Türkmenistan we Eýran halkara arbitraž sudunda sudlaşar

+1 ses
157
Awtor: (Magistr) | Kategoriýa: Habarlar | 06.12.2017 05:57 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#90)
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 4-nji dekabrda wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi we onuň dowamynda täze bellenilen ministr – Türkmengaz döwlet konserniniň başlygy Myrat Arçaçew hasabat bilen çykyş etdi.
Arçaýew Eýranyň Milli gaz kompaniýasynyň (EMGK) ozal ugradylan gazyň tölegi boýunça ägirt uly bergileriniň bardygyny gürrüň berdi.
Ministriň sözlerine görä, bu meseläniň özara kabul ederlikli oňyn çözgüdini tapmak maksady bilen eýranly hyzmatdaşlar Halkara araçyl kazyýete ýüzlenmegi teklip edýär.
Prezident sud üçin dokumentleri taýýarlamagy tabşyrdy.
Ýadyňyza düşýän bolsa, Türkmengaz 1-nji ýanwardan, biraz öň gazanylan ylalaşyklara garamazdan, $1,8 milliard (başga hasaplamalara görä $2 milliard) möçberindäki bergisini tölemegini talap edip, Eýrana iberýän gazyny kesdi.
Eýran bergisiniň bardygyny boýun alýar, emma onuň möçberlerine gaýtadan seretmegi talap edýär. EMGK 2017-nji ýylyň dowamynda türkmen tarapyny halkara arbitraž suduna bermek barada ençeme gezek haýbat atdy.

ÇEŞME: Türkmenistanyň Hronikasy

4 Teswir

+1 ses
Awtor: (Talyp) | 22.03.2026 18:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#695)
Bu mesele köpden bäri dowam edýär, ahyrsoňy bir netijä gelerler öýdýärin. Goňşyçylyk gatna gaz satyp, şeýle kynçylyklaryň ýüze çykmagy gaty gynandyryjy.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 01.04.2026 10:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1517)
Bu ýagdaý entek köp wagta çekjge meňzeýär, göräliň indi haýsysy ýeňer. Goňşy döwletler bilen şeýle dawalaryň bolmagy gaty ökünçli.
+2 ses
Awtor: (Talyp) | 01.04.2026 11:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1521)
Bu mesele köpden bäri çözülmän gelýär, ahyry bir tarapa çykar öýdýärin. Görüp otursak, iki goňşy döwletiň arasynda pul meselesi uly gapma-garşylyga sebäp bolýar.
0 ses
Awtor: (Talyp) | 08.04.2026 04:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2122)
Bu mesele köpden bäri dowam edýär, ahyry bir çözgüt tapylar diýip umyt edýärin. Goňşyçylyk gatnaşyklarynda şeýle dawalaryň bolmagy gaty gowy däl.

Bu Entryni Paýlaş !

  1. nazaroff (440 oçko)
  2. semiz-we-aynekli (281 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...