ýaşlaryň hem aglaba böleginiň "statistika näme gerek?" diýip, sosial ulgamlarda teswir galdyrýanlary az däl. Bilimli, okuwly ýaşlar we spesialister jemgyýetimiz baradaky gürrüňdeşliklerde sanlardan ugur almaýarlar.  Islendik meseläniň netijeli çözülmegi üçin statistiki maglumatlar zerur bolup durýar. Sanap, ölçäp bilmeýän zadyňy nädip düzedip bolar? Bilermenler, lukmanlar saglyga degişli statistikany keselleriň haýsy toparda ýaýraýandygyny öwrenmek üçin seljerýärler. Anyk sanlar töwekgellik toparlary, faktorlary kesgitlemek, öwrenmek, keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak we olary üns merkezinde saklamak üçin ulanylýar.

«Halkara guramalaryň sanlary»
Az hem bolsa birnäçe saglyk pudagyna degişli sanlary WHO (BSSG) Türkmenistan sahypasynda we UNDP: Human Development Report sahypalarynda tapyp bolýar. Meselem, ene we çaga ölümine degişli statistika: her 100 000 eneden dogrumda 42 ene ýogalýar, bäş ýaşdan kiçi her 1000 çagadan 52 ýogalýar, 15-60 ýaş aralygyndaky her 1000 zenandan/153, erkekden/297 ýogalýar(UNPD, 2016). Gynansakda, sebitimizde ene we çaga ölümi sanlara görä ýokary bolmagyna galýar.
UNAIDS guramasynyň bolsa Türkmenistana degişli sahypasy boş ýatyr. Bu gaty gynandyryjy ýagdaý. Dünýädäki döwletleriň aglaba böleginiň AIW (WIÇ) infeksiýaly näsaglar barada maglumat berip, näsaglara ömrüni uzaldýan bejerişi elýeterli etmekde tagalla edýän wagtlary biz ýurdumyzda näçe sany näsagyň bardygyny hem bilmeýäris. Şeýle ýagdaý näçe adamyň ölümine sebäp bolýandyr? Bu mesele barada WHO-nyň bir sahypalyk, könelişen belligini okap bolýar.
Diabet we rak keselleri sebäpli ýogalýan näsaglaryň sanlary barada hasabat berilýär. Ýokanç däl keselleriň arasynda diabet keselinden näsaglaryň 2%, rak keselinden 9% ýogalýar. Ýogalýanlaryň 52%-i ýürek-damar kesellerinden ýogalýarlar. (WHO, NCD profiles, 2014).
Ýol heläkçiliginden ýogalanlaryň sany 821 (WHO, 2013) bolup, olaryň 67% erkek adamlar, 21% bolsa aýallar bolup durýar. Hawa, şu sanlara ýetmek üçin ulanylan metodologiýa okyjylarda, ilatda şübhe döredip biler. Ýöne nämede bolsa şu sanlar häkimiýetleriň gatnaşmagynda jemplenip, halkara guramanyň sahypasynda elýeterli edilen.

«Ýurdumyzyň delje sanlary»
Gynansakda, Türkmenistanyň statistika baradaky döwlet komitetiniň saýty geçen asyrda döredilip taşlanana meňzeýär. Meselem, ýonekeý san – Türkmenistanyň ilat sany görkezilenok. 2012-nji ýylyň aýagynda Türkmenistanda ilat we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy geçirildi. Emma bu ýazuwyň netijeleri henizem näbelliligine galýar.
Saýt diňe rus we türkmen dillerinde maglumat çap edýär. Saýtda sanlaryň deregine uzyn-uzyn tekstler goýlan we maglumatlar kynlyk bilen tapylýar. Hatda, söwda we senagat sahypalarynda iňlis dilinde maglumat berlenok.
Işler döwrüň talaplaryna görä gurnalsa, sanlar ýagdaýlary gowulaşdyrmak üçin ulanylardy. Iň bärkisi halkara guramalaryň berýän maglumatlary, sanlary tassyklanylsa ýa-da inkär edilse spesialistler bilen döwrebap dialog, iş gurnap bolardy.
Edaranyň saýtynda hiç bir san görkezmezden diňe statistiki işleriň sanawy berilýär. Saglygy goraýyş statistikasynyň sanawynda şu kategoriýalaryň bellenilmegi ilatyň saglygyna degişli sanlaryň bardygyna çaklama döredýär: howpy täze döremeli näsaglar statistikasy, jyns gatnaşygy arkaly geçýän keseli, deri keselli näsaglaryň düzümi, ganyň adamyň immunoýetmezçiliginiň wirusyna (WIÇ) geçirilen barlaglarynyň netijeleri.
Meselem: Biziň bilen deň Garaşsyz bolan öňki SSSR döwletlerindan goňşularymyz Gazagystanyň we Gyrgyzystanyň resmi statistiki saýtalaryna serediň, geziň görüň. Gaty peýdaly we netijeli statistiki maglumatlar berilen. We bu maglumatlar güni äşe täzelenip durýar.
Ýönekeý sanlaryň elýeter bolmazlygy biziň halkara arenasyndaky imejimizi, abraýymyzy peseldýär. Iň esasy zat bolsa, biz jemgyýet bolup meseleler barada çynlakaý gürrüň açyp bilemizok. Şeýle ýagdaý näçe adamyň ömür tanapyny gysgaldýar? Sanlaryň elýeterli bolmazlygy, statistika barada medeniýetiň we düşünjeleriň pes bolmagy daşary ýurtda bilim alýan studentleriň ählisini diýen ýaly başga ýurtlaryň meselelerini, jemgyýetini öwremäge iterýär. Gazak, özbek, gyrgyz ýaşlarynyň aglaba bölegi öz jemgyýetiniň meselelerini öwrenýärler. Bize-de şeýle bagt nesip etse minnetdar bolardyk!

ÇEŞME: Maral Nazarowa (Saglyk Info)

Bu Entryni Paýlaş !

  1. Alexsandra (2 oçko)
  2. Aysa (1 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...